Dünýä çempionatynda türkmen samboçylary üstünlik gazandylar
Litwanyň paýtagty Wilnýus şäherinde tamamlanan sport we söweşjeň sambo boýunça 35-nji dünýä çempionatynda kümüş medallaryň üçüsine we bürünç medallaryň ikisine mynasyp boldular. Dünýä çempionaty 10 müň orunlyk Siemens Arena stadionynda geçirildi we dünýäniň 55 ýurdundan türgenleriň 450-sini ýygnady.
Türkmenistanyň toparynda Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň türgenleşdirijisi M.Filippowa (agram derejesi 48 kilograma çenli) we hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykmagy başaran Sport we syýahatçylyk milli instiuttynyň talyby G.Babamyradowa (52 kilograma çenli) üç ýeňişden gazandylar. Halkara derejeli sport ussady, Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň toplumlaýyn sport mekdebiniň türgenleşdirijisi A.Niýazmeňliýew (82 kilograma çenli) edil şonuň ýaly üstünligi gazanmagy başardy.
Sport we syýahatçylyk milli institutynyň talyplary G.Haýytbaýewa (64 kilograma çenli) we K.Allanurow (57 kilograma çenli) bürünç medallara mynasyp boldular.
Toparlaýyn ýaryşda biziň samboçy zenanlarymyz hormatly dördünji orny, erkekler bolsa söweşjeň samboda 8-nji orny we sport sambosy boýunça 11-nji orny eýelediler.
Şeýle jogapkärçilikli ýaryşlara biziň türgenlerimiz Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijileri Omar Muhammetnazarowyň, Ata Adaýewiň we Dörtguly Tejenowyň ýolbaşçylygynda taýýarlyk gördüler.