Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 809
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi, oňa Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň birnäçesi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan meseleleri, hususan-da, obasenagat ulgamynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny ýerine ýetirmek babatda welaýatlarda hem-de paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy gün tertibine girizildi.

Döwlet Baştutany öňi bilen göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi D.Myratberdiýewiň hasabatyny diňledi, ol welaýatda geçirilýän işler, şol sanda möwsümleýin oba hojalyk çäreleriniň, pagta ýygym möwsüminiň we güýzlük däne ekişiniň barşy barada hasabat berdi. Welaýatyň ýolbaşçysy ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak babatda öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hem aýtdy.

Döwlet Baştutany oba hojalygyna degişli meýdan işleri baradaky meselä ünsi çekip, ekerançylyk meýdanlaryndan “ak altynyň” ösdürilip ýetişdirilen ähli hasylyny gysga möhletde ýygnamak, şeýle hem güýzlük däne ekişini tamamlamak üçin ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagy talap etdi. Şunda milletiň Lideri güýzlük däne ekinlerine ideg etmek boýunça degişli agrotehniki çäreleri oňat hilli geçirmegiň möhümdigini belledi, bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek gönüden-göni şoňa baglydyr. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäginde şu ýylyň dowamynda gurlyp gutarylmagy meýilleşdirilen desgalaryň gurluşyklarynyň ýylyň ahyryna çenli we ýokary hilli tamamlanmagyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi.

Milli Liderimiz göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna welaýatyň Kaka etrabynyň häkimi wezipesine bellenmegi teklip edilýän R.Aşyrowy çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz R.Aşyrowa Kaka etrabynyň zähmetsöýer ilatynyň hem-de sahy topragynyň bardygyny aýdyp, ähli ugurlar boýunça ýokary netijeleri gazanmak babatda etrabyň düzümleriniň sazlaşykly işini ýola goýmak barada anyk tabşyryklary berdi we onuň etrabyň häkimi wezipesine bellenýändigi baradaky resminama gol çekdi. Şeýle hem täze bellenen häkime işde üstünlik gazanmagy arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýewi göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna çagyrdy. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynda hem ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, onuň esasy maksady adamlaryň abadan durmuşy, amatly ýaşaýşy we netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döretmekden ybaratdyr diýip nygtady.

Soňra hasabat bermek üçin Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowa söz berildi. Häkim günbatar welaýatda işleriň ýagdaýy we möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň depginleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň welaýatda ýaşaýyş-durmuş we senagat düzümini ösdürmäge degişli beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri Balkan welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda galan pagta hasylyny doly ýygnamak boýunça ähli zerur çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti bu meseläni dowam etdirip, agrotehniki kadalaryň we talaplaryň ählisini sazlaşykly berjaý etmek bilen, beýleki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we oňat hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini nygtap, oba hojalyk ekinleriniň geljekki hasylynyň ykbaly esasan şol işleriň geçirilişine baglydyr diýip belledi.

Döwlet Baştutany welaýatda şu ýyl gurlup gutarmagy meýilleşdirilen desgalaryň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, olaryň ählisinde gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmek hem-de olary meýilleşdirilen möhletlerde ulanmaga bermek üçin ähli zerur çäreleri görmek barada tabşyryk berdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, gözegçilik edýän Balkan welaýatynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda gurulýan durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň gidişine berk gözegçilik etmegiň möhümdigine ünsi çekip, sebitiň ähli ugurlar boýunça has-da ýokary netijeleri gazanmagy ugrunda bilelikde ähli tagallalary görmegi tabşyrdy.

Soňra milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli göni aragatnaşyga Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewi çagyrdy, ol welaýatda, şol sanda obasenagat toplumynda amala aşyrylýan işler hem-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň çäginde şu ýylyň dowamynda gurulmagy meýilleşdirilen desgalar, hususan-da, gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bina edilýän elewatoryň gurluşygy barada aýtdy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, demirgazyk welaýatda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça anyk çäreleri görmegi tabşyryp, pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak üçin ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Munuň üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça anyk işleri durmuşa geçirmegi, mundan başga-da, gurulýan desgalaryň ýokary hilli gurulmagyny we ýylyň ahyryna çenli tabşyrylmagyny üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Türkmenistanyň Prezidenti häkimden diňe bir oba hojalyk pudagynda däl, eýsem, welaýatyň ykdysadyýetiniň beýleki pudaklarynda alnyp barylýan işleriň-de netijeli bolmagy üçin tagalla etmegiň zerurdygyny belledi we öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow hasabat bilen çykyş etdi. Ol öz nobatynda welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem güýzlük däne ekişini we pagta ýygymy möwsümini öz wagtynda tamamlamak maksady bilen görülýän çäreler hakynda aýtdy. Şeýle hem häkim welaýatda dürli maksatly täze desgalaryň gurulmagyny göz öňünde tutýan toplumlaýyn ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň hormatyna guralan dabaralar ýurdumyzyň durmuşyň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünliklere beslenendigini alamatlandyrdy, indi Watanymyzyň mundan beýläk-de abadançylygyny we gülläp ösüşinii üpjün etmek maksady bilen, bu üstünlikler has-da berkidilmelidir hem-de baýlaşdyrylmalydyr diýip belledi.

Milli Liderimiz soňra Lebap welaýatynyň oba hojalyk ulgamynyň işiniň ilkinji nobatdaky taraplaryna ünsi çekip, ähli güýçleri, şol sanda bar bolan degişli oba hojalyk tehnikasyny ekerançylyk meýdanlarynda galan pagtany ýygnamaga, şeýle hem güýzlük bugdaýyň ekişini tamamlamaga jemlemegiň zerurdygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti bu barada aýdyp, şunuň bilen baglanyşykly ähli meseleleri çözmäge guramaçylykly çemeleşmegi talap etdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyna gözegçilik edýän wise-premýer O.Gurbannazarowyň hem hasabatyny diňledi. Wise-premýer öz gözegçilik edýän welaýatynda alnyp barylýan işleriň netijeleri we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada-da hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Milli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmek we Lebap welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmek meselesine ünsi çekip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi hem-de degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmagy wise-premýerden talap etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli göni aragatnaşyk boýunça geçirilen iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowyň hasabatyny diňledi, ol ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda, şol sanda oba hojalyk pudagynda welaýatda ýaýbaňlanan işleriň barşy barada hasabat berdi, hususan-da, hakim güýzlük bugdaýyň ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy hakynda, şeýle hem täze desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak barada görülýän çäreler hakynda aýtdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň obasenagat toplumynyň öňünde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, bu ýerde, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda bolşy ýaly, güýzlük däne ekişini bellenen möhletde tamamlamak, şeýle hem daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny doly ýygnamak esasy talap bolup durýar diýip nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde, şanly seneler mynasybetli düzülýän medeni maksatnamalaryň ýokary derejede bolmalydygyna ünsi çekip, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän maslahatyň şu ýerinde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewiň hasabatyny diňledi. Wise-premýer hasabatynda özüniň gözegçilik edýän Mary welaýatynda işleriň barşy barada habar berdi

Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynda gurulýan dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň ýokary hiliniň üpjün edilmegi hem-de olaryň öz wagtynda tamamlanmagy üçin zerur çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra döwlet Baştutany wideoşekilli göni aragatnaşyga Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarowy çagyrdy. Ol öz çykyşynda ýurdumyzyň bank ulgamynda alnyp barylýan işler, şeýle hem dünýäniň 12 ýurdundan 50-den gowrak bilermeniň gatnaşmagynda geçirilen “Türkmenistanda maliýe ulgamynyň we bank işiniň ösüşi” atly halkara maslahatynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygyny we ýurdumyzyň bank ulgamynyň ähli işgärlerini milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 18 ýyllygy bilen gutlady hem-de bank ulgamynyň ösüşinde abraýly halkara maliýe guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar diýip belledi. Şeýle hem milli Liderimiz Türkmenistanyň ykdysadyýetinde dünýä maliýe-ykdysady çökgünligi duýulmady, ony halkara maliýe guramalarynyň bilermenleri birnäçe gezek bellediler, olar ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady we maliýe özgertmelerine ýokary baha berdiler diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu nukdaýnazardan durmuşa geçirilýän çäreler bank ulgamynyň işiniň has-da kämilleşdirilmegini üpjün eder.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasary M.Nurmämmedowy çagyrdy, ol özüne ynanylan ulgamda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleri hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan oba hojalyk pudagyny belent sepgitlere çykarmagyň täze taryhy eýýamda ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belläp, obasenagat toplumynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak üçin bar bolan ähli serişdeleri doly derejede durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtady. Bu babatda döwlet Baştutany täze tilsimatlary, hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullaryny we ylmy taýdan çemeleşmäni türkmen halkynyň baý ekerançylyk tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyryp, obasenagat toplumynyň işine, onuň ähli ugurlaryna işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Maslahatyň barşynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyza paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleri, şäheriň ulag-aragatnaşyk we inžener-tehniki düzümini kämilleşdirmek, paýtagtymyzy toplumlaýyn abadanlaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilişi hakynda hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda hakim milli Liderimize Aşgabatda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar barada habar berdi we olaryň taslamalaryny görkezdi hem-de täze desgalaryň, hususan-da, köp gatly awtoduralgalaryň ýerleşjek ýerleri barada aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, birnäçe iri täze desgalarda işleriň ýagdaýy, şeýle hem şäher hojalygynyň ýaşaýyş jaý-jemagat we beýleki gulluklarynyň işiniň guralyşynyň derejesini ýokarlandyrmak we şunuň bilen baglanyşykly Aşgabadyň durmuş-üpjünçilik ulgamynyň, hususan-da, energiýa üpjünçilik pudagynyň işini kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalara käbir düzedişleri girizip, olary umuman makullady. Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzda öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna ykjam taýýarlyk görmek maksady bilen toplumlaýyn işleri amala aşyrmagy we wezipelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazowyň hasabatyny hem diňledi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli ýerlerinde we Aşgabatda binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny belläp, adamlar üçin häzirki zaman we ähli amatlyklary döretmek meselelerine aýratyn üns berdi. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde we ilatly ýerlerinde hem ýaşaýyş jaýlaryny, köçeleri abadanlaşdyrmak, täze seýilgäh zolaklaryny döretmek hem-de arassaçylygy we tertip-düzgüni üpjün etmek şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm bölegi bolup durýar diýip belledi. Soňra döwlet Baştutanymyz täze taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilişiniň barşynyň üstünde durup geçdi we olara birnäçe düzedişleri girizdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewi çagyrdy. Ol öz çykyşynda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklary boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda şu ýylyň dowamynda gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda, hususan-da, welaýatlaryň ählisinde bina edilýän elewatorlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyny öwrenmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilen söhbetdeşligiň jemini jemläp, şu günki seredilen meseleleriň möhümdigini nygtap, şol wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, halkyň abadan, ähli babatda mynasyp durmuşy üçin uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara işde we öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.