Şu gün ýurdumyzyň atçylyk-sport toplumlarynda güýzki möwsümiň tamamlaýjy at çapyşygy boldy.
Halkara atçylyk-sport toplumynda on bir çapyşyk geçirildi.
Birinji üç çapyşykda dördünji topardaky ikiýaşar bedewler 1200 metr aralykda bäsleşdiler, şonda 1 minut 32 sekunt wagt görkezen Bürgüt, 1 minut 32,3 sekunt wagt görkezen Merdana we 1 minut 32, 5 sekunt wagt görkezen Aýna ýeňiji boldy.
2800 metr aralyga geçirilen dördünji çapyşykda üçýaşar bedewleriň arasynda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň göçme Kubogy ugrunda ýiti göreş boldy. Bu aralygy 3 minut 49,5 sekuntda geçen Bereket Kubogyň eýesi boldy.
Bäşinji çapyşyk özüne çekiji boldy, şonda ikiýaşar bedewler Ruhabat etrabynyň Garadaşaýak obasyndan meşhur Pel diýen bedewiň hormatyna döredilen baýrak ugrunda bäsleşdiler, şol bedew ömrüniň 27 ýylynda meşhur ahalteke bedewleriň 13-sini dünýä inderdi. Olaryň arasynda Ülker, Derbi, Owlaksakar we beýlekiler bar. Mälim bolşy ýaly, şöhrat gazanan Pereň hem Peliň nesilleriniň biridir. Şu gün Aýlar öz bäsdeşleriniň arasynda 2 minut 08,1 sekunda barabar oňat netijäni görkezip, ýeňiji boldy.
1600 metr aralyga ahalteke bedewleriň on ýedi ugrunyň başyny başlaýjylaryň biriniň hormatyna döredilen “Eýeberdi Teleke” baýragy
ugrunda ikiýaşar bedewleriň arasynda geçirilen altynjy çapyşykda özüne ýiti bäsleşik boldy. Dorsekil bu aralygy 2 minut 07,1 sekuntda geçip, baýragyň eýesi boldy.
Dördünji topardaky üçýaşar bedewler ýedinji çapyşykda 1600 metr aralykda, üçünji topardaky bedewler sekizinji çapyşykda 1800 metr aralykda bäsleşdiler, şolarda 2 minut 13,1 sekunt wagt görkezen Mülkaman we 2 minut 21, 4 sekunt wagt görkezen Gubrat diýen bedewler pellehanadan birinji bolup geçdiler.
Dokuzynjy çapyşykda 3000 metr aralykda dörtýaşar we ondan uly bedewler Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, halypa seýis Rahym Ataýewiň hormatyna döredilen baýrak ugrunda bäsleşdiler. Şu gün 4 minut 03 sekunt wagt görkezip, Gelşikli bedew bu i baýraga mynasyp boldy.
Dörtýaşar we ondan uly örän meşhur bedewler we olaryň çapyksuwarlary 3200 metr aralyga geçirilen onunjy çapyşykda iki baýrak--halypa seýis Kakaly Saýadyň hormatyna döredilen we “Hoşlaşyk” baýraklaryny almak ugrunda öz ussatlyklaryny görkezdiler. Gökhan diýen bedew bu aralygy 4 minut 15,2 sekuntda geçip, şol baýraklaryň eýesi boldy.
Halkara atçylyk-sport toplumynda at çapyşygy möwsümi 3000 metr aralygynda üçýaşar bedewleriň ýaryşy bilen tamamlandy, olar “Ýapylyş” baýragy ugrunda bäsleşdiler. Gutlysakar bu aralygy geçmäge 4 minut 07,1 sekunt wagt sarp edip, baýragyň eýesi boldy.
Balkan welaýatynyň atçylyk-sport toplumynda at çapyşyklarynyň dördüsi geçirildi. Birinji iki we dördünji at çapyşyklarynda uly ýaşly “behişdi bedewler” bäsleşdiler. 1400 metr aralygynda 2 minut 2 sekunt wagt görkezip, Şadilli-2, 4600 metr aralygynda 8 minut 5,6 sekunt wagt görkezip, Ýyldyrym we 3000 metr aralygynda 4 minut 40 sekunt wagt görkezip, Dördepil bedewleri ýeňiji boldy. Üçünji çapyşykda 3000 metr aralygynda ikiýaşar bedewleriň arasynda 5 minut 5,9 sekunt wagt görkezip, Ýyldyrym pellehanadan birinji bolup geçdi.
Daşogzyň atçylyk-sport toplumynda “behişdi bedewler” bäş at çapyşygynda ýaryşdylar. Dörtýaşar we ondan uly bedewler ilkinji iki we dördünji at çapyşyklarda bäsleşdiler, şonda 3000 metr aralykda 4 minut 15 sekunt wagt görkezip Kerem we 4 minut 24 sekunt wagt görkezip, Gelejek we 2200 metr aralykda 3 minut 11 sekunt wagt görkezip, Gaýgysyz ýeňiş gazandy. Üçýaşar bedewler üçünji çapyşykda 1800 metr aralygynda bäsleşdiler, şonda 2 minut 33 sekunt wagt görkezip, Aýbakan ýeňiş gazandy, ikiýaşar bedewleriň arasynda bäşinji çapyşykda 500 metr aralygynda 35 sekunt wagt görkezip, Serçe pellehana ilkinji bolup geldi.
Lebabyň atçylyk-sport toplumynda bedewler bäş at çapyşykda bäsleşdiler. Dörtýaşar we ondan uly bedewler ilkinji üç we bäşinji çapyşyklarda öz ýyndamlygyny görkezdiler. 2500 metr aralykda 3 minut 3,5 sekuntda geçen wagt görkezip, Päkköňül 2200 metr aralyga 2 minut 36, 9 sekunt wagt görkezip Keremli, 2000 metr aralygynda 2 minut 23,5 sekunt wagt bilen Ýazly we 1800 metr aralygynda 2 minut 14,7 sekunt netije bilen Gujurly ýeňiş gazandy. Üçýaşar bedewler dördünji çapyşykda 2000 metr aralygyndan bäsleşdiler, şonda 2 minut 36,3 sekunt wagt görkezip, Kiçidagly ilkinji bolup pellehana geldi.
Mary welaýatynyň atçylyk-sport toplumynda bäş çapyşyk geçirildi. Birinji çapyşykda 500 metr aralygynda ikiýaşar bedewleriň arasynda 31 sekunt wagt görkezip, Serkerde diýen bedew ýeňiji boldy. Üçýaşar bedewler 1600 metr aralygynda ikinji çapyşykda, 1800 metr aralygynda üçünji çapyşykda bäsleşdiler, şolarda degişlilikde, 2 minut 15,47 sekunt wagt Sandykly we 2 minut 33 sekunt wagt görkezip, Tahyr diýen bedewler bilen ýeňiji boldy. Dörtýaşar we ondan uly bedewler dördünji we bäşinji çapyşyklarda 2200 metr aralygynda bäsleşdiler, şolarda degişlilikde 3 minut 16 sekunt wagt görkezip, Gaýly we 3 minut 08 sekunt wagt görkezip Gammar diýen bedewler baýraga mynasyp boldular.
Şeýlelikde, örän gyzykly at çapyşyklarynyň güýzki möwsümi tamamlandy we indi biziň şöhrat gazanan atşynaslarymyz öz seýisleýän atlaryny ýazky möwsüme täze güýç bilen taýýarlarlar.