Şu gün ýurdumyzyň baş meýdançasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk dabaralary tamamlanan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna döwlet sylaglaryny gowşurdy we nobatdaky ýörite harby atlary berdi. “Oguzhan” Köşkler toplumynda geçirilen dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Şeýle hem dabara gatnaşyjylaryň arasynda Türkiýäniň ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýan bar.
Bu ýerde türkiýeli myhman hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy we döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýandygyny aýdyp, türkmen-türk işewürler geňeşiniň Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlygyň 20 ýylynda ösüşde gazanan üstünlikleri üçin diýen baýraga mynasyp bolandygy baradaky hoş habary mälim etdi we dabaraly ýagdaýda baýragy gowşurdy.
Türkiýäniň ykdysadyýet minitsriniň belleýşi ýaly, gönüden-göni hormatly Prezidentiň tagallasy netijesinde Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky işjeň gatnaşyklar hemme taraplaýyn ösdürilýär. Bu bolsa Türkiýäniň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Hut şonuň üçinem Türkiýäniň tutuş halky hem-de Türkmenistanda işleýän kompaniýalaryň ýolbaşçylary, işgärleri özleriniň hoşallyklaryny beýan edýärler diýip, myhman aýtdy.
Türkiýeli işewür doganlyk ýurt bolan Türkmenistanda daşary ýurtly işewürler, şol sanda Türkiýäniň kompaniýalarynyň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini belläp, munuň özi ygtybarly hem-de öz borjuna jogapkärli çemeleşýän ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyny şertlendirýär diýip belledi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen-türk işewürler geňeşiniň “Garaşsyzlygyň 20 ýylynda ösüşde gazanan üstünlikleri üçin” diýen baýragyň berlendigi üçin Türkiýäniň daşary-ykdysady aragatnaşyklar guramasynyň ýolbaşçylaryna hem-de wekillerine minnetdarlyk bildirdi.
Men bu baýragy bütin türkmen halkyna bildirilen ýokary sylag-hormat iki ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýene-de bir subutnamasy hökmünde kabul edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, bu baýrak ýurdumyzda iri möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň, döwletimiziň sebit we halkara derejesinde netijeli işiniň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz bu ýokary sylag üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Türkiýe Respublikasynyň jar edilen güni bilen gutlady we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Güle hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy.
Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlary mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bilen ýene bir ýola gutlap, hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilik syýasaty durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan halkyň mynasyp durmuş derejeleri üçin ähli şertleriň döredilmegini özüniň baş maksady edip goýýar we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, häzirki döwürde adamlary tolgundurýan ähli derwaýys meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryna işjeň gatnaşýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň yzygiderli ösüşinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ägirt uly goşandynyň bardygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olar mähriban topragymyzyň parahatçylygyny hem-de asudalygyny, raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmek ýaly öz öňlerinde goýlan wezipeleri hormat bilen ýerine ýetirýärler diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, türkmen harby gullukçylary we hukuk goraýjy düzümleriň işgärleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, ýurdumyzyň howpsuzlygynyň we araçäkleriniň eldegrilmesizliginiň goragynda berk durýarlar.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň goranyş kuwwatynyň pugtalanmagyna, kanunçylygyň we hukuk tertibiniň üpjün edilmegine, şeýle hem Watanymyza, halkymyza halal gulluk etmek işine mynasyp goşant goşýan harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak we nobatdaky harby derejeleri bermek baradaky çözgüdi yglan edýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna” we “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly ýubileý medallary bilen sylaglamak hakyndaky we olaryň birnäçesine harby hem-de ýörite harby atlary bermek baradaky Permanlara gol çekdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny we işgärlerini “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjya” atly ýubileý medaly we döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby hem-de ýörite harby atlary bermek hakyndaky Permanlara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe döwlet sylaglaryny we ýörite harby atlary gowşurmak bilen baglanyşykly dabaralary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Soňra ýurdumyzyň milli parlamentiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakyndaky Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyny okaýar. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda milli Liderimize döwlet sylagyny gowşurýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna döwlet sylaglary we ýörite harby atlary dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow sylaga mynasyp bolanlary gutlap, olaryň Watana wepaly gulluk etmeklerini we asylly işlerinde uly üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdi.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýokary sylag we bildirilen ynam üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, mundan beýläk-de Watanymyza wepaly gulluk etjekdiklerine, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, mähriban halkymyzyň parahatçylgynyň we asudalygynyň, türkmen jemgyýetiniň bitewüliginiň hem-de agzybirliginiň goragynda berk durjakdyklaryna ynandyrdylar.
Soňra dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentini Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy, şeýle hem “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” diýen ýubileý medalyň gowşurylmagy we tükmen-türk işewürler geňeşiniň “Garaşsyzlygyň 20 ýylynda ösüşde gazanan üstünlikleri üçin” diýen baýragyň berilmegi bilen ýene bir ýola gutladylar we milli Liderimize ajaýyp gül desselerini gowşurdylar.
Döwlet Baştutanynyň bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşanda, şu gün bellenýän şanly baýramçylygyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna we ähli şahsy düzümlerine, şeýle hem tutuş halkymyza özüniň iň gowy arzuwlaryny aýtdy.