Ï Türkmenistanda Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň ilçisi işläp başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň ilçisi işläp başlady

view-icon 644
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Fam Suan Şondan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň we Wýetnamyň arasyndaky däbe öwrülen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, ilçi öz nobatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň mähirli gutlag sözlerini we arzuwlaryny ýetirdi. Diplomat parahatsöýüjilikli syýasaty we oňyn başlangyçlary bilen halkara abraýyna eýe bolan Türkmenistanda öz ýurdunyň ilçisi bolup işlemegiň uly hormat bolup durýandygyny belläp, iki doganlyk ýurduň gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Häzirki zaman türkmen döwletiniň gazananlaryna haýran galýandygyny aýtmak bilen, jenap Fam Suan Şon şol üstünlikleriň durmuş ugurlydygyny we türkmen halkynyň bähbitlerine hyzmat edýändigini kanagatlanmak bilen belledi.

Özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň möhümdigini bellemek bilen, ilçi iki ýurduň biri-birinden uzak aralykda ýerleşýändigine garamazdan, olaryň halklaryny parahatçylyga ymtylyşyň, dostlugyň birleşdirýändigini aýtdy. Bu bolsa netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat

eder.

Duşuşygyň barşynda ilçi döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan we Garaşsyz türkmen döwletiniň baş maksadyna –raýatlarynyň abadançylygyna gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň barşy bilen tanyşdyryldy.

Ilçi şeýle hem türkmen parlamentiniň düzümi we köp ugurly işi, onuň kanun çykaryjylyk işleri we halkara gatnaşyklary bilen jikme-jik tanyşdyryldy.

Gurluşyk we gurluşyk materiallarynyň önümçiligi, ýangyç-energetika toplumy, dokma pudagy we syýahatçylyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Iki halkyň dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň berkemegine ýardam edýän medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.

* * *

Şu gün Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Fam Suan Şon Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi we ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.

Ilçi saparynyň barşynda şeýle hem türkmen paýtagtynyň we onuň töwereginiň gözel ýerleri bilen tanyşdyrylar.