Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Hewi Indastriz Ltd.” kompaniýasynyň prezidenti, ýerine ýetiriji baş direktory, senagat we infrastruktura taslamalary üçin jogapkär Toşikazi Haýaşini kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, türkmen döwletiniň Baştutanyny düýn ýaşulular maslahatynda Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň we ýokary döwlet sylagy – “Altyn Aý” medalynyň gowşurylmagy, şeýle hem ýetip gelýän şanly sene – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bilen gutlady. Toşikazi Haýaşi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine tüýs ýürekden gyzyklanmanyň bardygyny belläp, geçen 20 ýylyň Türkmenistanyň ösüşinde hakyky öňe gidişligi alamatlandyrandygyny aýtdy. Türkmen döwleti gysga döwrüň içinde dünýä ýüzünde uly abraýa eýe bolan kuwwatly, gurply döwlete öwrüldi diýip, myhman belledi.
Döwlet Baştutany iri ýapon işewürliginiň wekilini mübärekläp, döwletiň ähli durmuş ulgamlarynda düýpli özgertmeler maksatnamasyny amala aşyrmak bilen Türkmenistan ozaly bilen, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga we iň gowy dünýä tejribesini peýdalanmaga üns berýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Hewi Indastriz Ltd.” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha bermek bilen, köp ýyllyk gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini we olaryň anyk netijä gönükdirilendigini kanagatlanmak bilen belledi.
Toşikazi Haýaşi bildirilýän ynam üçin hoşallyk bildirip, ýakyn wagtlarda kompaniýanyň Gündogaryň we Günbataryň taryhy hem-de häzirki zaman gatnaşyklaryny aýdyň şöhlelendirjek dokumental filmi hödürlemegi göz öňünde tutýandygyny habar berdi. Beýik Ýüpek ýoly köp babatda olaryň ýakynlaşmagyna ýardam etdi, onuň uly bölegi Türkmenistanyň çäklerinden geçdi. Ýüzýyllyklar mundan ozal beýik adamzat siwilizasiýalaryny birleşdiren bu rowaýata öwrülen ýol häzir ýuwaş-ýuwaşdan täze keşbe eýe bolup, möhüm bilelikdäki taslamalarynyň birnäçesinde öz aýdyň beýanyny tapýar. Dokumental filmde diňe bir türkmenleriň baý taryhy däl, eýsem özüniň geografik taýdan amatly ýerleşmegi netijesinde ägirt uly ulag mümkinçiliklerine eýe bolan ýurdumyzyň häzirki güni hem giňden şöhlelendiriler.
Türkmenistanyň Baştutany we myhman hoşlaşanlarynda bellenilen ähli meýilnamalaryň we özara bähbitlerde amala aşyrylýan bilelikdäki täze taslamalaryň üstünlikli ilerlediljekdigine ynam bildirdiler.
Wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildiren Toşikazi Haýaşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän baýramçylyk bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk we ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.