Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan-ABŞ” işewür geňeşiniň ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan-ABŞ” işewür geňeşiniň ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

view-icon 655
Şu gün Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan-ABŞ” işewür geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory jenap Erik Stýuarty kabul etdi. Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, jenap Erik Stýuart hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly sene bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy we döwlet Baştutanyna ýokary sylaglaryň gowşurylmagy bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär diýip nygtady, şol strategiýanyň esasy maksady bolup ähli gyzyklanýan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen we şol sanda ýakyn işewür gatnaşyklary ýola goýmaga isleg bildirýän amerikan kompaniýalary bilen deň hukukly esasda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak çykyş edýär.

Öz nobatynda jenap Erik Stýuart hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýöredilýän açyk hem-de özüne çekiji maýa goýum syýasatyna ýokary baha berip, amerikan we tutuşlygyna halkara işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna ägirt uly gyzyklanma bildirýändiklerini belledi, şeýle hem döwlet Baştutany tarapyndan başy başlanan, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşini maksat edinýän uly möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmäge örän işjeň gatnaşmaga çalyşýandyklaryny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany we myhman türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy hem-de geljegi hakynda pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady pudak, ýangyç-energetika ulgamy, ulaglar, aragatnaşyk, oba hojalygy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bellenildi. Bu babatda “Türkmenistan-ABŞ” işewür geňeşiniň işi we döwletara ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem-de giňeltmekde onuň orny söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman soňky ýyllarda täze depgine we mazmuna eýe bolan türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.