Ï Türkmenistanlylar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyny bellediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanlylar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyny bellediler

view-icon 978
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şanly sene mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün türkmen halky özüniň baş milli baýramyny – Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygyny belleýär.

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ählihalk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Olar ruhubelentlik, milletiň ruhy galkynyş ýagdaýynda geçýär. Şanly baýramçylyk mynasybetli Watanymyzyň paýtagty Aşgabatda, Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda, şäherlerinde we şäherçelerinde hem-de obalarynda häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryny, sport toplumlaryny we çagalar baglaryny, durmuş, medeni we senagat maksatly beýleki desgalary ulanmaga bermek dabaralary boldy. Meýdançalarda, seýilgählerde we medeni merkezlerde köp öwüşgünli aýdym-saz çäreleri geçirilip, biziň ildeşlerimiziň bedew bady bilen täze durmuşa tarap okgunly öňe barýan özygtyýarly Watanymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar.

Şanly sene – bu hemişe aýratyn ähmiýetli baýramçylykdyr. Munuň özi geçilen ýoluň jemleriniň gözden geçirilişidir.

Öz ykbalyny seçip alandan soň geçen 20 ýyl türkmenistanlylar, biziň ýurdumyz üçin nämäni aňladýar?

Ilkinji nobatda, şol ýyllar täze demokratik we hukuk döwletiniň berkarar bolmagynyň, milli ruhuň galkynmagynyň, halkyň döredijilik kuwwatynyň joşmagynyň döwri boldy.

Şu geçen 20 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ýylýazgysyna köp sanly şöhratly wakalar ýazyldy. Munuň özi Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň ösmegi, onuň bütin dünýäde abraýynyň artmagy, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagy, onuň daşary bazardaky ornunyň berkemegi bilen baglanyşyklydyr. Şu ýerde tanalmaz derejede özgeren Türkmenistanyň içindäki özgerişlikleri hem ýatlap geçmelidiris. Abadanlaşdyrylan şäherler we obalar täze keşbe eýe boldy, täze iri önümçilikler, durmuş we senagat desgalary ulanmaga berildi, tutuş pudaklar peýda boldy, döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirildi.

Ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň 20 ýylynyň dowamynda geçilen ýola nazar aýlasak, mähriban Diýarymyzda amala aşyrylan durmuş – ykdysady özgerişleriň, durmuşa geçirilen özgertmeleriň, ilkinji nobatda, ilaty durmuş taýdan goramak çäreleri bilen berkidilendigini aýratyn bellemelidiris.

1995-nji ýylda hemişelik Bitaraplyk derejesiniň tassyklanmagy bilen, halkara gatnaşyklarynyň özygtyýarly subýekti hökmünde Türkmenistanyň milli bähbitlerini üpjün etmek baradaky strategik wezipe çözüldi. Bitaraplyk derejesi ýurdumyzda syýasy we ykdysady özgertmeleri geçirmäge oňyn täsir etdi, döwletiň serişdeler we maýa goýum mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmäge, ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga ýardam etdi. Ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň – nebitgaz, dokma, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy şu hyzmatdaşlygyň esasy meseleleriniň biri bolup durýar. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzyň strategik ugry innowasion ösüşe, milletiň intellektual baýlygyny artdyrmaga, halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge we häzirki zaman meselelerini çözmekde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny güýçlendirmäge gönükdirildi.

Günsaýyn gülläp ösýän ak mermerli Aşgabady, Gökderedäki we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky ajaýyp şypahanalary, tarp ýerlerde peýda bolan täze şäherçeleri we etraplary hakyky gudrat diýip atlandyrmak bolar. Täze kuwwatly fabrikler we zawodlar, ýurdumyzyň ähli ýerinde gurlan awtomobil we demir ýollary, Garagumuň merkezindäki “Altyn asyr” Türkmen köli we beýleki köp sanly desgalar ägirt uly özgertmeleriň diňe bir bölegidir. Hususy telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy özüniň saldamly netijelerini berip başlady. Häzirki döwürde hususy telekeçilige ykdysady maksatnamalarda uly orun berilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen obasy gaýtadan dikeldildi, ýurdumyzyň obasenagat toplumy bäsleşige ukyply pudaklaryň hataryna goşuldy, ekerançylaryň we kärendeçileriň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän hususyýetçileriň sany artdy.

Amala aşyrylan çäreleriň netijesinde Türkmenistana köp ugurly senagaty ösdürmegiň esasyny döretmek, daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmak, içerki sarp edijiler bazarynyň importa garaşlylygyny peseltmegiň ykdysady esaslaryny döretmäge girişmek başartdy.

Türkmenistan bilim we ylym ulgamyny özgertmek işine girişmek bilen, bu ulgamy döwlet aladasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi, ýurdumyzyň ähli ýerinde täze mekdepler gurulýar, täze ýokary okuw mekdepleri we olarda ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň täze ugurlary peýda boldy. Türkmenistany ösen syýahatçylygy bolan ýurda öwürmek babatda hem uzakmöhletleýin maksatnama işlenip taýýarlandy. Hut şu maksatlar bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda halkara ähmietli deňiz şypahana zolagynyň döredilmegine badalga berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda nebitgaz toplumynyň desgalaryny gurmak, ýangyç serişdelerini halkara bazarlaryna ibermek, şol sanda Türkmenistan -Owganystan – Päkistan - Hindistan gaz geçirijisini gurmak boýunça ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilýär. Demirgazyk - Gunorta transmilli ulag geçelgesiniň gurluşygy alnyp barylýar. Welaýatlary we Aşgabat şäherini, ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklaryny ösdürmegiň geljegi uly maksatnamalary işlenip düzüldi.

Şol maksatnamalaryň ählisi ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Durmuş ulgamyny – bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, döwlet durmuş üpjünçiligi ulgamlaryny ösdürmäge her ýylda býujet serişdeleriniň ortaça 70 göterimden gowragy goýberilýär.

Soňky iki ýylda pul – karz ulgamynda we salgyt – býujet babatda özgertmleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ýokary ykdysady görkezijileriň gazanylmagyna ýardam etdi. Halkara pul gaznasynyň bilermenleri soňky ýyllarda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginini tassykladylar. Olar Türkmenistanyň mundan beýläk hem ykdysady taýdan okgunly ösjekdigini çaklaýarlar.

Çaklamalar anyk işler we netijeler bilen tassyklanýar. Bu netijeler bolsa mundan 20 ýyl ozal seçilip alnan garaşsyz ösüş ýolunyň dogrudygyny subut edýär. Şoňa görä-de, şu şanly sene biziň üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Biz diňe bir özygtyýarly döwletiň döredilen gününi däl, eýsem, köp işlerden döreýän uly ýeňişlerimizi baýram edýäris. Halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, onuň zähmetsöýerligi netijesinde amala aşyrylan ägirt uly işler haýran galdyryjy üstünlikleriň gazanylmagyny üpjün etdi. Şonuň üçin hem biz şu Garaşsyzlyk gününi örän giň gerimde, uly we agzybir maşgala bolup belleýäris. Şu günler türkmenistanlylaryň toý şatlygyny şanly sene mynasybetli dürli ýurtlardan ýörite Aşgabada gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar hem paýlaşýarlar.

Ýurdumyzyň baş meýdançasy bu şanly güni baýramçylyk lybasynda garşylaýar. Bu meýdançanyň durky doly täzelenipdir we şol ýerde esasy baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyrylýar. Aşgabatlylaryň müňlerçesi, ýurdumyzyň ähli künjeklerinden we daşary ýurtlardan gelen myhmanlaryň ýüzlerçesi bu ýere ýygnandylar.

Meýdança baýramçylyk we döwlet nyşanlary bilen bezelipdir, hemme ýerde ýaşyl baýdaklar parlaýar. Merkezi münbere hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrilkleriň, pudaklaýyn edaralarynyň, Umumymilli "Galkynyş" hereketiniň düzümine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem Dünýä türkmenleriniň XIV maslahatyna hem-de Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylar ýygnandylar.

Sagat 10.00. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň merkezi meýdançasynda bina edilen döwlet münberine geçýär. Dabara gatnaşyjylar we köp sanly myhmanlar milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen gutlaýarlar.

Özüniň gerimi boýunça örän giň bolan baýramçylyk dabaralary türkmen döwletiniň goranyş kuwwatynyň özboluşly gözden geçirilişi bolan harby ýöriş bilen başlanýar. Halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň, mähriban Watanymyzyň araçäkleriniň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beýik gazananlarynyň goragynda durýan türkmen esgerleri hünär ussatlyklaryny hem-de ele alan harby tälimlerini görkezdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň goranmak ministri B. Gündogdyýew harby düzümleriň dabaraly ýörişe taýýardyklary barada raport berdi.

Kuwwatly toplardan atylýan feýerwerkleriň astynda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dabaraly ýagdaýda galdyrylýar.

Merkezi meýdançada hatara düzülen harbylar—serkerdeler, esgerler we harby talyplar halkymyza, Watanymyza we hormatly Prezidentimize wepadarlygyň nyşany bolan mukaddes kasamy ýerine ýetirýärler. Häzirki döwürde olar Watan goragçylary diýen belent derejäni abraý bilen göterip, şöhratly pederlerimiziň asylly däplerini mynasyp dowam edýärler.

Türkmen döwleti türkmenistanlylaryň parahat durmuşynyň hem-de döredijilikli zähmetiniň ygtybarly sütüni bolup durýan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwatyny has-da pugtalandyrmak babatda yzygiderli we hemmetaraplaýyn alada edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak alnyp barylýar, olar üçin iň häzirki zaman ýörite tehnikalary satyn alynýar. Ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak, şeýle hem harby gullukçylaryň gulluklary we döwrebap durmuşy üçin ähli zerur şertleri döretmek, täze nusgadaky harby şäherçeleri, serhet galalaryny, Watan goragçylary we olaryň maşgalalary üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň esasy ugry bolup durýar.

Häzirki döwürde türkmen esgerleri döwletimiziň özleri barada edýän atalyk aladasyna mynasyp jogap bermek maksady bilen, iň täze ýörite tehnikalara we ýaraglara ussatlyk bilen erk edýärler. Şu ýylyň aprelinde “Galkan--2011” söweşjeň atyşykly harby-taktiki meýdan okuwy mahalynda türkmen esgerleri öz ussatlyklaryny ýene bir ýola görkezdiler. Şu ýerde milli Ýaragly Güýçleriniň ähli kuwwatynyň diňe parahatçylykly maksatldar bilen ulanylýandygyny bellemek gerek. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan Harby doktrinasy goranyş häsiýetinde bolup, ol ýurdumyzyň howpsuzlygyny, türkmen halkynyň bagtyýarlygyny hem-de abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

... Şu pursatda paýtagtymyzda dabaraly harby ýöriş dowam edýär. Aýratyn hormat garawuly batalonynyň esgerleri merkezi meýdança milli Ýaragly Güýçleriniň ähli düzümleriniň söweşjeň baýdaklaryny çykarýarlar. Mälim bolşy ýaly, baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly berdimuhamedow harby ýokary okuw mekdepleriň we harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň harby bölümleriniň şahsy düzümlerine söweşjeň baýdaklary gowşurdy. Munuň özi harby gullukçylaryň watansöýüjilik ruhunyň has-da ýokarlanmagyny ýardam etdi.

Baýdak göterijileriň toparynyň yzy bilen, meýdançadan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby insititutynyň harby mekdepleriniň okuwçylary bolan ýaşajyk deprekçiler ýöräp geçýärler. Belent Serkerdebaşynyň içgin üns bermegi netijesinde, ýakyn geljekde Aşgabatda 600 orunlyk täze harby mekdep gurlar we açylar.

Meýdançadan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň serkerdeleriniň batalonlary nyzam bilen geçýärler. Olary synlanyňda, ata Watanymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň ygtybarly ellerdedigine ýene-de bir gezek göz ýetirýärsiň. Olaryň yzy bilen, ata Watanymyzyň asuda asmanyny goraýan we gullukda has tapawutlanan uçarman serkerdeleriň topary ýöräp geçýär.

Harby parady Harby institutyň talyplary – geljekki motoatyjylaryň we tankçylaryň – söweşjeň we amaly taýýarlyk boýunça has tapawutlananlar dowam etdirýärler. Baş münberiň öňünden harby ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlary nyzam bilen ýöräp geçýärler. Bu günki gün harby gullukdaky zenanlar ýurdumyzda parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine önjeýli goşant goşýarlar.

Meýdançadan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň talyplarynyň diwiziony Belent Serkerdebaşy tarapyndan gowşurylan söweşjeň baýdaklary göterip geçýärler. Ýene birnäçe ýyldan soňra, ata Watanymyzyň deňizdäki serhetlerini goramak olaryň -- geljekki serkerdebaşylaryň paýyna düşer.

Döwlet münberiniň öňünden “Galkan—2011” atly harby-taktiki tälimleriň üstünlikli geçirilmegine uly goşant goşan hem-de şol tälimlerde ezberligini we ussatlygyny görkezen motoatyjy esgerleriň batalony dabaraly ýagdaýda ýöräp geçýär.

Milli Ýaragly Güýçleriň goşunlarynyň dürli görnüşleriniň tapawutlanan wekilleriniň: edermen harby uçarmanlaryň we deňizçileriň, desantçylaryň, deňiz pyýada we howa arkaly harby hüjümden goranyş goşunlarynyň esgerleriniň toparlary yzly-yzyna ýöräp geçýärler. Olaryň ählisi ata Watanymyzyň hakyky buýsanjy, synmaz galkany hasaplanýar.

Ine, inženerçilik we himiýa goşunlarynyň harby gullukçylarynyň birleşdirilen batalony nyzam bilen ýöräp geçýär, bu esgerler “Galkan—2011” atly harby tälimde özleriniň ýokary söweşjeň taýýarlygyny ýene-de görkezdiler. Olaryň yzy bilen raýat goranyşy we halas ediş işleri boýunça batalon ýöräp geçýär, onuň düzüminde adatdan daşary ýagdaýlarda gyssagly kömek bermek we şol ýagdaýlaryň netijelerini aradan aýyrmak boýunça başarnyklaryny birkemsiz ele alan harby gullukçylar bar.

Olaryň yzy bilen Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň we Serhet institutynyň tapawutlanan harby talyplarynyň toparlary Belent Serkerdebaşy tarapyndan gowşurylan hem-de olaryň buýsanjyna we ata Watanymyza müdimi wepalylygyň nyşanyna öwrülen söweşjeň baýdakdlary göterip, nyzam bilen geçýärler.

Meýdançadan Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýörite maksatly düzümleriniň harby gullukçylarynyň batalony ýöräp barýar, olar ata Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak arkaly, şol serhetleriň eldegrilmesizliginiň ygtybarly kepili bolup durýar, olaryň yzy bilen polisiýa işgärleriniň we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň S.A. Nyýazow adyndaky institutynyň harby talyplarynyň toparlary ýöräp geçýärler. IIM-niň işgärleri ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesini ruhubelentlik bilen garşylaýarlar, olar ýurdumyzda kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň berjaý edilmegine jogapkärçilikli çemeleşýärler.

Ahalteke bedewlerine atlanan harby gullukçylaryň toparynyň ýurdumyzyň esasy meýdançasyndaky ýörişi şanly sene mynasybetli geçirilýän harby ýörişiň bezegine öwrüldi, ahalteke bedewleri asyrlarboýy türkmen halkynyň uly dabaralaryna hökmany suratda gatnaşýarlar. Irki döwürlerden bäri türkmenler bedewe wepaly dost hökmünde garap gelýärler. Häzirki wagtda bedewler ata Watanymyzyň goragçylarynyň ygtybarly ýoldaşlaryna öwrüldi. “Behişdi bedewlere” beletligi bilen tanalýan we olara uly hormat goýýan, olara “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabyny bagyşlan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermegi bilen, IIM-niň goşun birikmelerinde atly düzümler döredildi.

Soňra döwrebap harby tehnikanyň nobaty gelip ýetýär—meýdançadan goşunlaryň dürli görnüşlerine degişli mehzanizmleşdirilen toparlary geçýär. Münberiň öňünden ýörite maksatly “BARS” we “Land Rower” harby ýeňil awtomobiller, tanka garşy “KARAKAL” kysymly raketa toplumy we “MALÝUTKA” kysymly söweşjeň toplum, BTR-80, BTR-80A, BTR-80M kysymly bronly transportýorlar geçýär. Olaryň yzy bilen harby lukmanlaryň ygtyýarynda durýan hem-de olaryň meýdan şertlerinde işlemegine mümkinçilik berýän ýörite awtotehnika, şol sanda “Landrower --130 amblans” kysymly awtomobiller, “KAMAZ” kysymly awtoulagyň binýadyndaky göçme harby lukmançylyk toplumlary geçýär.

Raýat goranyşyna we halas ediş işlerine degişli düzümler üçin niýetlenen ýörite MAZ kysymly awtoulaglar adatdan daşary ýagdaýlara mahsus şertlerde ulanylýar.

Meýdançadan barýan ikinji mehanizmleşdirilen toparda bronlanan “MANTRA” we “PMV-SURVIVOR II” kysymly awtoulaglar geçýär, şolarda “Toýota HILUX” we “SKYLARK” kysymly uçarmansyz dolandyrylýan uçarlar oturdylandyr, bular serhet goşunlary üçin niýetlenendir. Olaryň yzy bilen, UAZ “Patriot”, “Toýota TUNDRA PLATINUM”, “Mersedes Benz S—350”, “Sewrolet Kaptiwa” kysymly awtomobil tehnikasy geçýär, bular IIM-niň, hususan-da, Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň tehniki parkynyň düzümine degişlidir.

Soňra esasy münberiň öňünden bronlanan harby-tehnika, şol sanda T—90 we T—72 kysymly tanklar, pyýada goşunlarynyň dürli modifikasiýaly söweşjeň maşynlary (BMP) geçýär. Nobat agyr tehnikany gatnatmaga ukyply tirkegli kuwwatly ýük awtoulaglaryna ýetýär. Olaryň yzy bilen özi ýöreýän artilleriýa enjamlary geçýär, olaryň arasynda “2S-1 Gwozdika” we “2S-3 Akasiýa” kysymly gaubisalar, tanklara garşy ulanylýan “Şturm-S” kysymly raketa toplumlary, “Şilka”, “KUB”, “Strela -- 0” zenit toplumlary, top batareýalary, şol sanda MT -- 2 “Rapira”, D-20 we D-30, M-46, MSTA-B, “Giasint—B” hem bar. Soňra mehanizmleşdirilen reaktiw artilleriýanyň—zalp bilen ot açýan “BM Grad-1” ,“Uragan”, “Smerç” kysymly döwrebap reaktiw ulgamlaryň toplumy, howa arkaly hüjümden goranyş goşunlarynyň ygtyýarynda durýan “Kolçuba” enjamlary, “Osa”, S -- 25, “Peçora”-- 2M”, “S—200W” kysymly zenit raketa toplumlary geçýär.

Häzirki wagtda ata Watanymyzyň goragçylarynyň ygtyýarynda harby aragatnaşyk tehnikasy, hususan-da, meýdan şertlerinde hemra arkaly we sanly radioaragatnaşygyň ýokary hilli derejede bolmagyny üpjün edýän “Rode Şwars” kysymly toplumlar, şeýle hem uçarmansyz dolandyrylýan “FALKO” kysymly uçarlar hem bar.

Bu döwrebap tehnika we ýaraglar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyşa ukyplylygyny pugtalandyrmak, milli Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler babatda döwletimiziň yzygiderli alada edýändigini we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu meselelere aýratyn üns berýändigini aýdyň görkezýän subutnamadyr.

Baýramçylyk ýörişi howada dowam etdirilýär: ilki bilen meýdançanyň ýokarsynda “Eurocopter AS-365” kysymly dikuçar peýda bolýar, ol Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerine degişli goşunlarynyň dürli kysymlarynyň söweşjeň baýdaklaryny göterip uçup barýar. Onuň yzy bilen Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň Ýol gözegçilik gullugynyň, ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynyň we Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň ygtyýarynda durýan dünýäde belli bolan dikuçarlaryň toplumy geçýär.

Meýdançanyň ýokarsynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa goşunlarynyň MI-24P, MI-17W-5 we MI-8MT kysymly toparlaýyn uçup barýan dikuçarlary peýda bolýar. Bulary ýokary pilotaža mahsus sungaty ele alan türkmen uçarmanlary dolandyrýar. Mälim bolşy ýaly, hünär taýdan ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak bilen bagly meselelere içgin üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmeleri ugur edinilip, geçen ýylda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynda ýurdumyzyň Harby-howa güýçleri üçin hünärmenleri taýýarlaýan bölüm açyldy.

“Howadaky harby ýöriş” tamamlanandan soňra, ýurdumyzyň baş meýdançasyndaky baýramçylyk dabarasy dowam edýär. Döwlet münberiniň öňüne Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hormat garawulynyň aýratyn batalony çykýar. Esgerler meýdançada Türkmenistanyň Döwlet kartasyny şekillendirýärler hem-de ýaragy ulanmak boýunça ussatlygyny görkezýärler. Soňra Hormat garawulynyň aýratyn batalonynyň esgerleri “XX ýyl” diýen ýazgyny şekillendirýärler.

Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş bu şanly baýramçylyga ýörite sazly sowgadyny taýýarlan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň birleşdirilen harby orkestriniň çykyşy bilen tamamlanýar.

...Şol pursat aralaşan ümsümlikde atyň kişňemesi eşidilýär. Bedew atlaryň bäşisi halkyň ruhubelentligini we jebisligini, ýurdumyzyň bäş welaýatynyň bitewligini, Türkmenistanyň rowaçlyk we ösüş ýoly bilen okgunly öňe barýandygyny alamatlandyryp, münberiň öňünden geçýär.

Jigitleriň ikisi owadan at esbaplaryna şaýlanan ahalteke bedewini münberiň öňüne getirýärler. Bedewiň açyk altyn reňki töweregi ýagtylandyrýan ýaly bolup gitdi. Bu bedew özüniň ajaýyp gözelligi, syrdamlygy, seýkin basyp ýöreýşi bilen görenleri haýran galdyrýar.

Watanymyzyň we türkmen halkynyň abadançylygynyň hem-de bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işleri üçin çuňňur hoşallygyň alamaty hökmünde we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanymyza egindeşleriniň adyndan bu ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berilýär. Owadan bedew merkezi münberiň öňünde saklanyp, milletiň Liderine baş egýär.

Biziň ýurdumyzda gadymdan bäri milli baýramlaryň, toýlaryň hiç biri-de bedewsiz geçmeýär. Olar halkymyzyň ykbalynyň, taryhynyň, ruhy dünýäsiniň bir bölegine öwrüldi. Bu gün bedewler türkmen halkynyň hakyky buýsanjydyr, milli taryhyň we täze eýýamyň mizemez arabaglanyşygynyň aýdyň nyşanydyr.

Meýdançada milli lybasly çapyksuwarlaryň bäşisi öz bedewleri bilen peýda bolýar. Sazyň owazynyň ilkinji pursatlaryndan joşgunly “Küştdepdi” halk sazynyň ýerine ýetirilýändigini aňmak bolýar. Bu dabaraly tansy bedewleriň üstünde ussatlyk bilen ýerine ýetirip boljakdygyny hiç kim göz öňüne getirip bilmedik bolsa gerek. Jigitler tarapyndan ussatlyk bilen dolandyrylýan ajaýyp bedewleriň haýran galdyryjy hereketlerini bu ýere ýygnananlar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Bu täsin çykyş türkmen seýisleriniň we çapyksuwarlarynyň ussatlygynyň, olaryň bedewler bilen özara sazlaşygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Türkmen jigitleriniň bedew üstündäki nobatdaky çykyşy muny ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen tassyklady. Bedewler “XX” şekilinde ynamly hereket edip, münberiň öňünden geçdiler. Olaryň öňünde bolsa eli ýaşyl baýdakly çapyksuwar öz bedewi bilen geçdi. Bededwleriň gatnaşmagynda geçirilen bu baýramçylyk dabarasy türkmen halkynyň özüniň gadymy däp-dessurlaryna we medeni gymmatlyklaryna ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň şanyna guralan dabara dowam edip, millionlarça adamy özüne birleşdirýär: alnyp barylýan telegepleşikler ýurdumyzyň dürli şäherlerinde we obalarynda ýaşaýan ildeşlerimize paýtagtymyzda bolup geçýän wakalara göni ýaýlymda tomaşa etmäge mümkinçilik berýär.

... Meýdançada türkmen ýaşlary, ähli welaýatlaryň hormatly ýaşululary we çagalary bilen birlikde, uly monitorlar, surat pannolary, türkmen döwletiniň esasy bianagärlik nyşanlarynyň maketleri ýerleşdirilen awtoulaglar peýda bolýar. Bu ýerde sahnalaşdyrylan dabara ýaýbaňlandyrylýar. Meýdançada teatrlaşdyrylan tomaşa bolýar, şunda milli taryhymyzyň gahrymanlary we türkmen halkynyň meşhur şahsyýetleri: nesilbaşymyz Oguz han, paýhasly ýaşuly Gorkut ata, Görogly beg, Magtymguly Pyragy öňe çykdylar. Bu sahna horeografik kompozisiýa bilen tamamlanýar, türkmen gopuzynyň owazy oňa özboluşly öwüşgin çaýdy.

Dabaraly ýöriş dowam edýär, şowhunly we şatlykly aýdym-sazlar, joşgunly tanslar onuň täsirliligini has-da artdyrýar. Çünki bu gün biziň topragymyzda uly türkmen toýy toýlanýar. Asmana ýüzlerçe, müňlerçe howa şarlary uçurylýar, olar bulutly güýz gününe älemgoşaryň dürli öwüşginlerini çaýdy. Ähli ildeşlerimiziň kalplaryny buýsanç we jebislik duýgusy, ata Watanymyzyň ajaýyp we bagtly geljegine berk ynam gurşap alýar.

Ýurdumyzyň baş meýdançasyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynyň wekilleri geçýärler. Ulaglarda Türkmenistanyň häzirki döwürde gazananlaryny beýan edýän maketler we bezegli pannolar goýlupdyr.

Ýörişiň birinji hatarynda ylym we bilim ulgamynyň işgärleriniň bolmagy özboluşly many-mazmuna eýedir, çünki döwlet Baştutany ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde bu ulgama intellektual lokomotiw hökmünde uly ähmiýet berýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň döwlet işini hut şu ulgamda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen başlady. Şondan bäri, milli ylmy we ýurdumyzdaky bilimi dünýä standartlarynyň we talaplarynyň derejesine ýetirmek döwlet derejesinde ileri tutulýan wezipe diýlip yglan edildi, bu ulgam anyk ölçegler we maksatlar esasynda ösdürilip anyk netijeleri berip ugrady.

Soňra ýörişi saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri dowam etdirýär, şol pursatda meýdança, münberiň öňi ak reňke – lukmançylyk işgärleriniň iş lybasynyň reňkine boýalýar. Ak howa şarlarynyň asmana göterilmegi bilen soňky ýyllarda ýurdumyzyň dünýä standartlarynyň derejesine ýetirilen saglygy goraýyş ulgamynda gazananlaryny aýdyň görkezýän maketler bilen bezelen ulag geçýär. Täze, döwrebap merkezleriň we klinikalaryň birnäçesi bu gün ulgamyň ýokary derejä ýetendigini görkezýär, bularyň gurluşygy we enjamlar bilen üpjün edilmegi üçin döwlet tarapyndan ýüzlerçe million dollar goýberildi. Bir nesliň gözüniň alnynda Aşgabat iri lukmançylyk merkezine öwrüldi, bu ýerde ýokary tehnologiýaly klinikalar jemlenýär. Oňyn özgertmeler sebitleri, oba lukmançylygyny hem gurşap aldy. Onlarça lukmançylyk merkezleriniň, şäher we etrap hassahanalarynyň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň gurluşygy alnyp barylýar.

Meýdançada çarlaklaryň sesi ýaňlanýar, onuň yzysüre täsirli “şekil” emele gelýär – ýörişe gatnaşyjylaryň gök we goňyr reňkli lybaslary arkaly, deňiz kenary: “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy suratlandyrylýar, munuň özi tolkunlaryň sesi bilen utgaşýar. Bu uly möçberli taslama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylyp, düýpli özgertmeleriň, Türkmenistanyň täze durmuşynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmekde täze sahypany açan bu täze deňiz şypahanasynyň nyşany bilen bezelen ulagyň yzysüre, meýdançada örän uly olimpiýa ody bilen bezelen we “mini-stadiony” alamatlandyrýan maketli ulag geçýär. Bu maket sport ulgamyndaky ösüşleri aýdyň suratlandyrýar, onuň daş-töweregindäki köp sanly türkmen türgenleri – sportuň dürli görnüşleri boýunça ussatlar, milli we halkara derejesindäki ýaryşlarda üstün çykanlar we baýrakly orunlara mynasyp bolanlar ýörişi dowam etdirýärler. Häzirki wagtda ajaýyp sport toplumlar we stadionlar olaryň ygtyýaryndadyr. Ýakyn geljekde Aşgabatda sebit boýunça uly möçberli Olimpia şäherjigi gurlar.

Meýdançadan şäher gurluşygy boýunça uly möçberli maksatnamanyň ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde has-da gözelleşen türkmen paýtagtyny bezeýän täze binalaryň maketleri goýlan awtoulag geçýär. Şondaky ýük göteriji kran ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde we obalarynda özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýar. Ilatyň ýaşaýşynyň ýokary standartlarynyň üpjün edilmegi, adamlaryň siwilizasiýanyň ähli eşretlerinden peýdalanmagyna mümkinçilik berýän döwrebap durmuş-ykdysady infrastrukturanyň döredilmegi şol özgertmeleriň özenidir.

Meýdançadan Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri geçýärler. Bu toplum milli ykdysadyýetiň esasy pudagy hasaplanýar. Gazylyp alynýan baýlyk babatda haýran galdyrýan mümkinçilikler Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy energetika döwletleriniň hataryna goşulmagyna getirdi. Täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ýetirmek üçin halkara ýangyç geçirijilerini çekmek baradaky iri möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Dünýädäki uly gaz geçirijileriň biri hasaplanýan Türkmenistan -- Hytaý gaz geçirijisiniň çekilmegi we Türkmenistan—Owganystan—Päkistan—Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylyp ugralmagy muňa aýdyň subutnamadyr. Şu ugra degişli nyşanlar bilen bezelen awtoulaglar nebitgaz pudagynyň, elektroenergetika ulgamynyň gazanan netijelerini aýdyň görkezýär.

Ykdysady düzümleriň, maliýe-bank ulgamlarynyň işgärleriniň ýörişi hem täsirli boldy. Pannolar we maketler Türkmenistanda halkara derejesine ýetirilen işewürçilik durmuşynyň güýçlenýändigine şaýatlyk edýär.

Münberleriň öňünden Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň işgärleri geçýär, şonda bezelen ulaglaryň birinde türkmen tebigatynyň ajaýyp künjegi janlandyrylýar, beýlekilerde bolsa, sahawatly türkmen topragynyň näz-nygmatlary we ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň harytlary ýerleşdirilipdir. Häzirki wagtda Turkmengistanyň oba hojalyk pudagynda iri möçberli özgertmeler ýaýbaňlandyryldy, şol özgertmeler önümleriň öndürilýän möçberleriniň artdyrylmagynda: pudagyň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagynda öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda Türkmenistan ösdürilip ýetişdirilýän pagtanyň agramly bölegini gaýtadan işläp taýýarlaýar, şeýle hem döwletimiz bugdaýy eksport edýän ýurtlaryň hataryna goşuldy, ýurdumyzyň önüm öndürijileri azyk bolçulygyny üpjün edýärler.

Dabaraly ýörişiň hatarlarynda Türkmenistanyň söwda we telekeçilik ulgamynyň wekilleri peýda bolýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, söwda we hyzmatlar ulgamynyň, hususyýetçiligiň yzygiderli ösdürilmegini üpjün etmek bäsleşige ukyply milli ykdysadyýeti kemala getirmegiň möhüm şertidir. Golaýda ulanmaga berlen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işewürlik merkezi hem-de “Çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş merkezi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösýän pudaklarynyň biri bolan dokma senagatynyň işgärlerine nobat ýetýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen, ekspota gönükdirilen dokma senagaty döredildi. Indi biziň ýurdumyz ýokary hilli, bäsleşige ukyply taýýar önüm öndürýän döwlet hökmünde tanalýar. Halyçylyk täze ösüşe eýe boldy, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda halyçylyk kärhanalarynyň ulgamy giňelýär. Döwlet Baştutanymyz özüniň “Janly rowaýat” diýen täze kitabynda ajaýyp türkmen halylarynyň waspyny ýetirdi.

Ýurdumyzyň zähmet toparlarynyň wekilleri yzly-yzyna münberiň öňünden geçýärler. Olaryň arasynda ulag, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamynyň işgärleri bar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda häzirki zaman ulag - aragatnaşyk ulgamy döredildi. Soňky ýyllarda demir we awtomobil ýollarynyň ulgamyny ösdürmäge uly üns berilýär. Häzir Türkmenistan üstaşyr ýük daşamagyň iri merkezleriniň birine öwrüldi. Türkmenistanyň howa gämileriniň parkynyň üsti bütin dünýäde meşhur “Boeing” kompaniýasynyň uçarlary bilen ýetirildi. Deňiz we derýa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň söwda flotuny ösdürmek meselelerine uly üns berilýär. Olar häzirki zaman gämileri bilen üpjün edilýär. Örän täsin bezelen awtoplatformalar ýörişe özboluşly öwüşgin çaýýar. Olaryň maketlerinde Ýer şarynyň ýokarsynda türkmen laçyny şekillendirilen uçarlar aýlanýar, otlular we awtoulaglar öňe okdurylyp barýar, deňiz gämileri suwda ýüzýär...

Meýdançada döredijilik ulgamynyň wekilleri, sungat we medeniýet işgärleri peýda bolýarlar. Şeýle hem münberiň öňünde milli medenietiň gadymy çeşmeleriniň nyşany bolan dutarly, aýlanýan sahna peýda bolýar. Häzir, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda döredijilik intelligensiýasy milli we dünýä medenietiniň gazananlaryny köpçüligiň arasynda wagyz edýär, jemgyýetiň ýokary estetiki ýörelgelerini kemala getirýär. Ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda Medeniet şäherçesi dabaraly ýagdaýda açyldy. Ol döwletiň medenieti we sungaty ösdürmäge, döredijilik işgärleri üçin ajaýyp şertleri döretmäge uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ýöriş dabarasynda türkmen döwletiniň geljegi bolan çagalara uly orun berlipdir.

Türkmenistan bagtly çagalygyň ýurdudyr. Biziň ýurdumyzda ähli arzuwlar hasyl bolýar. Bu şygar däldir, ol biziň täze eýýamymyzyň inkär edip bolmajak hakykatydyr. Bagtly çagalygyň şadyýan pursatlary bolsa awtoulaglaryň üstünde ýerleşdirilen giň göwrümli bezeglerde öz beýanyny tapypdyr. Bu ýerde ertekilerdäki symrug guşuny, çagalary şadyýan baýramçylyga alyp barýan we täsin bezelen düýäni, deňiz tolkunlarynda ýüzüp barýan ak gämini görmek bolýar. Olaryň ählisi çagalaryň uzak ýurtlara syýahat etmek we täze açyşlar baradaky arzuwlarynyň alamatlarydyr.

Ýurdumyzyň baş meýdançasyndaky toý dabaralary täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamyna, türkmen Liderine, Watanymyza hem-de Garaşsyzlyga bagyşlanan aýdym-saz we tans kompozisiýasy bilen tamamlanýar.

Watanymyzyň ýüregi bolan Aşgabatda başlanan baýramçylyk ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dowam etdi. Şu günler ähli ýerde ruhubelentlik, baýramçylyk we şadyýanlyk ýagdaýy höküm sürýär.

* * *


Aşgabatda giç agşama çenli baýramçylyk gezelenji dowam etdi. Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Şol ýere paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň müňlerçesi ýygnandy. Şu günler ak mermerli şäherimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we daşary ýurtlardan gelen myhmanlary gujak açyp garşylaýar.

Meşhur sungat ussatlary, ýaş aýdymçylar, tans we folklor toparlarynyň artistleri özleriniň döredijiliginde sahawatly türkmen topragyna gelen ajaýyp döwri wasp etdiler, joşgunly aýdymlarda halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygy barada edýän aladasy üçin milletiň Liderine çäksiz hoşallyk beýan edildi.

Garaňkynyň düşmegi bilen dürli öwüşgünli ajaýyp feýerwerk gijeki asmany ýagtylandyrýar. Asmanda älemgoşaryň ähli reňklerini özünde jemleýän, özboluşly öwüşgin atýan täsin şekiller peýda bolup, bu ýere ýygnanan adamlaryň şatlykly ýüzlerini ýagtylandyrýar.

Şanly senäniň hormatyna ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda baýramçylyk feýerwerkleri atyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaşulularyň maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda belleýşi ýaly: “Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly baýramy mähriban halkymyzyň durmuşynda diňe bir uly baýram bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol yzymyza nazar aýlap, geçen ýolumyza hakyky baha bermek, taryhy nukdaýnazardan gazanan üstünliklerimiziň ähmiýetine doly düşünmek we öňümizde durýan wezipeleri kesgitlemek üçin ajaýyp mümkinçilikdir”.

Şunuň bilen bir hatarda milli Liderimiz ýetilen sepgitler, gazanylan beýik ýeňişler bilen birjik-de arkaýynlaşmak bolmaz diýip belledi. Biziň öňümizde möçberi boýunça dünýäde bolup geçýän ägirt uly özgerişliklere deň bolan uly wezipeler durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şeýlelikde, türkmen halky garaşsyz ösüşiniň şanly 20 ýyllygyny belläp, häzir öz taryhynyň täze tapgyryna gadam basýar we milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň şöhratly ýyl ýazgysyny dowam etdirýär. Bize ösüşiň hem-de rowaçlygyň belent maksatlary we täze sepgitleri garaşýar!