Ï Özara bähbitli hyzmatdaşlyk ugry bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Özara bähbitli hyzmatdaşlyk ugry bilen

view-icon 682
Şu gün agşam Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Pal Şmitt Aşgabada resmi sapar bilen gelýär. Dostlukly döwletiň baştutanynyň Türkmenistana ilkinji sapary

iki dostlukly ýurtlaryň has ýakyndan hem-de köptaraply gatnaşyklary ýola goýmaga uly ähmiýet berýändigini görkezýär.

Türkmen-wenger döwletara gatnaşyklarynyň türkmen döwletiniň ösüşiniň täze taryhy döwrüne--täze Galkynyş eýýamyna gabat gelmeginiň uly manysy bardyr.

2007-nji ýylda ykdysadyýet we ulag ministriniň baştutanlygynda Wengriýanyň hökümet wekiliýeti Aşgabada geldi, ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. 2008-nji ýylyň iýulynda türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň uly hökümet wekiliýetine baştutanlyk eden Wengriýa Respublikasynyň Premýer--ministri jenap Ferens Dýurçan bilen gepleşikleri boldy. Şol wekiliýetiň düzümine dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem iri wenger kompaniýalarynyň wekilleri girdi. Wengriýanyň işewür toparlarynyň wekiliýetleriniň Aşgabada ýygy-ýygydan saparlary wenger işewürleriniň Türkmenistanyň ykdysady taslamalaryna barha artýan gyzyklanmasyny tassyklaýar. Iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna söwda-ykdysady ulgamy, ýangyç energetika toplumy, ulaglar we aragatnaşyk, oba hojalygy, derman senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk girýär.

Özara peýdaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga iki döwletiň arasyndaky soňky ýyllarda ep-esli artan haryt dolanyşygy ýardam edýär. Derman önümleri, tehnologiki enjamlar we gara metallardan ýasalan önümler Wengriýa Respublikasynyň harytlarynyň Türkmenistana eksportunyň esasy bölegini düzýär.

Ikitaraplaýyn görnüşde hem, abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde hem syýasy gatnaşyklary ösdürmek hem türkmen-wenger gatnaşyklarynyň täze hiline şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Pal Şmitt bilen 2010-njy ýylyň dekabrynda Astanada /Gazagystan Respublikasy/, ÝHHG agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň Sammitiniň çäklerinde bolan duşuşygy hem muňa şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, gepleşikleriň barşynda doly möçberli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmaga gyzyklanma bildirildi, Türkmenistanyň we Wengriýanyň syýasy erk-islegi we ägirt uly ykdysady we serişdeler mümkinçilikleri iki ýurduň Liderleriniň pikiriçe onuň girewi bolup durýar.

Şu ýylyň ýanwarynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-wenger maslahatlaşmalary boldy, onuň gün tertibine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän has möhüm sebitleýin we halkara meseleleri girizildi.

Türkmen-wenger döwletara gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilmegi türkmen Lideriniň ýöredýän açyklyk syýasatynyň, oňyn özgertmeleriň we giň netijeli hyzmatdaşlygyň miwesidir. Bu ýörelge Türkmenistana uly halkara abraýyny getirip, tutuş dünýä bilelişiginiň ykrar etmegine hem-de goldamagyna mynasyp boldy. Türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň taryhynda aýratyn tapgyr boljak Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Pal Şmittiň sapary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Geljekki ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toparynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar, iki ýurduň ägirt uly mümkinçiliklerinden, şeýle hem olaryň Ýewropa Bileleşiginiň çäklerindäki gatnaşyklaryndan ugur almak bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlener, Wengriýa şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan 1-nji iýuly aralygynda Ýewropa Bileleşigine başlyklyk etdi. Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nazara almak bilen, Wengriýanyň Prezidentiniň Türkmenistana şu saparyna Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň hem-de giňeltmegiň ýolunda nobatdaky ädim hökmünde hem garamak mümkindir.

Gumanitar hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň esasy meselesi bolup durýandygy şübhesizdir. Häzirki wagtda bilim, ylym we häzirki zaman tilsimatlary ugry boýunça ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin ähli şertler bar.

Wengriýa Respulikasynyň alymlary, döredijilik işgärleri Türkmenistanda geçirilýän halkara maslahatlaryna we festiwallara işjeň gatnaşýarlar. Iki halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagy medeniýet babatda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam eder.

Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Pal Şmittiň Aşgabada resmi sapary gürrüňsiz suratda döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda ýene-de bir möhüm sahypany açar, iki halkyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrar.