Ï Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşdy

view-icon 728
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň “Serdar” kabulhanasynda Hytaý Halk Respublikasynyň žurnalistler toparyny, ýagny “Sinhua” habarlar agentliginiň, “Hytaýyň Halkara radiosynyň”, şeýle hem dostlukly ýurduň iri neşirleri bolan “Ženmin žibao” we “Guanmin Žibao” gazetleriniň habarçylaryny kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi, Hytaý Halk Respublikasynyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş bolmaga razylyk berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bilen gutladylar hem-de arzuwlaryny aýtdylar, şeýle hem ähli türkmenistanlylylara bagt we abadançylyk arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Hytaýyň Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýän öňdebaryjy elektron we metbugat neşirleriniň wekilleri bilen söhbetdeş bolýandygyna şatdygyny aýtdy we biziň ýurdumyzyň deňhukukly, uzakmöhletleýin hem-de özara bähbitli häsiýete eýe bolýan döwletara aragatnaşyklarynyň ýeten derejesine ýokary baha berýändigini, şeýle hem Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky işjeň, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigini belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz myhmanlary ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary, şeýle hem durmuş-ykdysady maksatnamasynyň esasy maksatlary we wezipeleri bilen tanyşdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleişi ýaly, Türkmenistan häzirki döwürde ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginlerine eýedir we dünýäniň has sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hatarynda öz ornuny pugta berkitdi. Türkmen döwletiniň daşary syýasat ugry barada aýtmak bilen, milli Liderimiz biziň ýurdumyz ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen ugry yzygiderli ýöredýär diýip nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habarçylaryň sowallaryna jogap bermek bilen, Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasyny wajyp hem-de ygytbarly hyzmatdaş hasaplaýar we bu ýurt bilen diňe bir taryhy kökleri gadymyýete uzap gidýän we Beýik Ýüpek ýoly döwürlerinde has-da berkän köpasyrlyk taryhy dostluk gatnaşyklary däl, eýsem, bilelikde durmuşa geçirýän ägirt uly taslamalar baglanyşdyraý diýip belledi. Ewraziýa yklymynda iri energetika taslamasy bolan transmilli gaz geçirijisi bolan Türkmenistan-Hytaý ugrunyň bardygyny bellemek gerek, bu taslamanyň gurluşygy döwletara hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimz türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljegi barada aýtmak bilen, häzirki döwürde biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigini, onuň täze hili eýe bolýandygyny we iki ýurduň arasyndaky syýasy ynanyşmagyň ýokary derejesine laýyklykda hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigini, şeýle hem halkara ähmiýetli möhüm meseleler boýunça garaýyşlaryň ýakyndygyny belledi. Netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, millitiň Lideri milli gyzyklanamalara we iki döwletiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.