Ï Türkmen şaşkaçylarynyň Italiýada gazanan üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen şaşkaçylarynyň Italiýada gazanan üstünligi

view-icon 682
San-Remo (Italiýa) şäherinde dünýäniň on ýurdunyň wekilleriniň gatnaşmagynda iňlis-amerikan nusgawy görnüşli şaşka boýunça halkara ýaryşynda türkmen türgenleri iki sany medala mynasyp boldy.

17 ýaşdan uly bolmadyk ýetgenjekleriň arasynda geçirilen dünýä birinjiliginde Balkanabat şäheriniň 1-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Maksat Durdyýew kümüş medala mynasyp boldy. Iki aýlawly bäsleşikde 16 ýaşly iňlis-amerikan şaşkasy boýunça dünýäniň häzirki çempiony 14 oçko gazandy. Şunuň ýaly netijä Italiýadan Jennaro Bruno hem eýe boldy. Ikiçäk bäsleşikde M.Durdyýew ýeňiş gazanyp, garşydaşyny üçünji orna düşürdi. Şol bäsleşikde birinji orny 20 oçko toplan beýleki bir italiýaly şaşkaçy Alessio Skaggiante eýeledi.


Aýal-gyzlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji bolan şaşkaçy dünýäniň häzirki çempiony türkmenistanly Amangül Berdiýewa bilen oýnamaga hukuk gazandy. Balkan welaýat ýöriteleşdirilen şaşka mekdebiniň tälimçisi Gültäç Madanowa bu ýaryşda bürünç medala mynasyp boldy. Bu ýaryşda ýer eýesi italiýaly Erika Rosso ýeňiji boldy.

A.Berdiýewa bilen E.Rossonyň arasynda dünýä çempiony diýen derejäni almak ugrundaky bäsleşik 2012-nji ýylda geçiriler. Onuň tertibine laýyklykda bäsdeşler 20 tapgyr oýnarlar. Ýaryşyň dowamynda hasap deňme-deň bolsa, 24 ýaşly Amangül Berdiýewa dünýäniň çempiony diýen derejäni özünde saklar.

Erkekleriň arasynda geçirilen bäçleşikde Türkmen politehnika institutynyň Balkanabatdaky şahamçasynyň talyby Bäşim Durdyýew iň güýçlüleriň bäşligine düşmegi başardy.

Aýal-gyzlaryň arasynda geçrrilen bäsleşiklerde we iňlis-amerikan şaşkasy boýunça ýetgenjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda türkmen türgenleriniň ýokary netijelere mynasyp bolmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze Galkynyş eýýamynda ýurdumyzyň dünýädäki halkara abraýyny pugtalandyrmagyň bähbidine türkmen sportunyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen oňyn syýasatynyň aýdyň netijesidir. Bu üstünlikleriň paýtagtymyzda sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynyň, 20 müň tomaşaçy orunlyk köp ugurly “Aşgabat” stadionynyň, Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda Halkara atçylyk sporty toplumynyň açylmagy bilen gabat gelmeginde aýratyn many bar. Ýaş nesillerimiziň sagdyn ösmegi ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina edilen bu desgalar ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň has-da ösdürilmegini şertlendirer.