Ï Türkmenistanyň Prezidenti resminamalara gol çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti resminamalara gol çekdi

view-icon 808
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň öz milli emeli hemrasyny döretmek boýunça taslamany durmuşa geçirmek hem-de dünýäniň ýokary innowasion tehnologiýalaryny ýurdumyzyň pudaklarynyň ösüş depginini ýokarlandyrmak üçin giňden ulanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekli. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine Türkmenistanyň milli emeli hemrasyny we onuň ýerdäki dolandyryş ulgamlaryny gurmak, şeýle hem milli emeli hemrany älem giňişligine çykarmak we işe girizmek, ony 15 ýylyň dowamynda ýokary hilli dolandyrmakda gije-gündiziň dowamynda ýardam bermek we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak barada Fransiýa Respublikasynyň “Tales Alenia Spaсe” kompaniýasy bilen şertnamany, işleri 2011-nji ýylyň dekabr aýynda başlap, 2014-nji ýylyň awgust aýynda tamamlamak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *
Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek, iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge ýardam bermek, şeýle hem Türkmenistanyň ykdysadyýetinde gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde 2012-nji ýylyň 12-nji maýy—12-nji awgusty aralygynda Koreýa Respublikasynyň Ýosu şäherinde geçirilýän “EKSPO—2012” atly bütindünýä sergisine gatnaşmaga borçly edildi hem-de bu sergä gatnaşmak boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi, sergä gatnaşýan Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň sanawy tassyklanyldy.

* * *
Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, türk kompaniýalarynyň öňdebaryjy tilsimatlaryny we iň gowy tejribesini ýurdumyzda ornaşdyrmak, şeýle hem hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek we özara bähbitli şertnamalary baglaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna “Meridyen Uluslararasi Fuarсilik San. ve Tiс. Ltd. Sti.” türk kompaniýasy bilen bilelikde 2011-nji ýylyň 14-16-njy dekabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Sergi köşgünde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek tabşyryldy, şu sergini geçirmek üçin bu türk kompaniýasy bilen degişli şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. Şeýle hem Karar bilen Türkmenistanda Türkiýe Respubliasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy.

* * *
Türkmenistanyň çäklerinde ägirt uly gaz känler zolagynyň açylmagy we onuň özleşdirilmegi bilen baglylykda, şeýle hem Türkmenistanyň nebitgaz senagaty, himiýa we balyk hojalygy toplumlarynyň işgärleriniň tekliplerini göz öňünde tutup, Günorta Ýolöten-Osman, Minara ýataklaryny we ýanaşyk ýataklary bir bitewi ulgama birleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Günorta Ýolöten-Osman, Minara ýataklaryny we ýanaşyk ýataklary “Galkynyş” gaz käni diýip atlandyrmak bellenildi.

* * *
“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda ýurdumyzyň gaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, şeýle hem “Orta Aziýa Merkez-III” gaz geçirijisiniň we “Belek-Türkmenbaşy” esasy gaz geçiriji sowmasynyň zaýalanan böleklerini çalyşmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda “Türkmengaz” döwlet konsernine polat turbalaryň 7168, 112 tonnasyny satyn almak barada Russiýa Federasiýasynyň “Torgowyý Dom “TMK” ýapyk paýdarlar jemgyýeti bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *
“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Hytaýda öndürilen nebitgaz enjamlaryny we turba önümlerini satyn almagy maliýeleşdirmek üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistana ýeňillikli karz bermegi hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2010-njy ýylyň 18-nji iýunynda baglaşylan Çarçuwaly Ylalaşygyň şertlerine laýyklykda Hytaýyň Eksport-import banky bilen bankara Karz ylalaşygyny baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *
Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek, maliýe edaralarynyň işini kämilleşdirmek, maliýe usullarynyň görnüşlerini giňeltmegiň hasabyna ykdysadyýetimizde maliýe serişdelerini amatly paýlamak, şeýle hem durnukly esasda uzakmöhletli maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasy, şeýle hem şunuň bilen baglylykda amala aşyrylmaly çäreleriň 2012-2016-njy ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.

* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri G.Elýasow saglygy goraýyş boýunça geçiriljek german-türkmen maslahytyna gatnaşmak üçin, 2011-nji ýylyň 20-24-nji noýabry aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen we Berlin şäherlerinde gulluk iş saparynda bolar.

* * *
“Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasyna laýyklykda hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respbulikasynyň Hökümetiniň arasynda 2006-2010-njy ýyllarda baglaşylan Tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda 2006-njy ýylyň 21-nji awgustynda, 2007-nji ýylyň 17-nji iýulynda, 2009-njy ýylyň 24-nji iýunynda, 2010-njy ýylyň 18-nji iýunynda baglaşylan Ylalaşyklara laýyklykda, Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň Hökümetine berilýän muzdsuz grantlar boýunça hasaplaşyk amallaryny geçirmek barada Hytaýyň Döwlet ösüş banky bilen Ylalaşyklara gol çekmäge ygtyýar berildi.