Ï Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň ýokary wezipeli wekilini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň ýokary wezipeli wekilini kabul etdi

view-icon 577
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguzhan” köşkler toplumynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň şanly dabaralaryna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Ýan Kubişi kabul etdi.

BMG-niň ýokary wezipeli wekili myhmansöýerlik we hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirdi we türkmen döwletiniň Baştutanyna BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munyň salamyny hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny gowşurdy.

Şeýle hem Ýan Kubiş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy umumymilli baýramçylyk – rowaçlyk we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy hem-de ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolmagy bilen gutlady. Birleşen Milletler Guramasy türkmen Lideri tarapyndan ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine, demokratik we hukuk esaslaryna gönükdirilen giň möçberli özgertmelerini tüýs ýürekden makullaýar we tutuşlygyna goldaýar diýip, belent mertebeli myhman kanagatlanma bilen belledi.

Belent mertebeli myhman bilen mähirli görşüp hem-de öz adyna we türkmen halkynyň adyna aýdan iň oňat arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG bilen strategiki häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň tutuş Zeminde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň has netijeli ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Bu abraýly halkara guramasynyň täsiriniň güýçlendirilmeginiň halkara durmuşyna giňden gatnaşýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň geljekde hem BMG-niň düzümleri, şol sanda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge meýillidigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň ýörite maksatnamasyna başlyklyk ediji hökmünde Türkmenistanyň şu ýylda birbada möhüm çäreleriň ikisini geçirmek ýaly jogapkärçiligi alandygyny aýtdy. Şu ýylyň 7-8-nji iýunynda Aşgabatda 2010-njy ýylyň Ykdysady forumynyň dowamy hökmünde duşuşyk geçirildi. 10-11-nji noýabr aralygynda bolsa SPEKA-nyň Dolandyryjylar geňeşiniň nobatdaky mejlisini hem-de “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyna we goşulyşmagyna 20 ýyl: üstünlikler, çagyryşlar we gelejek” atly Ykdysady forum geçiriler.

Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda özara gatnaşyklaryň barha artýan depginini kanagatlanma bilen belläp, Ýan Kubiş Türkmenistanyň ileri tutulýan meseleleriň we häzirki döwrüň müşgillikleriniň çözgüdini tapmakda işjeň ornuna ýokary baha berdi. Muňa soňky ýyllarda amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi şaýatlyk edýär. Bellenilişi ýaly, bu gün türkmen döwleti häzirki zamanyň sebit we umumydünýä häsiýetine eýe bolan gyzyklanma bildirilýän başlangyçlarynyň awtory bolup çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe süren täze teklipleri hem munuň nobatdaky tassyklamasyna öwrüldi.

Türkmen tarapynyň Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak, ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, serişdeleri rejeli peýdalanmak, şeýle hem daşky gurşawy goramak ýaly gönüden-göni sebit meselelerine degişli başlangyçlaryna berilýän goldaw üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG bilen özara gyzyklanmalara laýyk gelýän köpýyllyk netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmenistanyň halkara özara gatnaşyklaryň bu we beýleki ugurlaryny ösdürmekde we pugtalandyrmakda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýan Kubiş milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hem-de üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna ýetilmegine gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalara özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Hoşlaşanlarynda, Türkmenistanyň Prezidenti öz myhmanyna onuň köpugurly işinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de öz adyndan mähirli salamyny we saglyk hem-de abadançylyk baradaky iň oňat arzuwlaryny BMG-niň Baş sekretary jenap Pan Gi Muna ýetirmegini haýyş etdi.