Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň binasynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine, şeýle hem birnäçe guramaçylyk meselelerine seredildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açmak bilen, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Milli Goşynymyzyň ähli kysymlarynyň çykyşlary guralan dabaraly harby ýörişe ýokary baha berip, Türkmenistanyň milli Ýaragly Güýçleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegine hem-de onuň binýadynyň pugtalandyrylmagyna döwletimiz uly üns berýär diýip belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan özüniň bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy hem-de durnuklylygy ugur edinýär.
Munuň özi adamzady tolgundurýan düýpli meseleleriň çözülmegine, dünýäde durnukly ösüşiň, parahatçylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýän türkmen döwletiniň daşary syýasat ugrunyň parahatçylyk söýüjilik esaslaryna daýanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň milletler bileleşiginiň işjeň goldamagyna mynasyp bolan parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty, ýurduň goranyş häsiýetine eýe bolan harby doktrinany alyp barýandygy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy düzümleriniň öňünde duran wezipeleri şertlendirýär.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirişleri hem-de özlerine ynanylan düzümlerdäki işleriň ýagdaýy hakyndaky hasabatlaryny diňledi.
Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol milli Liderimize giň möçberli harby özgertmeleri durmuşa geçirmegiň barşy, şeýle hem häzirki zaman türkmen jemgyýetinde durmuş-jemgyýetçilik durnuklylygyny, bitewüligi we ylalaşygy üpjün etmek maksady bilen Milli howpsuzlyk ministrliginiň durmuşa geçirýän çäreleri hem-de täze Galkynyş eýýamynyň beýik maksatlarynyň berkarar bolmagy ugrunda alyp barýan işleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýurduň abadançylygynyň we onuň halkynyň bagtyýarlygynyň kepili bolup hyzmat edýän amatly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýa yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we mähriban Watanymyzyň serhetleriniň ygtybarlylygyny we eldegrilmesizligini üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Milli Liderimiz Döwlet serhet gullugynyň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigini hem-de örän jogapkärlidigini bellemek bilen, serhetçiler özleriniň mukaddes borçlaryny ýerine ýetirmek arkaly Türkmenistanyň serhetleri biziň ýurdumyzyň hoşniýetli goňşulary hem-de uzakmöhletleýin hyzmatdaşlary bolan ähli goňşy döwletler bilen oňyn gatnaşyklary ýola goýmakda dostluk serhedi bolmalydyr diýip belledi.
Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň çäklerinde alnyp barylýan işler, hususan-da, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ony kämilleşdirmek, ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak, şeýle hem harby gullukçylar we olaryň maşgalalary üçin amatly gulluk hem-de ýaşaýyş şertlerini döretmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Milli Goşunymyzyň öňünde durýan wezipeleriň derwaýysdygy barada aýtmak bilen, Goranmak ministrliginiň ýolbaşçysyna mundan beýläk-de ýaş esgerleriň söweşjeň taýýarlygy boýunça alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Türkmen esgerleri şöhratly türkmen halkynyň asylly däpleri esasynda hünär ussatlyklaryny artdyrmalydyrlar, şeýle hem olaryň harby gullugy üstünlikli alyp barmaklary, Watanymyzyň goragçylary üçin ýokary derejeli durmuş we dynç alyş şertleriniň döredilmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradowa söz berildi.
Ol häzirki döwürde prokuratura edaralarynda alnap barylýan işleriň ýagdaýý we döwletimiziň hem-de jemgyýetiň işiniň ähli pudaklaryndaky kanunçylyga yzygiderli we berk gözegçiligi amala aşyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz prokuratura işgärleriniň wezipeleriniň ägirt uly jogapkärçiliklige eýedigini bellemek bilen, öz işine ökde, kämil hünärli işgärleri saýlap almak we ýerli-ýerinde goýmak ýaly möhüm ugra mundan beýläk-de pugta üns bermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurrdumyzda kanunçylygyň üpjün edilmegine gönüden-göni jogap berýän düzümde örän halal we hemmetaraplaýyn bilimli, ýurdumyzyň kanunlaryny öz şahsy bähbitlerinden ýokary tutýan adamlar işlemelidir.
Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy A.Garaýew özüniň gözegçilik edýän düzminde neşekeşligiň we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Hukuk goraýjy edaralarynyň işini saglygy goraýyş, bilim ulgamlary, şeýle hem Umumymilli “Galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalary bilen utgaşdyrmagyň derwaýysdygy barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz bu möhüm ugurdaky işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.
Türkmenistanyň Içeri işler ministri I.Mulikow ministrligiň düzümleriniň alyp barýan işleri, şeýle hem ýurtda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän anyk çäreler barada hasabat berdi.
Jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmek işinde Içeri işler ministrligine möhüm orun degişlidir diýip belläp, milli Liderimiz munuň özi ýokary döwlet wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň baş ugrudyr diýip aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz özleriniň döredijilikli zähmeti bilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň binýadyny pugtalandyrýan raýatlarymyzyň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň, ony hemme taraplaýyn goramagyň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri we ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada ýurdumyzyň Ýokary kazyýetiniň başlygy A.Hallyýew hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurtda ýaýbaňlandyrylan hukuk özgertmeleriniň derwaýysdygy barada aýtmak bilen, kazyýet edaralarynyň işiniň adamlaryň bagtyýarlygy we abadançylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezilýän Türkmenistanyň syýasatynyň maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelmelidigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň Adalat ministri M.Garryýew ministrligiň işi we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy hem-de kämilleşdirilmegi ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ministr düzümiň işiniň täze Galkynyş eýýamynyň hem-de halkara hukuk kadalarynyň talaplaryna laýyk getirilmegi, hereket edýän kanunlary ilat arasynda wagyz edilmegi boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ilata ýokary derejeli hukuk kömeginiň berilmegine ünsi çekdi we raýatlary yzygiderli guralýan jemgyýetçilik kabul edişlikleriniň çäklerinde geeňşmeleriň geçirilmeginiň zerurdygyny belledi.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz gullugyň alyp barýan işiniň möhümdigi barada aýdyp, geçýän ýüklere degişli gözegçiligi üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmän, garamagyndandaky edaralarda düzgün-nyzamyň gowşadylmagyna ýol berendigi üçin Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýewe berk käýinç yglan etdi.
Ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de döwlet Baştuanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyza gelýän daşary ýurtly raýatlaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny belläp, munuň özi häzirki döwürde Türkmenistana dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bildirilýän gyzyklanmalaryň hemmetaraplaýyn artýandygyny subut edýär diýip aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gullugyň borçlaryndan we ygtyýarlylyklaryndan gelip çykýan birnäçe möhüm wezipelere ünsi çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesine M.Gurdowy bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.
Milli Liderimiz döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň jemini jemläp, mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge, harby we hukuk ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, ähli şahsy düzümiň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri durmuşa geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmäge çekdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi tamamlamak bilen, oňa gatnaşyjylara öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde uly üstünlikler arzuw etdi we ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy düzümleriniň yhlasly gulluk etjekdiklerine ynam bildirdi. Çünki munuň özi türkmen topragynda parahatçylygyň we durunklylygyň has-da berkararlygyna oňyn täsirini ýetirýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi hem-de maslahata gatnaşyjylar bilen hoşlaşdy.