Ï Ulag we aragatnaşyk ulgamynyň işgärleri üçin täze myhmanhana...
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ulag we aragatnaşyk ulgamynyň işgärleri üçin täze myhmanhana...

view-icon 701
Şu günler Awazanyň deňiz ýakasynda syýahatçylyk infrastrukturasyna degişli onlarça häzirkizaman desgalary gurulýar. Bary – ýogy iki- üç ýylyň dowamynda 15 sany köpugurly toplumlar öňki dynç alyş we sagaldyş merkezleriň üstüni dolarlar.

Bu desgalaryň arasynda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynyň işgärleri üçin 12 gatdan ybarat bolan myhmanhana hem gurulýar. Degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň paý gatnşygynda gurulýan bu 234 orunlyk bäşýyldyzly kaşaň myhmanhananyň buýrujysy Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary Döwlet gullugy baş potratçy bolan „Belda“ türk gurluşyk kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy.


Myhmanhananyň görnüşi biri-biriniň üstünden aşýan tolkunlaryň kenara baryp urşuny , myhmanhananyň iki tarapy hemme amatlykly otaglary hem-de daş- töweregi synlamak üçin ýörite ýeri bolan gatlary bolsa örküçli tolkunlary ýadyňa salýar. Myhmanhananyň minarasynyň beýikligi 60 metre golaý bolup, binagärligiň häzirkizaman öwüşginlerini özünde jemleýär.

Inžener-tehniki, köpçülikleýin sport infrastrukturasyny göz öňünde tutmanyňda myhmanhana toplumy alty sany bölekden ybarat bolup, onuň üç bölegi 12 gatly myhmanhana degişli. Esasy girelge we ýapyk howuz Awazanyň kenarynyň awtomagistral tarapyndan gurulýan minarasyna ýanaşyk bolar. Deňiz tarapyndan bolsa hazirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän kaşaň restoran gurlar. Bu gurluşykda alnyp barylýan ilkinji tapgyrlaýyn işler tamamlandy.

Myhamnhananyň guruljak ýeriniň topragyny dykyzlandyrmak üçin Jet Grouting öňdebaryjy tehnologiýasy ulanyldy. Burawlaýjy enjamlaryň kömegi bilen fundamentiň çukurynda 2 müňe golaý guýy, ýagny skwažinalar burawlandy. Olara 450 we ondan ýokary atmosfera basyşy bilen sementi guýup, diametri 60 we ondan köp santimetr bolan diregleri taýýarladylar. Diregler biri birine ýygy duranlygy üçin düýpdäki gysylan toprak daş ýaly gaty boldy. Başgaça aýdanymyzda myhmanhana ulgamy emeli usul bilen döredilen, öz berkligi boýunça bütewi dag jynsyndan pes bolmadyk dykyzlandyrylan platformada gurulýar.

Gurluşygy alyp barmaklygyň talaplaryna laýyklykda dykyzlandyrylan düýp topragyň üstüne çägeli we çagylly garyndy ýazylyp tapbatlandy we beton örtükli goraýyş gaty döredildi. Beýik binanyň monolit demir-beton esaslandyrmasyny guramak üçin bu gurluşyk meýdançada işler ýaýbaňlanýar.

Geljekgi myhmanhananyň daş-töwereginiň 5,85 gektar meýdanyny abadanlaşdyrmaga hem aýratyn üns beriler. Häzirki zaman dynç almagyň we syýahatçylygyň industriýasynyň gazananlaryny öz içinde jemleýän bu myhmanhananyň kaşaň binasy binagärçiligiň we jaý bezegiň hakyky ajaýyp nusgasy bolar. Bu bina köşk-seýilgäh sazlaşygynynyň merkezine öwrüler. Esasy maksat Awazanyň kenarynyň ajaýyp gözelligini gorap saklamak bolup durýar. Bu maksat üçin kenardaky dynç alyş ýerlerini ýygnalýan we täzeden gurnalýan ýodajyklar bilen üpjün etmek we kenaryň çägelerini ýörite enjamlar bilen yzygiderli arassalamak göz öňünde tutulýar.