Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Winçi Konstrukson Gran Prože” fransuz kompaniýasynyň prezidentini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Winçi Konstrukson Gran Prože” fransuz kompaniýasynyň prezidentini kabul etdi

view-icon 870
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur “Winçi Konstrukson Gran Prože” fransuz kompaniýasynyň prezidenti jenap Alenn Bonnony kabul etdi. Duşuşyk Ruhyýet köşgünde boldy.

Myhman türkmen döwletiniň Baştutany bilen salamlaşyp, duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy milli baýramçylygymyz--Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň Gahrymany adynyň berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, saglyk, abadançylyk, ýurdumyza ýokary halkara abraýyny getiren oňyn syýasatynda täze uly üstünlikleri arzuw etdi.

Jenap Alenn Bonno bu saparynyň Aşgabada ilkinji gezek däldigini belläp, bu ýerde bolup geçýän uly möçberli özgertmeler bilen özüne çekýän türkmen paýtagtynyň ösüşine çäksiz haýran galýandygyny beýan etdi. Durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini görkezýän bu ýolda täsin galdyrýan üstünlikleri gazanýan Türkmenistanyň köp görnüşli mümkinçilikleri bu ýurdy dünýäniň işewür toparlary üçin aýratyn özüne çekýär diýip, işewür belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, dünýäniň abraýly işewür toparlary, şol sanda esasy “Winçi” fransuz kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga

Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklady, şol kompaniýa halkara gurluşyk bazarynda öňbaşçylaryň biri bolup, ägirt uly önümçilik mümkinçiliklere eýedir.

Türkmenistan özüniň durmuş-ykdysady strategiýasyny durmuşa geçirip, adamlaryň durmuşynyň täze hilini üçin etjek ylmy-tehniki öňegidişligiň gazananlaryna we täze tehnologiýalara ugur alýar diýip, milletiň Lideri nygtady. Ýurdumyzda ýaýbaňlanan uly möçberli maýa goýum maksatnamalary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip bellemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Winçi” kompaniýasyny bu meýilnamalary amala aşyrmaga gatnaşmaga çagyrdy, şol kompaniýa bilen bilelikde eýýäm möhüm şähergurluşyk taslamalarynyň birnäçesi ýerine ýetirildi.

Jenap Alenn Bonno bu teklibi uly ruhubelentlik bilen kabul edip, fransuz kompaniýasynyň öz baý tejribesini, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny we hyzmatlaryň giň görnüşini Türkmenistana hödürlemäge taýýardygyny tassyklap, “Winçi” kompaniýasynyň hünärmenleriniň uzak möhletli, özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşyga Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Per Lebowiç gatnaşdy.