Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistana resmi sapary:
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistana resmi sapary:

view-icon 702
Gatnaşyklaryň täze ugurlaryna we hyzmatdaşlygyň geljegine tarap

Şu gün, 14-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna resmi sapary bolar.

Munuň özi türkmen Lideriniň Pakistana ilkinji sapary bolmak bilen, ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň taryhyndaky möhüm tapgyry alamatlandyrýar.

Umumy taryhy, medeni we däp-dessur kökleri taryhyň gatlaryna uzaýan dostluk gatnaşyklary Türkmenistan bilen Pakistanyň döwletara hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýär. Häzirki döwürde olar iki ýurdyň geljekki ösüşini nazary almak bilen uly mümkinçiliklere eýe bolan özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan meýillerini häsiýetlendirýär.

Biziň ýurtlarymyz 1992-nji ýylyň maýynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak bilen, şu döwürde soňky ýyllarda oňyn ösüşe eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny düzýän halkara resminamalarynyň 30-syna gol çekdileri. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň 2009-nji ýylyň martynda Tähranda geçirilen sammitindäki duşuşygy hyzmatdaşlygyň ösüşine täze itergi berdi.

Ykdysady, söwda, ylmy-tehniki, gumanitar ulgamlardaky köptaraply gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berýän bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara topary özara gyzyklanmalary kesgitlemek we umumy wezipeleri hem-de meýilnamalary durmuşa geçirmegiň netijeli usullar işläp taýýarlamak bilen meşgullanýar.

Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň iri möçberli taslamasy döwletara gatnaşyklarynyň uzak möhletleýin esasa eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy diňe bir iki ýurdyň ykdysadyýetleriniň ösüşini we döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem taslama gatnaşyjy beýleki ýurtlaryň energo serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem, onuň durmuşa geçirilmegi halkara ähmiýetli ykdysady netijäniň gazanylmagyny, sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegini hem-de syýasy düşünişmezligiň aradan aýyrmagyny şertlendirýär. Pakistan we Türkmenistan ählumumy we sebit derejesindäki derwaýys meseleler boýunça bireg-birege goldaw berýär. Türkmenistan we Pakistan goňşy döwletler hökmünde Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagyna we durnuklylygyň üpjün edilmegine uly gyzyklanma bildirýär.

Gumanitar ugurdaky gatnaşyklar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň syýasy ugrunda bolşy ýaly, ykdysady düzümiň ösmeginde ägirt uly ähmiýete eýedir. Ýurtlaryň ikisi-de döredejilik we ylmy gatnaşyklaryň, medeni alyş-çalyşlaryň, halklaryň intellektual we ruhy gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýär. Türkmenistan we Pakistan baý ruhy mirasa, medeni gymmatlyklara eýe bolmak bilen, taryhy medeni ýakynlygyň we ylym-bilim gatnaşyklaryň esasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidirler. Şeýle gatnaşyklar biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň özara baýlaşdyrmagyny şertlendirer.

Häzirki döwürde Aşgabat we Yslamabat halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak bilen, döwletara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine, syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini uly gyzyklanma bildirýär. Milli Liderimiziň şu gezekki resmi sapary hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyklaryň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we Türkmenistan hem-de Pakistan üçin netijeli gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny giňeltmek, şeýle hem sebitleýin durnuklylygyň we howpsuzlygyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşylar diýip garaşylýar.

Saparyň maksatnamasynda Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari we Pakistanyň premýer- ministri Ýusuf Riza Gilaniniň Türkmenistanyň Baştutany bilen duşuşyklary meýilleşdirildi. Şeýle hem Pakistanyň parlamentiniň Senagatynyň -Ýokary palatasynyň başlygynyň, Pakistanyň nebit we gaz ministriniň hem-de bu ýurduň beýleki ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz bilen duşuşugy göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem saparyň dowamynda iki ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, şeýle hem birnäçe pudak edaralarynyň derejesinde geçiriljek gepleşiklerde daşary syýasat, ykdysadyýet, söwda ulgamlarynda, medeniýet pudagynda we maglumat alyş-çalyş ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirildi.

Täze ylalaşyklary iläp taýýarlamak häzirki döwürde biziň ýurtlarymyzyň tarapyndan öňe sürülýän milli wezipeleri laýyklykda alnyp barylýar. Olaryň türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn binýadynyň üstüni ýetirjekdigi we ony pugtalandyrjakdygy hem-de gatnaşyklara täze hil, mazmun berjekdigi gürrüňsizdir.

Türkmenistanyň we Pakistanyň köp ugurly hyzmatdaşlyk boýunça bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegi iki ýurtlaryň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk köprüleriniň has-da berk hem-de ygtbarly bolmagyny kepillendirýär.

Hut şonuň üçin hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Resprublikasyna şu gün başlanýan resmi sapary özara gatnaşyklaryň täze gözýetimlerini açmagy, olaryň serişdelerini doly herekete girizmegi we iki ýurtda ykdysadyýeti, medeniýeti we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri durmuşa geçirmegi maksat edinýär.