Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Ruhyýet Köşgünde «Itera» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.
Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy umumymilli baýramçylyk--Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygy bilen gutlap, tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. Işewüriň belleýşi ýaly, «Itera» kompaniýasy dünýäde öňdengörüjilikli, döredijilikli içeri we daşary syýasaty bilen giňden tanalýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýändigine tüýs ýürekden buýsanýar. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän bu syýasaty ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň okgunly depginlerini we ýokary halkara abraýyna eýe bolmagyny şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda Igor Makarow türkmen döwletiniň Baştutanyny Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylmagy we ýokary döwlet sylagy bolan «Altyn Aý» medalynyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we eziz Watanymyzyň hem-de türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde täze üstünlikler arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, «Itera» kompaniýasy özüni Türkmenistanda ygtybarly işewür hyzmatdaşlaryň biri hökmünde görkezdi, onuň bilen bilelikde iri taslamalaryň birnäçesi üstünlikli amala aşyryldy diýip, kanagatlanmak bilen belledi. Şol taslamalaryň hatarynda Balkan we Lebap welaýatlarynda gurlan hem-de şu ýylyň 24-nji aprelinde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramy giňden bellenilende dabaraly açylan häzirki zaman atçylyk sport toplumlarynyň ikisi bar.
Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutany we myhman özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alşyp, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen ýola goýlan gatnaşyklary dowam etdirmek barada bir pikire geldiler. Şunuň bilen baglylykda netijeli işewür hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti we «Itera» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy hoşlaşanlarynda anyk netijä gönükdiren ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa kompaniýa bildirýän ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildiren Igor Makarow «Iteranyň» öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna geljekde hem jogapkärçilikli çemeleşjekdigini aýtdy.