Ï Türkmenistanyň Prezidenti resminamalara gol çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti resminamalara gol çekdi

view-icon 634
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda çäk bitewiligini, konstitusion gurluşyny, asudalygy goramakda bitiren hyzmatlaryny, Watanymyzyň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmakda, şeýle hem Watan goragçylaryny mertlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaraly harby ýörişi taýýarlamaga we geçirmäge işjeň gatnaşandyklaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary «Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.

* * *
Harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, ýurdumyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlary üçin hem-de jemgyýetde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy goramakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynyň 11-nji bölümine laýyklykda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlary dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi.

* * *
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranmak ukybyny berkitmäge, döwletimiziň we raýatlarymyzyň howpsuzlygyny, kanunçylygy, hukuk tertibini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz wepaly gulluk edýändiklerini, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, hünär ussatlygyny, gazanan ajaýyp üstünliklerini nazarda tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir topary döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy.