Ï Aşgabatda Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine garald
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine garald

view-icon 557
Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzhan” Köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk dabarasyna gatnaşmak üçin düýn Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Russiýa Federasiýasynyň bu iri sebitiniň baştutany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli we göwnaçyk ýagdaýda kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ählihalk söýgüsi hem-de hormaty hökmünde döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy we Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylmagy hem-de bu gün hakyky özbaşdaklygyň ýörelgeleriniň dabaralanmagyny alamatlandyrýan we häzirki zamanda Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň ýoluny kesgitlän uly we röwşen baýramçylyk bilen gutlady.

Belent mertebeli myhman bu gün doganlyk türkmen halky bilen şeýle uly şatlygy paýlaşýandygyna tüýs ýürekden begenýändigini hem-de türkmen halkyna tüýs ýürekden parahatçylyk, müdimi bagt we abadançylyk arzuw edýändigini belledi.

Şeýle hem R. Minnihanow gysga döwürde dünýäniň has ösen döwletleriniň hataryna goşulmagy başaran türkmen döwletiniň şol uly üstünlikleri türkmen halkyny öz daş-töweregine jebisleşdirmegi hem-de halkyň döredijilikli güýjüni ählumumy ösüşe we rowaçlyga gönükdirmegi başaran milli Lilderiň paýhasy arkaly gazanylandygyny aýtdy. Täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistanyň haýran galdyrýan üstünlikleri Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeleriň, şeýle hem dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly, oňyn gatnaşyklaryň, netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna we ösdürilmegine gönükdirilen oýlanyşykly daşary syýasy ugrunyň ýöredilmeginiň gös-göni netijesidir diýip, belent mertebeli myhman nygtady.

Türkmen döwletiniň Baştutany ýakymly sözleri we arzuwlary üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň we onuň iri sebitleri, şol sanda Tatarystan bilen däbe öwrülen dostlukly, netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini hem-de Türkmenistany we Tatarystany öňden bäri taryhyň dowamynda ýola goýlup, hoşniýetli goňşuçylyga hem-de birek-birege hormat goýulmagyna we goldaw berilmegine esaslanýan ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygyny belledi.

Mähirli, göwnaçyk ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda ilki başdan deňhukuklylygyň we özara bähbitliligiň ýörelgeleri esasynda guralan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada jikme-jik we netijeli pikir alşyldy.

Söhbetdeşler soňky ýyllarda hyzmatdaşlygyň ösüşine güýçli badalga berlip, onuň ýokary derejä ýetirilendigini kanagatlanma bilen belläp, taraplaryň hyzmatdaşlygy dürli ugurlaryň giň toplumy boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleri ozal baglaşylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ýolundaky anyk ädimlerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.



Rustam Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň amatly mümkinçiliklere eýe bolan türkmen bazaryna gatnaşygyny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, ýurtda maýa goýumlary babatda oňaýly ýagdaýyň döredilmeginiň hem-de dünýäniň işewürçilik toparlarynyň arasynda ygtybarly işjeň hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistanyň uly at-abaraýynyň muňa degerli ýardam berýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň tatarystanly hyzmatdaşlar bilen köp ugurlar boýunça bilelikde işlemäge taýýardygyny tassyklap, köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk etmek arkaly toplanan tejribäniň milli we sebit derejesinde uly ähmiýete eýe bolan täze giň gerimli taslamalaryň hasabyna has-da baýlaşjakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany häzirki wagtda Türkmenistanyň we Tatarystanyň arasynda saklanýan netijeli gatnaşyklaryň Russiýa Federasiýasy bilen söwda-ykdysady we gumanitar-medeni hyzmatdaşlyk bilen baglylykda özara arkalaşykly hereket etmegiň oňat mysaly hökmünde hyzmat edip biljekdigini hem-de Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýete eýe olup durýandygyny hem-de soňky döwürde has sazlaşykly ösdürilýändigini belledi.

Taraplaryň ykrar etmegine görä, söwda-ykdysady gatnaşyklar, hususan-da, ýangyç-energetika toplumy, ulag, dokma senagaty, oba hojalygy, maşyn we gämi gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk köp ugurly türkmen-tatar gatnaşyklarynda aýratyn orny eýeleýär. Sport boýunça tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri aýratynlykda ara alnyp maslahatlaşyldy, Türkmenistanda we Tatarystanda sportuň ösdürilmegine içgin üns berilýär.

Döwlet Baştutany we belent mertebeli myhman häzirki wagtda hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň hem Türkmenistanyň we Tatarystanyň Respublikasynyň halklarynyň arasyndaky dostlugyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň döwletiň ösüşinde ileri tutulýan ugurlary göz öňünde tutup, ylym we bilim, şol sanda arheologik we etnografik ylmy barlaglary bilelikde geçirmek bilen bagly gatnaşyklaryň giňeldilmegine, hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy merkezlerinde hünär taýdan ýokary derejeli işgärleriň taýýarlanmagyna aýratyn üns berýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Prezidentine şanly baýramçylyk dabaralaryna gatnaşandygy hem-de doganlyk türkmen we tatar halklarynyň arasyndaky köp asyrlar bäri dowam edýän dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga mahsus ýörelgeleriň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna uly şahsy goşandy goşýandygy üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen Lideri Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Dmitriý Medwedýewe we dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy Wladimir Putine öz salamyny we tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny aýtdy.

Hoşlaşanlarynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow Türkmenistanyň we Tatarstanyň halklaryna bagt, abadançylyk we üstünlikleri arzuw etdiler hem-de Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň strategiýasyna hem-de özara uzak möhletleýin bähbitlere laýyk gelýän peýdaly hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigini ene-de bir gezek tassykladylar.

Şol gün Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow öz Watanyna ugrady.