Ï Türkmenistanyň Prezidenti “EWC” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “EWC” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 700
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň meşhur “EWC East-West-Konnect GmbH&Co.KG” kompaniýasynyň direktory we prezidenti jenap Rudi Lamprehti kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, milletiň Liderini ýakynda ýokary döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy hem-de Türkmenistanyň Gahrymany adynyň dakylmagy bilen, şeýle hem ýetip gelýän şanly sene – ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bilen gutlap, döwlet Baştutanyna we onuň üsti bilen ähli türkmen halkyna bagt hem-de seçilip alnan ýolda täze uly üstünlikleri arzuw etdi.

R.Lampreht hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän ählumumy bähbitler üçin giň halkara hyzmatdaşlygyny maksat edinen oňyn syýasatynyň Ýewropanyň işewür toparlarynyň Türkmenistana barha artýan ägirt uly gyzyklanmasyny şertlendirýär diýip belläp, daşary yurt kompaniýalarynyň köpüsiniň türkmen bazarynda özleriniň bolmagyny giňeltmäge çalyşýandygyny nygtady, şol bazaryň bar bolan ägirt uly serişdeler we ykdysady mümkinçilikleri hem-de ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy sebäpli örän geljegi uludyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň dünýäniň esasy kompaniýalary, hususan-da, häzirki zaman innowasion tehnologiýalary babatda uly tejribesi hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary bolan “EWC” kompaniýasy bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmäge Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi, şol tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bolsa ýurdumyzda ýaýbaňlanan ykdysady özgertmeleriň aýrylmaz bölegidir.

Duşuşygyň çäklerinde döwlet Baştutany we myhman hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikir alşyp, dürli ugurlarda bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Nemes işewüri ynam bildirilendigi üçin hoşallyk bildirip, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň depginli ösýän Türkmenistan bilen işewür hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge örän gyzyklanýandygyny aýtdy we gazanylan ähli ylalaşyklary çalt, üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.