Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Buig” kompaniýsynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Buig” kompaniýsynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 779
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň prezidenti Marten Buigi kabul etdi. Duşuşyk Ruhyýet köşgünde boldy.

Fransuz kompaniýsynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy

we ähli türkmen halkyny ýetip gelýän uly baýramçylyk bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bilen mähirli gutlady. Işewür şeýle hem döwlet Baştutanyny hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy we ýokary döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy bilen mähirli gutlady. Myhmanyň belleýşi ýaly, “Buig” kompaniýasy ykdysady ösüşiň haýran galmaly depginlerini görkezýän hem-de öz progressiw döredijilik syýasaty bilen bütin dünýäde mälim bolan Türkmenistanyň uzak möhletli hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyna buýsanýar.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşnietli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Fransiýanyň esasy kompaniýasy bolan “Buig” bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady, ol halkara gurluşyk bazarynda öňbaşçylaryň biri bolup durýar hem-de ägirt uly önümçilik mümkinçiliklerine eýedir.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada düýpli pikir alşyldy. Fransuz işewüri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa kompaniýa ynanylan desgalarda işleriň ýagdaýy hakynda habar berdi, şeýle hem mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge degişli teklipleri aýtdy. Bu babatda fransuz kompaniýasynyň täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmak mümkinçiliklerine garaldy.

Jenap Marten Buig hoşlaşyp, türkmen döwletiniň Baştutanyna kompaniýa bildirilýän ýokary ynam üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy “Buig” kompaniýsynyň geljekde-de öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna gyşarnyksyz hem-de doly jogapkärçilik bilen eýerjekdigine ynandyrdy.