Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 600
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna, şeýle hem Türkmenistanda giňden ýaýbaňlandyrylan milli özgertmeleriň maksatnamalarynyň çäklerinde ýerine ýetirilen işler we döwlet durmuşynyň beýleki derwaýys ugurlary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Döwlet Baştutany göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna öňi bilen Ahal welaýatynyň häkimi D.Myratberdiýewi çagyrdy. Häkim öz hasabatyny welaýatyň pagtaçy kärendeçileriniň şu ýyl üçin boýun alnan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habar bilen başlady.

Şatlykly waka mynasybetli welaýat häkimliginiň maslahatlar zalyna welaýatyň oba hojalyk düzüminiň ýolbaşçylary, ýokary netije gazanan kärendeçiler, ýaşlar ýygnandylar—olar wideoaragatnaşyk arkaly milli Liderimizi tüýs ýürekden gutladylar.

Körpe nesil joşgunly goşgy setirleriň üsti bilen, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeler maksatnamasynyň netijelerini, gülleýän Diýarymyzy wasp etdiler we ähli amatlyklary döredýändigi üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň babadaýhanlaryny pagta taýýarlamak barada şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý edip, gazanan uly zähmet üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlady. Welaýatyň zähmetsöýer pagtaçylary şu ýyl Watan harmanyna 205 müň tonnadan gowrak pagta tabşyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň ussat pagtaçylary bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanyp, “ak altynyň” bol hasylyny ýygnadylar, döwletimiz geljekde hem oba zähmetekeşlerine hemmetaraplaýyn goldaw berer diýip nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň babadaýhanlarynyň oba hojalyk işlerini talabalaýyk geçirip, täze ýylda hem bol hasyl ösdürip ýetişdirjekdiklerine ynam bildirdi we maslahata gatnaşyjylary hem-de welaýatyň zähmetsöýer daýhanlaryny gazanan bu ajaýyp zähmet üstünligi bilen ýene bir ýola gutlady.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklary, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşygy hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan binalardaky işleriň ýagdaýy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen bir hatarda, beýleki pudaklarda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ilatyň durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini yzigiderli ýola goýmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyga Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew çagyryldy, ol häzirki döwürde welaýaty ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Häkim şeýle hem welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatda zerur bolan durmuş üpjünçiliginde, hususan-da, agyz suw, elektrik energiýasy we beýleki ulgamlarda bökdençligiň ýüze çykmazlygy üçin ähli tagallalary görmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz E.Orazgeldiýewe welaýatda işleri alyp barşyna nägilelik bildirip, sebitde oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur bolan çäreleri görmegi häkimden berk talap etdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, döwlete pagta hasylyny tabşyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ähli ugurlar boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek häzirki döwürde baş talap bolup durýar diýip bellemek bilen, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, bellenen meýilnamalary berjaý etmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem desgalaryň ýokary hilli gurulmagy hem-de olaryň öz wagtynda tabşyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin gymmatly çig mal bolan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap, döwlete tabşyrmak barada yzygiderli tagalla etmelidigini belledi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda hasabat bilen çykyş eden Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow welaýatda dürli ugurlar boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem hakim welaýatda bugdaý ekişiniň tamamlanandygy barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň bagtyýarlygynyň hem-de abadançylygynyň üpjün edilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip bellemek bilen, bu babatda durmuşa geçirilýän çärelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi hem-de şol işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Nurmämmedowy çagyrdy. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işler, pagta ýygymynyň barşy, şeýle hem maldarçylyk pudagynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, mallaryň dok we ýyly gyşladylmagyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly jemlemek, munuň üçin ähli degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, şeýle hem oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmak we olary aýawly saklamak boýunça alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ulgama degişli gurluşyk işleriniň barşy bilen yzygiderli gyzyklanyp, olaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy ugrunda ähli zerur tagallalary görmegi talap etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazowy we Aşgabat şäheriniň hakim Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Wise-premýer öňi bilen hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de Ahal welaýatynyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan sport mekdepleriniň gurluşyk işleriniň depginleri, şeýle hem olaryň daş görnüşleri barada hasabat berdi we degişli taslamalary görkezdi.

Milli Liderimiz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olary umuman oňlady hem-de taslamalara birnäçe bellikleri aýtdy, degişli düzedişleri girizdi.

Aşgabat şäheriniň häkimi bolsa öz hasabatynda paýtagtymyzda alnyp barylýan işler, öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk, şeýle hem şäheri ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda alnyp barylýan işlere, hususan-da, şäheri abadanlaşdyrmak, gök zolaklary döretmek, yşyklandyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, bu babatda ähli degişli gulluklaryň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny aýtdy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Bitarap Türkmenistan şaýolunyň diňe bir paýtagtymyzda ýa-da ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýüzünde nusgalyk derejedäki ýola öwrülmelidigini belledi. Hut şonuň üçin hem bu künjekde alnyp barylýan toplumlaýyn işlere örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini aýdyp, milli Liderimiz bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şäheriň arassaçylygynda peýdalanylýan häzirki zaman tehnikalaryny netijeli ulanmak we olary aýawly saklamak boýunça zerur çäreleri görmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň ahyrynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly meseleleriň örän möhümdigini ýene bir gezek belledi.

Döwlet Baştutany maslahata gatnaşyjylara eziz Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.