Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 758
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýylyň on aýyndaky netijelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz hasabat bermek üçin mejlise gatnaşyjylara söz berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew şu ýylyň on aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi, Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň hasabyna daşary ýurt walýutasy görnüşindäki serişdeleriň gelip gowuşmagy bilen bagly hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwrüniň makroykdysady görkezijileri milli ykdysadyýetimiziň durnukly we okgunly ösüşine şaýatlyk edýär. Gazanylan üstünlikler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we ilkinji nobatda türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn we diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçilmegi netijesinde mümkin boldy.

Ýanwar-sentýabr aýlarynda jemi içerki önümiň ösüş depginini 114,6 göterime deň boldy. Şol sanda senagat pudagynda - 124,1 göterime, gurluşykda - 112,4 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda - 107,8 göterime, söwdada - 108,7 göterime, hyzmatlar ulgamynda - 108,1 göterime, oba hojalygynda - 100,2 göterime barabar boldy.

2010-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bölek söwda haryt dolanyşygynyň möçberi 15 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 2011-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda 48,8 göterim ýokarlandy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 22,9 göterim artdy.

Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada durup geçmek bilen, wise-premýer hasabat döwründe girdeji bölegi boýunça 123,1 göterim, çykdajy böleginiň bolsa 93 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy. Salgytlaryň hemme görnüşi boýunça meýilnama doly möçberde berjaý edildi. Ýerli býujetiň girdejiler bölegi 115,6 göterim, çykdajylar bölegi bolsa 96,2 göterim ýerine ýetirildi. Býujet serişdeleriniň 75,8 göterimi durmuş maksatlaryny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. 2010-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ortaça aýlyk haklary 13,4 göterim artdy.

Hökümet Baştutanynyň orunbasary ýurdumyzyň bank ulgamyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, türkmen manadynyň daşary ýurt walýutasyna bolan ýeke-täk hümmeti saklanylýar. Harytlaryň eksportynyň we hyzmat edilmeginiň hasabyna gelip gowuşýan walýuta serişdeleri boýunça meýilnama 139 göterim ýerine ýetirildi. Ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň hasabyna gelip gowuşýan walýutalaryň möçberi 2,7 esse ýokarlandy.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek babatda Tehniki kömegini bermek hakyndaky Ylalaşyga gol çekmäge ygtyýar bermek baradaky” Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,

şu gün ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde ýokary depginiň saklanmagy birinji derejeli wezipe bolup durýar, bellenilen meýilnamalaryň hem-de uzak möhletleýin milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi şuňa baglydyr diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijileriň saklanylmagy üçin zerur çäreleri görmegi hem-de maliýe-ykdysady düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça işleri geljekde-de dowam etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz işleri talabalaýyk guramakda birnäçe kemçiliklere ýol berendigi üçin, wise-premýer A.Goçyýewe berk käýinç yglan etdi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tutuşlygyna alnanda hödürlenilen kararyň taslamasyny makullady we G.Saryýewi Türkmenistanyň maliýe ministriniň orunbasary wezipesine bellenýändigini aýdyp, degişli resminamalara gol çekdi we onuň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine degişli gözegçiligi amala aşyrmagy wise-premýerden talap etdi.

Soňra geçen 10 aýda ýerine ýetirilen işler, dolandyryş ulgamynda gözegçilik edýän ugurlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H. Muhammedow hasabat berdi. Şeýle hem ol Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Hökümet binasyny gurmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow dolandyryş ulgamynyň işini mundan beýläk hem kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyryp, bu ugurda anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, iş usulyýetine häzirki zamanyň öňde baryjy tilsimatlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy döwlet durmuşynyň wezipelerini çalt we ýokary hilli çözmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa öz nobatynda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn yzygiderli ösüşi üçin ygtybarly kepil bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz “Aşgabat şäherindeTürkmenistanyň Hökümet binasyny gurmak hakyndaky” Karara gol çekip, paýtagtymyzda we tutuşlygyna alnanda Türkmenistanda bina edilýän iri desgalaryň ählisiniň gurluşygynda işleriň ýokary hilini hem-de olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R. Meredow milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de dünýäniň hemme ýurtlary, şeýle hem iri halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlaryny yzygilderli durmuşa geçirmek nukdaýnazaryndan hasabat döwründe DIM-niň işiniň netijeleri hakynda hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Wengriýa Respublikasynyň Prezidentiniň 8-10-njy noýabrda Türkmenistana bellenilen resmi saparyna, şeýle hem şu aýda biziň ýurdumyzyň Hökümet toparynyň Hytaý Halk Respublikasyna meýilleşdirilýän döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi hakynda hem aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ählumumy abadançylygyň hem-de gülläp ösüşiň bähbidine oňyn halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna gyşarnyksyz ygrarlydygyny tassyklady. Milletiň Lideri Türkmenistan geljekde hem döwletara derejesinde bolşy ýaly, abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, häzirki döwürde adamzady tolgundyrýan wajyp meseleleriň çözgüdini tapmaga, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmäge işjeň gatnaşar diýip aýtdy.

Geljek hepdede göz öňünde tutulýan ýokary derejedäki türkmen-wenger gepleşikleri bilen bagly gürrüňe degip geçip, milletiň Lideri döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak üçin olaryň wajypdygyny nygtady. Türkmen döwletiniň Baştutany ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gorlary hem-de söwda-ykdysady ugurda bolşy ýaly, medeni-gumanitar ulgamda hem onuň işjeňleşdirilmegi üçin mümkinçilikleri hakynda aýdyp, soňky ýyllarda täze hile we mazmuna eýe bolan Türkmenistan—Ýewropa Bileleşigi netijeli gepleşikleri giňeltmek nukdaýnazaryndan Wengriýanyň Prezidentiniň biziň ýurdumyza boljak saparynyň ähmiýetini belledi.

Türkmenistanyň Hökümet toparynyň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyna taýýarlyk görmek meselelerinde saklanyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow R. Meredowa ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän däp bolup gelýän dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň hemme taraplaýyn pugtalandyrmagyň ýolunda wajyp ähmiýete eýe boljak bu saparyň meýilnamasyny has oýlanyşykly ýagdaýda işläp düzmegi hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A. Nurberdiýewa milli parlamentiň şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde mejlisiň maslahatlarynyň bäşisi geçirildi, 2012-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň kanuny taslamasy tassyklandy, şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen türkmen jemgyýetiniň bitewüligini we durnuklylygyny pugtalandyrmaga, onuň demokratik esaslaryny berkitmäge gönükdirilen giň möçberli maksatnamanyň sazlaşykly durmuşa geçirilmegini hem-de ýurdumyzyň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýän birnäçe kanuny taslamalar, kadalaşdyryjy hukuk namalary, şol sanda kanunlaryň 58-si we kararlaryň 27-si işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Deputatlar halkara hyzmatdaşlygyny we parlamentara gatnaşyklary ösdürip, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanalary bilen bilelikde çäreleri geçirdiler, halkara hukugynyň meseleleri boýunça giňden pikir alyşmaga ýardam berýän halkara maslahatlaryna, seminarlara we duşuşyklara gatnaşdylar, daşary ýurtly kärdeşlerini häzirki Türkmenistanyň gazananlary bilen tanyşdyrdylar. Häzirki wagtda Mejlisiň iş toparlarynda durmuş-ykdysady wezipeleri çözmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine ýardam etjek kanunlaryň taslamalarynyň ençemesiniň taýýarlanylýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş-ykdysady özgertmeleri öňe ilerletmek üçin milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegiň, şeýle hem deputatlaryň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen täze kanunçylyk namalaryň ähmiýetini we mazmunyny ilat arasynda wagyz etmek boýunça alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi.

Soňra gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň netijeleri, şol sanda şu ýylyň on aýynda gurluşyk, gurluşyk materiallary senagaty, şeýle hem elektrik energetikasy pudagynda gazanylan durmuş-ykdysady görkezijiler barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazow hasabat berdi.

Hususan-da, Gurluşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň hem-de öndürilen önümleriň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 123 göterime barabar boldy. Gurluşyk kärhanalaryndaky ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 122,8 göterime deň boldy.

Gurluşyk materiallary senagaty ministrligi boýunça 2011-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende ösüş 109,5 göterime barabar boldy. Hususan-da, bu görkeziji sementiň önümçiliginde 106,7 göterime, magdan däl materiallar önümçiliginde, 108,1 göterime, kerpiç önümçiliginde 114,3 göterime ýetdi.

2011-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Aşgabat şäheri boýunça döwlete degişli ulgamda senagat önümçiliginiň ösüşi 120,8 göterime barabar boldy.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin gurluşyk senagatynyň ähmiýetini belläp, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde senagat, durmuş, hyzmat ediş we ýaşaýyş maksatly täze desgalary gurmagyň giň gerime eýe bolan maksatnamasynyň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Milletiň Lideri bu günki gurulýan binalaryň we desgalaryň häzirki zamanda Türkmenistanyň ynsan zähmeti bilen döredilen özboluşly nyşanyna öwrülip, baş maksada – adamlaryň durmuşynyň täze ülňülerini üpjün etmäge gönükdirilendigini, munuň üçin bolsa ýurdumyzdaky gurulýan her bir täze desganyň hemme babatda ýokary hil derejelerine laýyk gelmelidigini nygtady.

Häzirki zamanda Aşgabadyň binagärçilik-şäher gurluşyk keşbi ýurdumyzyň baş şäheriniň ýokary derejesine, täze Galkynyş eýýamynyň belent ruhuna doly laýyk gelmegidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de şu maksatlar bilen uly möçberdäki serişdeleriň bölünip berilýändigini hem-de olaryň rejeli we netijeli peýdalanylmagynyň zerurdygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda – nebitgaz ulgamynda, himiýa senegatynda we balyk hojalygynda şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabatda nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşynyň ösüş depginleri geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 107,9 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy 143,4 artdy diýlip bellendi. Türkmenistanyň ýakyndaky we alysdaky ýurtlara iberen “mawy ýangyjynyň” ösüş depgini 179,8 göterime deň boldy.

Nebiti gaýtadan işleýän senagatda içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan harytlaryň – benziniň öndürilişi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 103,4 göterim, dizel ýangyjynyň çykarylyşy 103,1 göterim artdy. Geçen ýylyň şol döwürdäkisi bilen deňeşdirilende “gara altyny” gaýtadan işlemegiň möçberi 2,9 göterim artdy.

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumy boýunça şu ýylyň 10 aýynyň jemleri boýunça 2010-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende girdeýjilerde 197,1 götrime deň boldy.

Geçen ýylyň 10 aýynyň derejesinden himiýa senagaty boýunça ösüş depgini, mineral dökünleriň ähli görnüşlerini öndürilişinde 102,9 göterime deň boldy. Şu döwürde tehniki ýoduň öndürilişiniň ösüş depgini 106,9 göterim ýokarlandy.

Balyk hojalygynda hem oňat netijeler gazanyldy. Şu ýylyň 10 aýynyň jemleri boýunça tutulan balygyň möçberiniň ösüş depgini 103,1 göterime barabar boldy.

Wise-premýer şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň turba önümlerini satyn almagy, Birleşen Arap Emirlikleriniň “Gulf Oil &Gas FZE” kompaniýasynyň “Tiz kömek “ awtoulagyny Türkmenistana getirmegi we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine Belarus Respublikasynyň “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýeti bilen 26 müň tonna kaliý dökününi satyn almak üçin şertnama baglaşmagy bilen baglanyşykly alnyp abyrýlan işler barada habar berýär.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş – ykdysady ösüşiň giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň köp babatda milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolup durýan ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny okgunly ösdürmäge we mundan beýläk-de kämilleşdirmäge bagly bolup durýandygyny ýene-de bir gezek nygatdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Ýazmuhammedowa özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işler barada aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns we goldaw bermegi netijesinde medeniýet ulgamynyň ösüşinde täze itergä eýe bolandygyny belledi. Wise-premýer Medeniýet şäherjiginiň, öňdebaryjy tilsimatldar bilen üpjün edilen Mary welaýat kitaphanasynyň hem-de Lebap we Balkan welaýatlaryndaky Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýleriniň täze jaýlarynyň we beýleki desgalaryň açylandygyny, neşirýat işiniň netijeliliginiň ýokarlanandygyny, halkara derejesinde iri medeni çäreleriň geçirilendigini, döredijilik alyş-çalyşlarynyň dowam edýändigini aýtdy. Şeýle hem Gurban baýramyna, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçiriljek Medeniýet günlerine görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Halkymyzyň köp asyrlyk taryhyny we ruhy dünýäsini, onuň paýhasyny hem-de dünýägaraýşyny, milli däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda we ösdürmekde uly ähmiýeti bolan Gurban baýramyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy. Türkmenistanlylaryň bu mukaddes baýramçylygy ýokary ruhubelentlikde garşylamaklary üçin ähli çäreleriň görülmelidigini aýdyp, döwlet Buştutanymyz ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda dabaranyň höküm sürmegini, täze Galkynyş eýýamynda milli ruhuň täzeden galkynandygyny, türkmen halkynyň parahatçylyk, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerini alamatlandyrýan gadymy mukaddes Gurban baýramynyň esasy nyşany bolan hiňňillikleriň köp ýerde dikilmelidigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz halkara hyzmatdaşlygynyň gumanitar ulgamdaky meselelerine degip geçmek bilen, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürde gazananlaryny giňden wagyz etmekde medeni çäreleriň uly ähmiýete eýedigin aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda bu ugurda Türkmenistanda uly tejribe toplandy, munuň özi milletiň baý ruhy mirasyny giňden öwrenmekde we ony dünýä wagyz etmekde uly ýardam berer.

Medeniýet hem-de habar beriş serişdeleriniň ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, täze zehinleri ýüze çykarmak üçin alnyp barylýan işleri ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz “Edebiýat, medeniýet , sungat işgärleriniň, ýaş ýerine ýetirijileriň we zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky” karara gol çekdi.

Şeýle hem mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz G. Mämmedowany Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary wezipesine belläp, ony Mary welaýatynyň häkiminiň medeniýet, bilim, saglygy goraýyş we sport baradaky orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende awtomobil, demir ýol we howa ulaglary kärhanalarynda esasy görkezijiler boýunça oňyn ösüş depginleri gazanyldy. Hususan-da, hasabat döwründe demir ýol ulaglary pudagynda ýük dolanyşygy boýunça ösüş depgini 106,2 göterim, ýolagçy gatnatmak boýunça ösüş depgini 102,6 göterime deň boldy. Awtomobil ulaglary pudagy boýunça alnanda bolsa, hyzmatlar boýunça ösüş depgini 104,6 göterim, ýolagçy gatnatmak boýunça ösüş depgini 103 göterime deň boldy. Hasabat döwründe aragatnaşyk ulgamynda ýurdumyz boýunça telefon nokadyny gurnamak meýilnamasy 6,8 esse ýerine ýetirildi. Şeýle hem hasabatda “KAMAZ” awtomaşynlaryny, ýörite tehnikany we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak hakynda” Kararyň taslamasy hakynda habar berildi.

"Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna" laýyklykda giň möçberli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň işini kämilleşdirmek we talap edilýän ýokary hili üpjün etmek boýunça zerur işleri geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn kärhanalary tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak ulag ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugurlary bolup durýar diýip belledi we “KAMAZ”awtomobilleriniň täze görnüşlerini satyn almak hakyndaky degişli Karara gol çekdi hem-de wise-premýere ulgamda bar bolan ulaglaryň ähli görnüşlerine ýokary hilli tehniki hyzmaty ýerine ýetirmek hem-de olaryň netijeli ulanylmagy ugrunda sazlaşykly işiň üpjün edilmegi barada anyk tabşyryklar berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz işleri döwrüň talabyna laýyk guramakda kemçiliklere ýol berendigi üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometerologiýa baradaky milli komitetiň başlygy B.Hallyýewe berk käýinç yglan etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mezilow şu ýylyň 10 aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi. Ol döwletimiziň durmuş ähmiýetli syýasatynyň we ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk pudaklaryny ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy hakynda aýtdy. Hasabatda bellenilişi ýaly hasabat döwründe ýurdumyzda täze ýokary okuw mekdepleriniň üçüsi, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň täze binasy, çagalar baglarynyň 38-si, orta mekdepleriniň 29-sy hem-de çagalar sagaldyş mekdepleriniň ikisi ulanylyşa girizildi. Türkmen talyplary we mekdep okuwçylary halkara okuw dersleri olimpiýadalarynyň 16-syna gatnaşyp, medallaryň 70-e golaýyna mynasyp boldular.

Dünýäniň ylym-bilim merkezleri bilen giň gatnaşyklary ýola goýmaklyga aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň ylymlar akademiýasy tarapyndan Dünýäniň köp ýurtlaryndan alymlary, baýry ylym – bilim edaralarynyň, institutlaryň, halkara guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryny bir ýere ýygnan halkara ylmy maslahatlaryň 11-si hem-de üç sany halkara sergi geçirildi.

Şeýle hem hasabatyň barşynda wise-premýer 10-11-nji noýabrda “Bürünç-demir eýýamlary we türkmen maddy –ruhy mirasy” atly halkara ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Oňa dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan onlarça alymlar gatnaşar. Hasabatyň çäklerinde Farap etrap hassahanasynyň täze binalaryny we Samandepe obasynda Saglyk öýüni gurmak boýunça taslama hakynda hem habar berildi.

Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmyň, bilimiň, saglagyň goraýyşyň, sportyň we syýahatçylygyň ýurdumyzyň durmuşynda wajyp ähimiýete eýedigini, degişli pudaklaryň öňünde goýulan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň bolsa göniden-göni Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine hyzmat etjekdigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem ylym ulgamyndaky giň halkara hyzmatdaşlygy, dünýäniň ylym-bilim merkezleri bilen mäkäm özara gatnaşyklar döwletimiziň ylym syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm we aýrylmaz bölegi bolup durýar diýip belledi. Öňde boljak masalahat halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürmekdäki nobatdaky ädime öwrülmek bilen türkmen halkynyň taryhyny hem-de onuň dünýä medeniýetiniň ösüşindäki ähmiýetini öwrenmäge hyzmat eder, şunuň bilen baglylykda öňde boljak ylmy maslahatyň ýokary derejede guralmagy we geçirilmegi zerurdyr diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Nurmämmedow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 10 aýynda alnyp barylan işleriň netijeleri, ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şol sanda pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýurdumyzyň oba senagat toplumynyň ähli ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary boýunça esasy oba hojalyk önümleriniň umumy önümçilik möçberleri ýokarlandy. Ol 114,9 göterime barabar boldy. Etiň, süýdüň, ýumurtganyň, gök ,bakja we miwe önümleriniň, ýer almasynyň we üzümiň öndürilişi artdy.

Wise-premýer pagta ýygymynyň hem-de galla ekmekligiň barşy barada hasabat berip, tabşyrylan pagta hasyly üçin kärendeçiler bilen özara hasaplaşyklaryň öz wagtynda we doly möçberde geçirilýändigini aýtdy. Ýurdumyzyň kabul ediş nokatlarynda “ak altyny” kabul etmek işi bökdençsiz alnyp barylýar, “ak altynyň” ýetişdirilen hasylyny tutuşlygyna meýdanlarda bellenilen möhletde ýygnamak üçin zerur çäreler amala aşyrylýar.Güýzlik gallagynyň ekişi guramaçylykly dowam edýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda bolsa ol tamamlandy. Beýleki welaýatlar hem ony bellenilen möheletde üstünliki tamamlamak üçin hemme çäreler görülýär. Ekiş bilen hatarda galla ekilen meýdanlarda ösüş suwyny tutumak, şeýle hem olara ideg etmek üçin agrotehniki çäreler görülýär. Mundan başga-da, Mary welaýatynda gant şugundurynyň güýzki hasylyny ýygnamak boýunça işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, öňdebaryjy tehnologiýalary we oba hojalyk ylymynyň gazananlaryny tejribä ornaşdyrmak hem-de pagta ýygymyny, galla ekişini we güýzki gant şugunduryny ýygnamaklygy öz wagtynda tamamlamak boýunça işleriň güýçli depginde dowam etdirilmeginiň möhümdigini belledi. döwlet Baştutanymyz pudagyň önümçilik mümkinçiligi mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, senagat düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga, dürli görnüşli ýokary hilli önümlerini artdyrmaga gönükdirilen oba hojalyk özgertmeleriniň döwlet maksatnamalary durmuşa geçirmekde şu günki güniň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Onuň çözgüdi üçin ähli ykdysady kuwwatlyklary hem-de bar bolan kuwwatlyklary işe girizmek zerur bolup durýar.

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary

O. Gurbannazarow öz gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde wise-premýer dokma senagatyny we halyçylyk pudagynyň önümçilik möçberlerini geljekde hem ösdürmek maksady bilen görülýän çäreler, Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň hem-de döwlet haryt-çig mal biržasynyň işi hakynda aýtdy. Bellenilişi ýaly, dokma senagatynda geçen ýyl bilen deňeşdirilende önümçilik 27 göterim ýokarlandy. 2010-njy ýylyň degişli döwrüne garanyňda haly önümçiliginde önümleri satmagyň ösüşi 107,9 göterime, söwda-senagat edarasy boýunça 100,3 göterime barabar boldy.

Şeýle hem söwda ulgamy we dokma senagaty üçin gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hakynda hem hasabat berildi.

Hasabaty diňläp, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň geljekde hem dokma we halyçylyk pudagynyň maddy- enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli ädimleri amala aşyrjakdygyny belledi. Ýurdumyzda we onuň çäklerinden has alyslarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli önümleriň önümçiligini artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz wise-premýerden dokma senagatynyň takyk işini üpjün etmegi talap etdi.

Soňky ýyllarda täze häzirki zaman desgalaryň birnäçesi bilen üsti ýetirilen söwda we hyzmatlar ulgamyndaky kärhanalaryň işini kämilleşdirmek bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti bu ulgamlar üçin hünärli işgärleri hem-de kämil hünärmenleri taýýarlamagyň wajypdygyny belledi.

Dokma pudagy we söwda edaralary üçin desgalary gurmak meselesine ünsi çekip, milletiň Lideri täze desgalary ulanmaga tabşyrmakda olaryň iň kämil enjamlar bilen abzallaşdyrylmagynda, işleriň hiline we möhletine degişlilikde potratçylara bildirilýän talaplaryň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýürdumyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň uly dabaralara, baýramçylyk çärelerine beslenip, giňden bellenilip geçilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz bu baýramçylyk çärelerini taýýarlamaga we guramaçylykly geçirmäge işjeň gatnaşan ýolbaşçylara we ähli adamlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Meniň öň hem belläp geçişim ýaly, biziň Bitarap we özygtyýarly Türkmenistan döwletimiz 20 ýylyň içinde özüniň kemala gelmeginiň, döwlet esaslarynyň pugtalanmagynyň başlangyç tapgyryny geçdi. Häzir biz ýurdumyzyň ösüşiniň täze döwrüne gadam basýarys diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Ýaşulularyň maslahatynda men biziň hemmämiziň öňe gitmeli ýolumyz baradaky, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öz garaýyşlarymy beýan etdim. Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar, jemgyýetimiziň dürli gatlaklarynyň wekilleri ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça biziň öňde goýan wezipelerimizi, maksatlarymyzy biragyzdan goldadylar. Şoňa görä-de, häzirki döwürde bu strategiýany, amala aşyrmaly işlerimizi taýýarlaýan meýilnamalaryňyzda göz öňünde tutmaly. Biz senagaty giň gerim bilen ösdürmek, ähli ugurlara täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, obalarda we şäherçelerde has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny çalt depginler bilen bina etmäge, ýurdumyzyň ykdysadyýetini üýtgedip gurmaga girişmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milletiň Lideri her bir ministrligi we pudak edarasyny ösdürmek boýunça ýörite maksatnamany işläp taýýarlamagyň möhümdigini belläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň her Orunbasarynyň gözegçilik edýän ugurlary boýunça ähli meseleleri öz içine alýan bu maksatnama hökümetiň mejlislerinde hemmetaraplaýyn serediljekdigini aýtdy.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň şu ýylyň on aýyndaky netijeleri barada aýdanymyzda bolsa, biz öňküsi ýaly, ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galýarys. Bu döwürde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda öndürilýän önümleriň möçberleri artdyryldy, ähli pudaklar boýunça ösüş gazanyldy. Şunuň bilen birlikde, şu ýyly ýokary netijeler bilen tamamlamak, geljekde ýurdumyzy has-da ösdürmek boýunça oňat binýady döretmek üçin entek hemmämiziň köp we tutanýerli işlemelidigimizi aýratyn bellemek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz öňde durýan wajyp wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, öňegidişlikler barada aýdyp, her ulgamyň häzirki alyp barýan işi we geljekki meýilnamalary babatda ýekän-ýekän durup geçdi. Şeýlelikde milli Liderimiz ýurdumyzyň önümçilik we beýleki pudaklarynda şu ýylyň on aýynda gazanylan ösüşlere garamazdan, käbir kemçilikleriň ýüze çykandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz bar bolan kemçilikleri düzetmegiň ugurlary we milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagy ugrunda durmuşa geçirilmeli anyk çäreler barada aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna özleriniň gözgeiçlik edýän pudaklarynda işi döwrüň ösen talaplaryna laýyk guramak babatda zerur bolan çäreleri görmegi tabşyrdy hem-de ýurdumyzyň geljekki ösüşini üpjün etjek anyk ugurlary kesgitledi.

Milletiň Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip , düzümiň işinde käbir halatlarda guramaçylyk boýunça pes derejeleriň ýüze çykýandygyny aýtdy we bu ugurda ýola goýulýan işlere örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Ondan başga-da, hormatly Prezidentimiz halkara saparlaryny guramagyň meseleleri babatda durup geçip, onuň maksatnamasynyň talaba laýyk guralmagy we üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda sazlaşykly işiň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýer M. Ýazmuhammedowa ýüzlenip, ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk çärelerine, düýpli taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Telewideniýäniň täze teleradioýaýlymlar merkezine göçmegi bilen bagly we ýurdumyzda telewideniýäni sanly telegepleşiklere geçirmäge taýýarlamak boýunça işleriň möçberiniň has-da artandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu ugurdan hünärmenleri, aýratyn-da, režissýorlary we operatorlary taýýarlamak boýunça zerur işleri geçirmegiň möhümdigini aýtdy. Häzir ýurdumyzda teatrlar we dürli medeniýet köşkleri gurlup, medeniýet ulgamyny ösdürmek üçin düýpli binýat döredildi.Şeýlelikde, medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleri döwrüň derejesine laýyk getirmekde birnäçe kemçiliklere ýol berilýändigini belläp, işleri talaba laýyk guramak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milletiň Lideri ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek meseleleri barada durup geçdi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz wise-premýer N.Şagulyýewden ýurdumyzda öýjükli aragatnaşyk ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Öýjükli aragatnaşygyň ýagdaýy, aýratyn-da welaýatlardaky aragatnaşygyň hili düýpli gowulandyrylmagyny talap edýär diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdirdi. Hormatly Prezidentimiz N.Şagulyýewiň gözegçilik edýän pudaklaryňyzda gurluşyk işleriniň depginleriniň döwrüň talabyndan pesdigini belledi we demir ýoluň gurluşygyny bellenen möhletde tamamlap, ony işe girizmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini talap etdi. Bu demir ýolunyň hili, şol sanda bu demir ýoly boýunça hereket etjek otlularyň tizligi hem halkara ölçeglerine doly laýyk gelmelidir.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa ýüzlenip, nebitgaz pudagynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolup durandygyny nygtady, ýöne muňa garamazdan, pudakda käbir halatlarda işleriň talaba laýyk guralmaýandygyny, nebitgaz pudagynda işleri talaba laýyk alyp barmak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy.

Milletiň Lideri bu pudaga degişli zawodlarda enjamlar eýýäm könelişip ugrady, olary döwrebaplaşdyrmak, iň kämil enjamlar bilen üpjün etmek boýunça zerur işleri geçirmegiň möhümdigini nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu pudaga degişli zawodlaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, olara ösen tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribeleri ornaşydarmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer O.Gurbannazarowa ýüzlenip, onuň garamagyndaky ministrliklere we pudak edaralaryna gözegçilik etmekde kemçilikleriň bardygyny aýtdy. Muňa garamazdan, söwda ulgamyny ösdürmek we onuň işini gowulandyrmak, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportunyň möçberlerini artdyrmak, Haryt-çig mal biržasynyň işini talaba laýyk ýola goýmak boýunça hiç hili teklipler berilmedi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milletiň Lideri ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek meseleleri barada durup geçip, wise-premýer M.Nurmämmedowyň öz gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, häkimlikleriň işlerinind ýayal-ýagallyga ýol berilýändigini aýdyp, ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek, önümçilige dünýäniň ösen tilsimatlaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmalydygyny tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatlarda alnyp barylýan işleriň hil derejesini ýokralandyrmak hem-de önümçiligiň ähli ugurlary boýunça ösüş depginlerini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer A.Goçyýewe ýüzlenip, ýurdumyzyň maliýe ulgamyny çalt depginler bilen ösdürmek boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak we jaýlaryň satuwyny guraýan biržalary döretmek meselesine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Milletiň Lideri ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmekde halk hojalygymyza zerur bolan serişdeleri goýbermek işlerini ýokary derejede, guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz G.Mezilowa ýüzlenip, özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda berlen tabşyryklaryň talaba laýyk ýerine ýetirilmeýändigini we garamagyndaky minitsrliklere gözegçiligi gowşadandygyny belledi. Milletiň Lideri geçen ýyl ýurdumyzda ylmy ösdürmek üçin döwletiň bu ulgama köp möçberde serişde bölüp berendigine garamazdan, bu serişdeleriň häzire çenli hem özleşdirilmändigini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygy D.Orazowa ýüzlenip, ýurdumyzda gurluşyk işleriniň depgininiň peselmegine ýol berilmeli däldigini nygtady. Pudakda ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we düzümiň işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň bildirilýän talaplara laýyk gelmelidigini tabşyrdy. Bu mesele Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli Orunbasarlaryna hem degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milletiň Lideri Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, deputatlaryň zerur kanunlary taýýarlamak we täzelemek boýunça alnyp barylýan işleriň sazlaşykly guralmalydygyny aýdyp, bu ugurda ýola goýulýan işleriň netijeliligini artdyrmak boýunça zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryjysy H.Muhammedowdan ýurdumyz boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etmek hem-de önümçiligiň ähli ulgamlaryna iň täze tejribeleri giňden ornaşdyrmak boýunça degerli tagalla etmegi talap etdi.

Şeýle hem mejlisiň barşynda başga-da birnäçe meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyz boýunça häzirki wagtda on aýda gazanylan netijeleriň guwandyryjydygyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ösüş depginleriniň gazanylandygyny belläp, mundan beýläk-de ähli pudaklarda yzygiderli ösüşi üpjün edýän ähli zerur çärelere görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk we rowaçlyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.