Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 1375
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.

Ilki Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berildi, ol Iş dolandyryş müdirligi tarapyndan alnyp barylýan işler, şeýle hem döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem täze Galkynyş eýýamynyň öçmez-ýitmez nyşanlaryna öwrüljek iri desgalaryň birnäçesiniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň alyp barýan işlerini takyk, sazlaşykly guramagyň möhümdigini belledi. Döwlet ähmiýetli desgalaryň gurluşygyny tamamlamagyň bellenilen möhletlerine we hiline hemişe berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýdyp, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow geljekde hem geçirilýän ähli işleriň ýokary derejede bolmagyny üpjün etmegi talap etdi we şunuň bilen bagly meseleleri öz wagtynda we guramaçylykly çözmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny, milletiň Lideriniň häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmekde halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça Daşary işler ministrliginiň alyp barýan işleri barada habar berdi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy şeýle hem türkmen paýtagtynda geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetleri boýunça ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) “Merkezi Aziýa döwletleriniň 20 ýyl sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy: gazanylan üstünlikler, wezipeler we geljegi” atly ykdysady maslahatyň işi barada habar berdi.

BMG-niň, ÝB-niň , ÝHHG-nyň, GDA-nyň we beýleki guramalaryň dürli edaralarynyň, birnäçe sebitleýin hem-de halkara düzümleriň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşýan maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň parahatçylygyň esaslaryny berkitmek we ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmek, ählumumy energetika we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlarynyň ähmiýetiniň uludygy bellenildi. Bu ýerde şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, sebitleýin söwdany, ulag ulgamlaryny ösdürmek we maýalary çekmek üçin hereket etmegiň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ykdysady maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeler bu ýerde täze önümçilikleri ösdürmäge we giň gerimli maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berdi, munuň özi täze iş orunlaryny döretmäge we raýatlaryň girdejilerini artdyrmaga ýardam etdi diýip bellediler. Durmuş maksatly ykdysady özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki ýurtlarynyň ykdysadyýetini we durmuş ulgamyny dikeltmekde kömek bermäge mümkinçilik döretdi.

Wise-premýer, Daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimize ýakyn wagtda döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlara meýilleşdirilen saparlaryna görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 14-nji noýabrda Pakistan Yslam Respublikasyna boljak resmi saparynyň maksatnamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürip, tutuş dünýä üçin derwaýys meseleleri çözmäge işjeň gatnaşjakdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi bilen şertlendirilen ýurdumyzyň daşary syýasat bähbitlerini we ýörelgelerini mundan beýläk-de üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Hususan-da, milletiň Lideri SPEKA-nyň howandarlygynda türkmen paýtagtynda ykdysady maslahatyň geçirilmeginiň möhümdigini belläp, sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli taraplaryň bähbitlerini nazara alýan we uzak möhletleýin geljege gönükdirilen ylalaşykly çemeleşmeleriň talap edilýändigini nygtady. Türkmenistan hut şeýle çemeleşmäni görkezip, sebitiň döwletleriniň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmegiň girewi bolan oňyn çözgütleriň işlenip taýýarlanmagyny höweslendirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasyna boljak saparyň ähmiýeti barada aýdyp, iki dostlukly hem-de doganlyk halklaryň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň uly mümkinçiliklere eýedigini belledi hem-de ýokary derejede geçiriljek duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna we okgunly ösdürjekdigine ynam bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzda häzirki zaman kanunçylyk binýadyny kemala getirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmek babatda milli parlamentiň alyp barýan işleri barada, şeýle hem deputatlaryň ýerlerde, saýlawçylar bilen geçirýän işleri hakynda habar berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda boljak saýlawlaryna taýýarlyk görmek boýunça Mejlisiň işine aýratyn üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, häzirki zaman tapgyrynda döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtady. Milletiň Lideri döwletiň jemgyýetçilik syýasy durmuşynda Mejlisiň deputatlarynyň roluna we ornuna ünsi jemläp, parlamentariler öz saýlawçylary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen hemişelik aragatnaşygy saklap, mydama wakalaryň jümmüşinde bolmalydyrlar diýip aýtdy.

Öňde boljak saýlawlaryň ähmiýeti barada aýtmak bilen, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlaryň ýokary derejede guralmalydygyny we geçirilmelidigini belledi. Fewral aýynda geçiriljek saýlawlar häzir ýurudumyzda amala aşyrylýan reformalar üçin ygtybarly binýat bolup durýan demokratik özgertmeleri ýaýbaňlandyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim bolmalydyr.

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem edara görnüşli taraplary döwlet tarapyndan hasaba almagy kämilleşdirmegiň çäklerinde geçirilýän işler we döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmäge we maliýe-bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen görkezmelerinden ugur almak bilen, edara görnüşli taraplaryň döwlet tarapyndan hasaba alynmagyny we olaryň hasabyny ýöretmek işini kämilleşdirmek maksady bilen degişli resminama işlenip taýýarlanyldy.

Milletiň Lideri degişli ugurda geçirilýän işleriň ähmiýetini belläp, ýurdumyzyň degişli kanunçylyk-hukuk namalaryna hem-de halkara kadalaryna we ülňülerine laýyklykda işlenip taýýarlanan resminama milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulmagyna, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar we maýadarlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmelidir diýip nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Edara görnüşli taraplary döwlet tarapyndan hasaba almagy kämilleşdirmek hakyndaky” Karary makullap, bu resminama gol çekdi we onuň ýerine ýetirilişine degişli derejede gözegçlik etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazowa söz berildi, ol dürli maksatly örän ähmiýetli desgalarda işleriň barşy hakynda hasabat berdi, olaryň gurluşygy häzirki wagtda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuş hem-de senagat düzümlerini ösdürmek babatda giňden ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk senagatynyň ileri tutulýan häsiýetini belläp, täze desgalar türkmen şäherlerini we obalaryny bezemelidir diýip nygtady, bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimizi, munuň üçin zerur bolan ähli düzümleri mundan buýana-da has depginli ösdürmegi üpjün etmäge hem-de türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda gurulýan ähli desgalaryň gurluşygynyň ýokary hilini üpjün etmek hem-de olaryň işe girizilmeginiň möhletlerini berk berjaý etmek ýaly meseleleri doly gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" ähmiýetini aýratyn belledi, şol maksatnama laýyklykda biziň ýurdumyzyň ähli obalarynda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy giň gerime eýe boldy. Agaç nahallaryny oturtmak, elektrik, gaz üpjünçiligi we aragatnaşyk ulgamlaryny geçirmek üçin ýörite tehniki zolaklary hökmany tertipde göz öňünde tutmak möhümdir. Şundan ugur almak bilen, döwlet Baştutany degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek meseleleriniň üstünde durup geçip, Aşgabatda ýollaryň we köprüleriň gurluşygynyň ýokary hilini, olary göwnejaý ulanyş ýagdaýynda saklamagy üpjün etmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän pudaklarynda—ýangyç-energetika toplumynda, himiýa senagatynda we balyk hojalygynda geçirilýän işler hakynda hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem 15-17-nji noýabrda “Türkmenistanyň nebiti we gazy--2011” atly halkara sergisini we “Garaşsyzlygymyzyň 20 ýylynda Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi” atly XVI ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ata Watanymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudagy bolup durýandygyny nygtamak bilen, ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini özleşdirmek we türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek meseleleri Türkmenistanyň energetika maksatnamasyny amala aşyrmagyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, halkara maslahatlaryna, aýratyn-da, däbe görä Aşgabatda geçirilýän ýöriteleşdirilen sergä we maslahata uly orun degişlidir diýip, milletiň Lideri aýtdy. Olar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň yzygiderli artýan serişdeler we senagat kuwwatyny doly açyp görkezmelidir, şeýle hem nebitgaz pudagynda iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmakda täze tilsimatlara we baý tejribä eýe bolan öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutany belledi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa medeniýet we habar beriş serişdeleri babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilişi, ilatyň çeper edebiýata bolan islegini kanagatlandyrmak boýunça Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işi barada, şeýle hem öňde boljak baýramçylyklara medeni çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanylyşy hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän ruhy däplerini dikeltmek, milletimiziň medeni intellektual mümkinçiliklerini ösdürmek işinde medeniýet ulgamynyň aýratyn möhümdigini nygtap, milli we dünýä çeper edebiýatynyň iň gowy nusgalaryny neşir etmek meselesiniň üstünde aýratyn durup geçdi, olaryň hemmesi ýokary çaphana derejesinde we ýeterlik sanda neşir edilmelidir diýip nygtady.

Döwlet Baştutany öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna göwnejaý taýýarlyk görmek meseleleriniň üstünde durup geçip, ähli baýramçylyk çäreleriniň köpçülikleýin, uly gerim bilen we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda açylan medeniýet merkezleriniň hem-de Medeniýet öýleriniň mümkinçiliklerini giňden ulanmak barada görkezme berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda işleriň barşy baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň çäginde gämi abatlaýan we gurýan zawody bina etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler hakynda hem habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman ulag düzümleriniň we telearagatnaşyk babatda ýokary tehnologiki ulgamlaryň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň we üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny belläp, bu pudaklary mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we olara iň täze tehnikany, enjamlary hem-de innowasion tilsimatlary giňden çekmegiň zerurdygyna ünsi jemledi.

Milletiň Lideri täze, öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen gämileri satyn almagyň hasabyna Türkmenistanyň deňiz flotuny depginli ösdürmegiň möhümdigini aýratyn belledi, olar nebit we nebit önümlerini daşamakda ýurdumyzyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň mümkinçiliklerini ep-esli giňelder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň çäginde gämi abatlaýan we gurýan zawody bina etmegiň zerurdygyny belledi, häzirki wagtda Türkmenistanda möhüm önümçilik, senagat pudaklaryny ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hil, önümleriň bäsleşige ukyplylygy babatdaky ölçegler boýunça täze sepgitlere çykmaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy dünýä tejribesini, iň täze inženerçilik işläp taýýarlamalaryny hem-de “nou-haulary” çekmäge çalyşýandygygyna aýratyn üns berip, takyk detallar, tehnologiki we innowasion işläp taýýarlamalar bilen jikme-jik gyzyklandy.

Mundan başga hem hormatly Prezidentimiz ulaglaryň ähli görnüşlerinde hyzmat edilişiniň derejesini birsyhly ýokarlandyrmagyň, şeýle hem ilata edilýän häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlary babatda öňde durýan wezipeleriň möhümdigini nygtady.

Oba hojalyk toplumynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem gündelik meýdan işleriniň barşy hakynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Nurmämmedow hasabat berdi. Wise-premýer, hususan-da, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnamak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. Ekerançylyk meýdanlarynda 2012-nji ýylyň hasyly üçin buýdaý ekişi guramaçylykly dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda bugdaý ekişini ýakyn wagtda tamamlamak boýunça ähli zerur çäreler geçirilýär. Beýleki oba hojalyk işleri bilen birlikde, ýurdumyzyň Mary welaýatynda ekilen güýzlük gant şugundyryny ýygnamak işleri hem alnyp barylýar.

Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işler hem ýokary depginde dowam etdirilýär.

Şeýle hem hasabatda Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiýasiýasy tarapyndan Daşoguz welaýatynda eti we süýdi gaýtadan işleýän bölümleri bolan döwrebap maldarçylyk toplumyny gurmak boýunça alnyp barylýan guramaçylyk işleri barada aýdyldy.

Noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda däbe görä bellenilýän Hasyl toýuna bagyşlanan çäreleriň maksatnamasy hakynda hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda pagta ýygymyny üstünlikli tamamlamagyň möhümdigini belledi we pagtaçylyk pudagynyň milli dokma senagatyny ýokary hilli çig mal bilen üpjün etmekde uly orun eýeleýändigini aýtdy. Ähli oba hojalyk işlerini ylmyň gazananlaryna laýyklykda öz wagtynda ýerine ýetirmegiň möhümdigi hakynda aýtmak bilen, Türkmenistanyň Baştutany ekerançylaryň we maldarlaryň zähmetini mundan beýläk-de höweslendirmäge, öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga we oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini gaýtadan işlemäge gönükdirilen wezipeleri kesgitledi.

Daşoguz welaýatynda häzirki zaman maldarçylyk toplumyny gurmak bilen baglanyşykly meseläniň üstünde durup geçmek bilen, milletiň Lideri Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda doly awtomatlaşdyrylan, önümçiligiň doly tapgyryny öz içine alýan şeýle toplumlaryň gurulmagy ýurdumyzyň oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi.

Gadymy türkmen topragynyň bereketliligini we sahylygyny, biziň halkymyzyň zähmetsöýerligini alamatlandyrýan Hasyl toýy barada durup geçmek bilen, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow täze Galkynyş eýýamynyň ähli başlangyçlaryny we gazananlaryny we ilkinji nobatda milletiň gadymdan gelýän ekerançylyk däplerini dowam edýän we artdyrýan daýhanlaryň zehinli we tutanýerli zähmetini beýan edýän ajaýyp baýramçylyga bagyşlanan dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler we 3-5-nji noýabrda türkmen paýtagtynda geçirilen Türkmenistanyň III halkara maýa goýum maslahatynyň işi barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, daşary ýurtlaryň 20-siniň, iri halkara guramalaryň we esasy maliýe düzümleriň 8-siniň wekilleri gatnaşan maslahatynyň baş maksady dünýäniň işewür toparlarynyň arasynda netijeli we özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin Garaşsyz Watanymyzyň beýik Galkynyş eýýamynda ýeten ägirt uly sepgitlerini, şeýle hem ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny görkezmekden ybarat boldy.

Biziň ýurdumyzda halkara standartlaryna gabat gelýän kanunçylyk binýady döredildi, ol daşary ýurtly maýadarlara milli ýykdysadyýetiň dürli ulgamlaryna maýa goýmak üçin amatly we ygtybarly şertleri kepillendirýär, bu bolsa öz gezeginde Türkmenistany daşary döwletler we iri kompaniýalar üçin özüne çekiji edýär diýlip maýa goýum maslahatyna gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenildi. Türkmen döwletiniň döredýän ýeňillikleri, şol sanda salgytlar babatda, işewürlik pikirlerini amala aşyrmak üçin bank karzlaryny bölüp bermek we beýlekiler babatda ýeňillikler hem täjirçilik düzümleriň iş alyp barmagy, iri maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanyň amala aşyrýan maýa goýum syýasaty türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň önümçilik binýadyny döwrebaplaşdyrmaga we türkmen harytlarynyň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, öňdebaryjy tilsimatlary ornaşdyrmaga maýa goýulmagy, giň halkara hyzmatdaşlygy milli ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmegiň möhüm çeşmesi bolup durýar. şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri halk hojalygynyň dürli pudaklarynda maýa goýum işjeňliginiň gözegçiligini amala aşyrmak hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen, maýa goýumlaryny çekmek boýunça döwlet syýasatyny amala aşyrmakda maksada gönükdirilen işleri geçirmek baradaky möhüm işleri mydama berk gözegçilikde saklamak hakynda görkezme berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mezilow özüniň gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda özgertmeleriň barşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek maksadynda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hususan-da, wise-premýer “Syýahatçylyk işini, bedenterbiýe-sagaldyş we sport hyzmatlaryny bitirmek boýunça işi ygtyýarlylandyrmak hakynda” kararyň taslamasyny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminama gol çekip, döwletiň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän syýahatçylygy ösdürmek üçin ähli zerur şertleri döredýändigini belledi. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşişi ösen ulag we aragatnaşyk ulgamynyň, täsin tebigy we taryhy ýadygärlikleriň bolmagy ýurdumyzda syýahatçylygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär, şol sanda telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirýär diýip, milletiň Lideri nygtady.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, ýaşlary sporta giňden çekmäge uly ähmiýet berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we şu maksatlar bilen häzirki zaman sport desgalarynyň we toplumlaryň, stadionlaryň we meýdançalaryň gurulýandygyny we ulanmaga berilýändigini belledi. Milletiň Lideri şu ulgamda ilata dürli hyzmatlary etmek boýunça işleriň ýola goýulmagynyň, adamlary bedenterbiýe-sagaldyş hereketine köpçülikleýin çekmegi guramak üçin şertleriň döredilmeginiň, şunda ösüp gelýän nesle aýratyn üns berilmeginiň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişil ýolbaşçylara kabul edilen Karary durmuşa geçirmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, türkmen halkynyň abadan durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekdi.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, biziň öňümizde täze uly wezipeler we möhüm maksatlar durýär diýip belledi. 2012-nji ýyly ýurdumyzy durmuş taýdan ösdürmegiň ýyly diýip atlandyrsak maksadalaýyk bolar diýip, döwlet Baştutany ýurdumyzy durmuş taýdan ösdürmekde esasy üç ugry aýratyn belledi.

Milletiň Lideri ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda obalarda hem ähli amatlyklary şäheriňkiden birjik-de kem bolmadyk beýleki şertleri bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. Obalarda ilatyň durmuş derejesini täze derejä çykarjak giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak dowam edýär. Welaýatlary ösdürmäge, obalary abadanlaşdyrmaga ägirt uly serişdeler gönükdirilýär. Munuň özi eýýäm ýakyn geljekde her bir etrabyň, her bir şäherçäniň özgermegini kepillendirýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzir ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýaşaýyş-durmuş maksatly täze desgalary gurmagyň giň gerimli maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Şunda raýatlaryň, şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylarynyň bähbitlerini üpjün etmek möhüm wezipe bolup durýar, çünki türkmenistanlylaryň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň esasy maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany şäher nusgaly şäherçeleriň gurulmagyna ünsi çekdi.

Syýahatçylyk pudagyny ösdürmek babatda özgertmeleri dowam etmek meseleleri hemişe bolşy ýaly, Hökümetiň üns merkezinde durmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Hususan-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny gurmagyň we ony halkara syýahatçylygynyň meşhur merkezleriniň hataryna çykarmagyň täze meýilnamalaryny iş ýüzünde öz beýanyny tapmalydyr. Emma şol bir wagtda bu ugurda ýene köp işleri amala aşyrmaly, ilkinji nobatda, täze häzirki zaman myhmanhanalaryň, ýollaryň we beýleki desgalaryň gurluşygyna üns bermeli diýip, milletiň Lideri belledi. Munuň özi syýahatçylaryň biziň ýurdumyzda oňaýly dynç almagyna, tebigy we taryhy ýadygärliklere baryp görmegini ýatdan çykmajak waka öwürmegine ýardam eder.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ähli babatda adamlaryň, jemgyýetiň, her bir raýatyň abadan durmuşy biziň özgertmelerimiziň baş maksady bolup durýar. Şunda “Awaza” döwletimiziň adam hakynda edýän aladasynyň aýdyň mysaly bolup, şol alada adamlaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin oňaýly şertleriň döredilmeginde öz beýanyny tapmalydyr.

Üçünji ugur bolsa, hususy pudaga uly goldaw bermekden ybaratdyr. Bu babatda döwlet Baştutany biziň telekeçilerimiziň senagat desgalaryny gurmaklaryna, daşary ýurt kompaniýalary bilen bilelikdäki kärhanalary, kiçi zawodlary we fabrikleri açmaklaryna ýardam bermegiň möhümdigini belledi.

Bu esasy wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin, 2012-nji ýylda Döwlet býujetinde göz öňünde tutulan serişdelere goşmaça ýurdumyzyň Hökümetiniň ätiýaçlyk gorundan ýeterlik möçberde serişdeleri goýbereris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz M.Ýazmuhammedowa, K.Çaryýardurdyýewe, 2012-nji ýyly ideologiýa ýörelgelerinden ugur alyp, geljek ýyly atlandyrmak baradaky meseläniň üstünde işllemegi we teklipleri bermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany aýdanlaryny jemlemek bilen, häzir Türkmenistan öz ösüş ýolunyň başynda gadam urýar, öňde bolsa biziň döwletimizi ösen demokratiýaly, halkyň ýokary durmuş derejesine eýe bolan ýurda öwürmek boýunça uzak ýol garaşýar diýip belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, geçen ýyllarda gazanan netijelerimiz biziň öňde goýlan wezipeleriň hötdesinden abraý bilen geljekdigimize ynam döredýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşlaşanda, bý uere ýygnananlara berk jan saglyk, bagt, abadançylyk, işde uly üstünlikleri arzuw etdi.