Ï Dünýä çempionatynyň medallary – Garaşsyzlyk baýramçylygyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dünýä çempionatynyň medallary – Garaşsyzlyk baýramçylygyna

view-icon 722
Termezde (Özbegistan) göreş boýunça geçirilen sekizinji dünýä çempionatynda türkmen türgenleri bürünç medallaryň üçüsini eýelediler. Ýaryşlara dünýäniň 40 döwletinden türgenler gatnaşdylar.

Erkekleriň arasynda 60 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen ýaryşda gatnaşyjylaryň 15-si medal ugrunda güýç synanyşdylar. Şonda Farap etrabyndan G.Zaripow öňdäki orunlaryň birini eýeledi. Zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda şeýle üstünlige M.Aýdogdyýewa (57 kilograma çenli) hem-de Türkmenabat şäherinden Ş.Kubaýewa (78 kilogramdan ýokary) mynasyp boldular.

Dünýä birinjiliginde eýelenen medallary biziň türgenlerimiz Türkmenistanyň şanly 20 ýyllygynyň baýramçylygyna bagyşladylar. Ozal habar berlişi ýaly, “alyş” göreşi boýunça golaýda tamamlanan ýene-de bir dünýä çempionatynda türkmen türgenleri bir kümüş we iki bürünç medala eýe boldular.

Bu üstünlikleriň ählisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlar baradaky atalyk aladasynyň netijesidir. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy, hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak, adamyň beden taýdan taplanmagy üçin hemme şertler döredildi. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň türgenleri bolsa milli Liderimiziň aladasyna ýokary netijeler bilen jogap berýärler.