Ýurdumyzyň sportunyň taryhynda türkmen ştangaçylarynyň topary ilkinji gezek geljekki ýyl Londonda geçiriljek ХХХ Olmpiýa oýunlarynda iki sany däl-de, üç sportçy bolup çykyş eder. Munuň özi Parižde geçirilen dünýä çempionatynyň netijeleri boýunça belli boldy. Bu ýaryşda 2012-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna ýollanmalary almak ugrundaky bäsleşikler geçirildi.
Dünýä çempionatlarynyň soňky ikisi-2010-njy ýylda Antalýada (Türkiýe) we 2011-nji ýylda Parižde (Fransiýa) geçirlen dünýä çempionatlarynyň netijeleri boýunça kesgitlenildi. Utuklary hasaplamagyň netijesinde 24 sany ýurda ýollanmalar berildi: ilkinji 6 sany toparyň her biri alty sany ýollanma, soňky 5 topar 5 sany ýollanma, 13-nji orundan 18-nji orna çenli eýelän toparlaryň her biri 4 ýollanma hem-de 19-24-nji orunlary eýelän toparlar üç sany ýollanma aldylar.
Türkmenistandan alty sany agram derejesinde 8 sportçy gatnaşdy. Olaryň ählisi utuk getirmegiň hötdesinden geldi. Şunda biziň toparymyzyň öňbaşçysy-2000-nji ýylda Sidneýde, 2004-nji ýylda Afinyda we 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen Olimpiýadalara gatnaşan Ömürbek Bazarbaýew 62 kilograma çenli agram derejesinde iň güýçlüleriň bäşliginiň hataryna girip, Türkmenistanyň rekordlarynyň ikisini täzeledi. Ol ştangany itekläp galdyrmakda 168 kilogram we iki görnüş boýunça 303 kilogram götermegiň hötdesinden geldi. Ştangany silkip, itekläp galdyrmakda we iki görnüşiň jemleri boýunça Daşoguz welaýatyndan Tolkunbek Hudaýbergenow (69 kilograma çenli), Mansur Rejepow (68 kilograma çenli) we Marydan Hojamuhammet Toýçyýew (105 kilogramdan ýokary) milli rekordlary täzelediler. Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Jasurbek Jumaýew 94 kilograma çenli agramda ştangany silkip galdyrmakda 163 kilogram göterip, Türkmenistanyň ýene-de bir rekordyny goýdy.
Toparlaýyn bäsleşikde türkmen ştangaçylary 15-nji orna eýelediler. 1 ýyl mundan ozal Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen ýaryşda 27-nji orny eýeläpdiler. Dünýäniň iki çempionatynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň topary 19-njy ýeri eýeledi we olmpiýa ýollanmalaryň üçüsine mynasyp bolup, agyr atletika boýunça baý däplere eýe bolan Fransiýadan, Germaniýadan, Tailanddan, Gruziýadan, Moldowadan, Rumyniýadan öňe geçdi.
Türkmen toparynyň bu üstünligine Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Ikram Matkarimow we Artur Emirýan uly goşant goşdular. Şeýle hem biziň agyr atletikaçylarymyzy dünýä çempionatyna taýýarlamakda Milli olimpiýa komiteti, Türkmenistanyň syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti hem-de ýurdumyzyň Milli agyr atletika merkezi uly goldaw berdiler.
Londonda geçiriljek Olimpiýadada türkmen ştangaçylarynyň iň gowy sportçular wekilçilik eder. Olaryň atlary 2012-nji ýylda milli saýlama ýaryşlarynyň birnäçesinden soň belli bolar.