Ï Uşu- gözelligiň we güýjüň sazlaşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Uşu- gözelligiň we güýjüň sazlaşygy

view-icon 822
Daşoguzda Türkmenistanyň uşu boýunça ýaryşy geçirildi. Bu ýaryşa ýurdumyzdan gündogaryň söweşjeň sungatynyň ýüz sany görnükli wekili gatnaşdy. Ýaryş sanşou güýç görnüşi boýunça geçirildi.

Dürli ýaşly toparlaryň ýetginjekleriniň arasynda iň gowy çykyş edip, alty sany birinji orny Ahal welaýatynyň wekilleri eýelediler. (türgenleşdiriji- Şirmyrat Berdiýew). Gadymy göreşiň hereketlerini bilip, ýokary derejeli ussatlygy we dürli söweşjeň hereketleriň owadan ýerine ýetirişi üçin ýaryşyň ýeňijisi bolan we şu ýyl Warşawa (Polşa) şäherindäki uşu boýunça 8-nji Halkara Grand –Festiwalynyň ýeňijisi Ahal welaýatynyň 18 ýaşly türgeni Ýakup Ýakubow (70kg çenli agram derejesi) eminleriň we janköýerleriň söýgüsine mynasyp boldy.


Bäş sany birinji baýrakly orunlary Aşgabadyň hem-de Könürgenjiň ýaş türgenleri eýelediler. Paýtagtymyzyň türgenleriniň arasynda Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijisi Ýazmyrat Annamyradowyň okuwçylary Şamuhammet Annamuhammedow (44kg), Bedimyrat Gulhanow (65kg) we beýlekiler gowy üstünlik gazandylar.

Ýeriň eýeleri hem gowy çykyş etdiler.Könürgenjiň uşu mekdebiniň halypasy Döwletgeldi Sapardurdyýewiň okuwçylary söweş sungatynda ýokary ussatlyklaryny görkezip, hormat münberiniň ýokarky başgançagyna çykdylar. Çempion adyna sportuň halkara derejesindäki ussady Farhat Nurmetowyň okuwçysy Aman Işçanow mynasyp boldy. Gyzlaryň arasynda Bägül Ýollyýewa (33 kg çenli, Könürgenç etraby) çykyşy bilen ýokary görkezijileri gazandy. Öz agram derejelerinde paýtagtymyzyň türgen gyzlary Jahan Amandurdyýewa (48 kg), Aýgül Rahymowa (56 kg), Jennet Aýnazarowa (60 kg) tapawutlandylar.


Ýaryşyň Baş Emini Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijisi Ýazmyrat Annamyradow ýurt boýunça geçirilen ýaryşa ýaş türgenleriň köpçülikleýin gatnaşmagy, olaryň sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdarydygyny ýene bir gezek subut etdi diýip belleýär. Gündogaryň söweşjeň sungatynyň uşu görnüşi boýynça geçirilen bu ýaryş-sportuň we sagdynlygyň uly baýramçylygyna öwrüldi.