Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

view-icon 724
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguzhan” Köşkler toplumynda “Buig Batiman International” kompaniýasynyň baş direktory Oliwýe-Mari Rasini we “Buig Türkmen” kompaniýasynyň sebit direktory Mişel Oşeni kabul etdi.

Işewürler taslamalar bilen tanyşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, halkara gurluşyk bazarynda öňdebaryjylaryň biri bolup durýan fransuz kompaniýasynyň geljegi örän uly işewür hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar. Myhmanlaryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän örän oýlanyşykly, täzeçil syýasat Türkmenistanyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşini we halkara derejesinde onuň uly abraýyny şertlendirdi.

Duşuşygyň barşynda “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylary fransuz kompaniýasyna Türkmenistanda ynanylan möhüm taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hem-de Aşgabatda gurulýan iri desgalarda işleriň ýagdaýy hakynda döwlet Baştutanyna hasabat berdiler, şeýle hem özara gatnaşyklaryň geljegi babatda tekliplerini beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri we myhmanlar Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasy bilen işewür hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp, ýurdymyzda gurulýan her bir täze desga hiliň ýokary ölçeglerine ähli babatda laýyk gelmelidir diýip aýratyn nygtady, üstünlikli amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi muňa şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda gurulýan ähli binalaryň we desgalaryň häzirki zaman Türkmenistanyň ynsan zähmeti bilen döredilen özboluşly nyşanlary bolup, adamlaryň durmuşynyň täze ülňülerini üpjün etjek baş maksada laýyk gelmegi üçin öňdebaryjy binagärlik we inžener-tehniki pikir, oýlanyşykly, döredijilikli çemeleşmek we innowasion tilsimatlary işjeň ulanmak gürrüňsiz suratda bu babatda esasy çelgiler bolmalydyr diýip, milletiň Lideri aýtdy. Şunda döwlet Baştutany gurluşyk işleriniň möhletleriniň berk berjaý edilmeginiň we birkemsiz ýokary hiliniň biziň ýurdumyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň hemmesine bildirilýän ilkinji derejeli talap bolup durýandygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow fransuz kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan iri taslamalaryň birnäçesi bilen jikme-jik tanyşdy. Hormatly Prezidentimiziň ozal aýdan belliklerini we tekliplerini nazara almak bilen, fransuz hünärmenleriniň taýýarlan taslamalarynyň hatarynda Maslahatlar işewür merkeziniň we kinokonsert toplumynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini giňeltmegiň taslamasy, şeýle hem Gün stellasynyň, Arçabil şaýolunyň ugrundaky binalaryň taslamalary bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen maketler we çyzgylar bilen jikme-jik tanşyp, desgalaryň wezipeleýin maksady we binagärlik bezelişi, öňdebaryjy tilsimatlary iş ýüzünde ulanmak babatda birnäçe anyk belliklerini we tekliplerini aýtdy hem-de binagärlere olaryň üstünde goşmaça işlemegi teklip etdi.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow içinde mejlisleri we maslahatlary, şol sanda ýokary derejedäki halkara çärelerini, iş duşuşyklaryny geçirmek üçin niýetlenen mejlisler zallary ýerleşdiriljek Maslahatlar işewür merkeziniň taslamasyna ünsi çekip, Aşgabat şäheriniň täze taryhy eýýamda Merkezi Aziýada we bütin dünýäde halkara ähmiýetli iri möçberli işewür we medeni duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülendigini nazara almak bilen, şol desgalaryň möhüm ähmiýetini belledi. Şunda milletiň Lideri häzirki zaman binagärlik we inžener-tehniki pikiriň hem-de milli şähergurluşyk däpleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy gurulýan desgalar toplumynyň tapawutly aýratynlygy bolmalydyr diýip belledi. Milletiň Lideri “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryna eýýäm tassyklanan taslamalary durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak we geçirilýän ähli işleriň ýokary hilini üpjün etmek baradaky arzuwlary hem aýtdy.

“Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylary öz nobatynda döwlet Baştutanyna Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna gatnaşmakda kompaniýa bildirilen belent ynam üçin çäksiz hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanynyň ähli bellikleriniň hökman nazara alynjakdygyna hem-de özleriniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde hem öz üstüne alan borçnamalaryny anyk möhletinde we gyşarnyksyz ýerine ýetirjekdigine ynandyrdylar.