Ï Türkmenistanyň Prezidenti CNPC-niň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti CNPC-niň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 559
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ryhyýet köşgünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin wekilçilikli toparyň düzüminde Aşgabada gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Milletleriň işleri baradaky komitetiniň başlygy Ýan Sizini we Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň /CNPC/ baştutany Çžou Szipini kabul etdi.

Myhmanlar wagt tapyp kabul edenligi üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyny şanly sene – Garaşsyzlygyň 20 ýyllyk baýramy we Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen gutladylar, ähli türkmen halkyna bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýollap HHR-yň ýolbaşçylarynyň adyndan mähirli gutlag sözlerini ýetirdiler. Bellenip geçilişi ýaly, hytaý tarapy parahatçylyk, döredijilik we ösüş ugruny gyşarnyksyz ýöredýän hem-de ykdysadyýetde, durmuş we medeni ugurlarda ägirt uly üstünlikleri gazanan Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Türkmen Lideri HHR-yň başlygy Hu Sizintao iň gowy arzuwlary aýdyp, öz nobatynda uzak möhletli strategiki hyzmatdaş bolan Hytaý bilen köpugurly döwletara gatnaşyklaryna Türkmenistanyň üýtgewsiz ygrarlydygyny hem tassyklady, Hytaý bilen hyzmatdaşlyk iki dostlukly ýurduň bähbitlerine laýyk gelmek bilen bir hatarda, giň möçberde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň aýrylmaz şerti bolup hem çykyş edýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman deňhukuklylyk, ikitaraplaýyn bähbitleri berjaý etmek we özara peýda görmek ýörelgelerine esaslanan gatnaşyklary pugtalandyrmaga iki tarapyň hem çalyşýandygyny beýan edip, türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar.

Ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge degişli meseleler boýunça hem düýpli pikir alşyldy, möhüm bilelikdäki taslamalar, şol sanda asyryň ägirt uly taslamasy bolan Ýewraziýada iň uzyn Türkmenistan-Hytaý transmilli gazgeçirijisiniň gurluşygy şol hyzmatdaşlygyň miweleri boldy.

Duşuşygyň ahyrynda parahatçylyk we abadançylyk baradaky özara arzuwlary aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti we myhmanlar türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky köp asyrlyk dostluk, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek däplerine daýanyp, konstruktiw döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge ynam bildirdiler.

Duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýao Sinhua gatnaşdy.