Ï Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hormatyna, täze Galkynyş eýýamynyň şanyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hormatyna, täze Galkynyş eýýamynyň şanyna

view-icon 946
Türkmenistanyň Prezidenti Ruhyýet köşgünde baýramçylyk konsertine gatnaşdy

Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň şu gün paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde bolan konserti Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk toýunyň hormatyna geçirilýän dabaralaryň ajaýyp aýdym-saz bezegi boldy.

Bu baýramçylyk her bir türkmenistanly üçin aýratyn gymmatlydyr, sebäbi hut Garaşsyzlygymyza eýe bolmagymyz bilen, halkymyzyň mähriban Watanymyzyň arassa we parahat asmanynyň astynda erkin hem-de bagtly durmuşda ýaşamak baradaky mukaddes umyt-arzuwlary hasyl boldy. Häzirki wagtda özbaşdak bitarap döwlet bolan, uly halkara abraýyna hem-de parahatçylygy üpjün ediji ýurduň mynasyp şöhratyna eýe bolan Türkmenistan ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň, zeminiň ähli halklarynyň bagtynyň we abadançylygynyň hatyrasyna giň hyzmatdaşlyk üçin açyk bolan ýurtdur. Täze Galkynyş eýýamynda giňden bellenilýän Garaşsyzlyk toýy taryhy jähetden uly waka boldy, ol Garaşsyz Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna aýdyň sahypa bolup girer.

Ýurdumyzyň baş baýramyna bagyşlanylan ägirt uly dabaralar, uly möçberli toý çäreleri, şu günler türkmenistanlylaryň başdan geçirýän ýokary ruhubelentligi we joşgunlylygy Garaşsyzlyk eýýamynyň, onuň gazanan üstünlikleriniň we ägirt uly mümkinçilikleriniň aýdyň beýany boldy. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Garaşsyz Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň belentliklerine tarap ynamly barýar.

Garaşsyzlygymyzyň we milli Galkynyşyň el bilen döredilen nyşany bolan Ruhyýet köşgi öz myhmanlaryny ähli ajaýyplygy bilen garşylaýar. Zalda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Umumymilli “Galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen diplomatiki wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, biziň ýurdumyzyň daşary ýurtlardaki ilçileri, hormatly ýaşulular, dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy hem-de döredijilik intelligensiýasynyň, daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, ähli bäş welaýatyň wekilleri otyrlar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda Türkmenistanyň ýakynda paýtagtymyzda bolan Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylar, biziň daşary ýurtlardaky watandaşlarymyz, dünýä türkmenleriniň XIV forumynyň delegatlary, şeýle hem şu ajaýyp günlerde biziň ýurdumyza gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar bar. Göýä, Garaşsyz, mähriban Watanymyza buýsanç duýgusyna beslenen millionlarça türkmenistanlylar hem bu dabara gatnaşýan ýaly.

Ajaýyp zal baýramçylyk lybasynda bezelipdir. Bu ýerdäki ähli zatlar uly dabaranyň ruhuna laýyk gelýär. Bu ýere ýygnananlar dik durup, şowhunly el çarpyşmalar bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy garşylaýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýaşulular maslahatynyň ýakynda bolan mejlisinde Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy hem-de ýokary döwlet sylagynyň – “Altyn Aý” medalynyň gowşurylmagy öz milli Liderine türkmen halkynyň çäksiz hormat goýýandygynyň aýdyň nyşany boldy.

Owadan milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanyna ajaýyp güýz gülleriniň dessesini gowşurýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, özi üçin ýörite bellenen ýere geçýär.

Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň Döwlet senasy ýaňlanýar we zaldaky tomaşaçylaryň müňlerçesi senanyň owazyna öz seslerini goşýarlar.

Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdymçylary we hory tarapyndan ýerine ýetirilen “Türkmenistan gül--läleli mekan” atly watançylyk aýdymy ýurdumyzyň baş sahnasynda ýaýbaňlanan ägirt uly baýramçylyk çykyşlarynyň ajaýyp owazy boldy.

Ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň ruhubelentlik bilen ýerine ýetiren “Dowamat-dowam” atly edebi aýdym-sazly kompozisiýasy bu ýere ýygnananlaryň nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, ýokary ruhy däpleriň dowam edýändigini duýmagyna getirýär. Ýaş aýdymçylaryň we çagalar tans toparlarynyň “Biz Watanyň gül--läleleri” atly çykyşlary baýramçylyk konsertiniň aýdyň we mazmunly girişiniň dowamy boldy.

Şu gün Ruhyýet köşgi ähli döredijilik işgärlerine öz gapylaryny giňden açdy. Ol sungatyň dürli görnüşlerinde we žanrlarynda işleýän iň oňat ussatlara öz sahnasyny hödürledi. Ýurdumyzyň iň oňat ussat we höwesjeň toparlary, meşhur aýdymçylar we türkmen estradasynyň parlak ýyldyzlary, şöhrat gazanan tans we halk döredijiligi toparlary biri-biriniň yzyndan çalşyp, tomaşaçylara öz ussatlyklaryny görkezdiler. Artistleriň özleri üçin şu şanly günde ýurdumyzyň baş sahnasynda çykyş etmegi olaryň ussatlygyny we başarnygyny ykrar etmegiň ýokary beýany boldy. Gadymy mukamlar we häzirki zaman aýdymlaryny, nusgawy sazyň iň oňat nusgalaryny, estrada eserlerini, köp dürli tanslary, özboluşly aýdym-horeografiki we edebi-sazly kompozisiýalary özünde jemlän baýramçylyk konsertiniň maksatnamasy täze Galkynyş eýýamynda mundan beýläk-de ösüşine kuwwatly itergi alan türkmen sungatynyň baý mümkinçiliklerini beýan etdi.

Ýurdumyzyň bäş welaýatynyň ählisinden bagşylaryň we halk döredijiligi tans toparlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetirmeginde “Täze galkynyşly ýola buýsanýan” atly ajaýyp edebi – sazly kompozisiýa tomaşaçylara aýratyn lezzet berdi.Türkmenleriň pikir-oýlary we ymtylyşlary hakynda gürrüň berýän gadymy we häzirki zaman aýdym-sazlar oňa girdi. Ony ýerine ýetirijiler aýdym-sazyň we tansyň üsti bilen mähriban topragymyzyň gözelligi, täze Galkynyş eýýamynda onuň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň özboluşly urp-adatlary we däp-dessurlary, başarnygy hem-de ruhubelentligi hakynda gürrüň berdiler.

Opera artistleri, hor we tans toparlary täze taryhy eýýamda gaýtadan dikeldilen “Zöhre we Tahyr” operasyndan bölekleri görkezdiler. Türkmen estradasynyň ýyldyzlarynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzyň Garaşsyzlygyna, mähriban topragymyzyň öçmejek gözelligine we baky ynsan gymmatlyklaryna bagyşlanylan meşhur aýdymlar ýaňlandy.

“Bedew bady bilen” atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa--täze Galkynyş eýýamynyň, täze döwrüň ägirt uly işleriniň başyny başlaýjy we ýolbaşçysy bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan eýýamyň joşgunly odasy baýramçylyk konsertiniň aýdyň jemlemesi boldy. Bu ýere ýygnananlar dik durup, şowhunly el çarpyşmalar bilen türkmen halkynyň bagtynyň, Watanymyzyň kuwwatynyň pugtalanmagynyň, Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň ägirtliginiň we ýokary halkara abraýynyň ykrar edilmeginiň hatyrasyna alyp barýan ýadawsyz işi üçin milletiň Liderine tüýs ýürekden çäksiz hoşallygy beýan edýärler.

Baýramçylyk konsertine gatnaşyjylaryň hemmesi tarapyndan ýerine ýetirilen hem-de Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň täze Galkynyş eýýamynyň özboluşly senasyna öwrülen “Arkadag, Galkynyş, mähriban Türkmenistan” aýdymy dabaranyň kuwwatly jemlýeji çykyşy bolup Ruhyýet köşgünde ýaňlandy. Onuň ruhubelent owazy we milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanylan ajaýyp sözleri hem-de döwlet Baştutanynyň köptaraply işi hakynda gürrüň berýän wideo görnüşler mähriban Watanymyz üçin ýokary buýsanç, ösüşiň hem-de parahatçylykly döredijiligiň belentliklerine ymtylyşy bilen zala ýygnananlaryň ählisiniň kalbyny doldurdy.

Konsert tamamlanandan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyga gatnaşyjylar we myhmanlar bilen mähirli hoşlaşyp Ruhyýet köşgüniň binasyndan çykdy.