Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri jenap Zafer Çaglaýany kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy milli baýram – Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy bilen gutlap, Türkiýäniň Prezidenti Abdulla Gülüň we Premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdoganyň adyndan gutlag sözlerini we bütin türkmen halkyna abadançylyk hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlaryny gowşurdy. Zafer Çaglaýan şeýle hem türkmen Liderini Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy we ýokary döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary wezipeli myhmany mübärekläp, Türkmenistanda hoşniýetli goňşulary we ygtybarly hyzmatdaşlary görmäge hemişe şatdyrys diýip nygtady. Olar bilen gatnaşyklar häzirki döwürde täze mümkinçilikler nazara alnyp üstünlikli ösdürilýär.
Zafer Çaglaýan Türkiýäniň hökümet we işewür toparlarynyň ykdysadyýetde, durmuş we medeni ulgamlarda ýokary depginleri görkezýän Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Türkiýede Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, häzirki zamanyň derwaýys meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýändigini nygtady.
Myhman soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan döwletara türkmen-türk hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde türkmen Lideriniň aýratyn ornuny belläp, Türkmen-türk işewürler geňeşiniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hormatly sylagyň – “Garaşsyzlygyň 20 ýylynda ösüşde gazanan üstünlikleri üçin” diýen baýragyň gowşurylýandygy hakyndaky çözgüdi habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz işine berlen ýokary baha üçin minnetdarlyk bildirip, bu sylagy bütin türkmen halkyna çuňňur hormat-sarpanyň nyşany, Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky doganlyk we dostluk gatnaşyklarynyň ýene-de bir subutnamasy hökmünde kabul edýändigini nygtady. Bu waka ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikleriň, biziň döwletimiziň sebitde we halkara derejesinde alyp barýan netijeli işleriniň bütin dünýä tarapyndan ykrar edilmegini alamatlandyrýar diýip, milletiň Lideri aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanlary ýetip gelýän baýram – Türkiýýe Respublikasynyň döredilen güni bilen gutlap, Türkiýe Respubilkasynyň Prezidenti Abdulla Güle iň gowy arzuwlaryny aýtdy hem-de Türkmenistanyň mundan beýläk hem doganlyk türk halky bilen dostluk we hyzmatdaşlyk ýoly bilen gitjekdigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky dostulk we doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdigine ynam bildirip, birek-birege hem-de iki döwletiň halklaryna parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.
Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanadky Adadatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şewki Mýutewellioglu gatnaşdy.