Şu günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty tamamlanandan soňra, paýtagtymyzyň medeniýet merkezlerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda halal zähmet çekendigi hem-de Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösüşine uly şahsy goşandyny goşan türkmenistanlylara, şeýle hem garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşine, onuň halkara derejesindäki at-abraýynyň beýgelmegine önjeýli goşant goşan daşary ýurt raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabaralary bolup geçdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Mejlisiň Başlygy döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan önümçiligiň öňdebaryjylaryna halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýänlere, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärlerine “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny gowşurmak bilen, olary şanly sene—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy we ata Watanymyzyň sylaglarynyň gowşurylmagy bilen mähirli gutlap, bagt, abadançylyk, ýurdumyzyň we türkmen halkynyň rowaçlygy ugrunda täze zähmet we döredijilik üstünliklerini gazanmagy arzuw etdi.
Öz gezeginde, dabara gatnaşyjylar, şol sanda düýn Aşgabatda geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХII maslahatyna gatnaşyjylar milletiň Liderine öz işlerine, türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşy ugrundaky yhlasly zähmetine ýokary baha berlendigi üçin tüýs ýüreklde hoşallyk bildirdiler. Dabaraly çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti iň oňat arzuwlaryny aýdyp, döwlet Baştutanynyň başlangyjy boýunça halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň, jemgyýetde parahatçylygyň we durunklylygyň pugtalanmagyna, ata Watanymyzyň rowaçlygyna gönükdirilen progressiw we uly möçberli özgertmelere esaslanýan maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin öz güýçlerini, hyjuwyny we ukyplaryny gönükdirjekdiklerine ynandyrdylar. Şu gün Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilen täze taryhy çözügtleriň ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşine güýçli itergi berip, halkymyzyň ýaşaýşynyň gowulandyrylmagyna badalga berjekdigi aýratyn bellenildi.
Dabaranyň ahyrynda wise-premýerler we welaýatyň ýolbaşylary ýygnananlar ýetip gelýän şanly sene—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 yyllygy, şeýle hem döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlap, hemmelere berk jan saglyk, bagt, maşgala abadançylygyny we işde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdiler.