Ï Türkmen boksçysy Gazagystanda geçirilen bäsleşikde bürünç medala mynasyp boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen boksçysy Gazagystanda geçirilen bäsleşikde bürünç medala mynasyp boldy

view-icon 699
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Hojat Hojatow ýetginjekleriň (17 ýaşdan ýokary bolmadyklaryň) arasynda boks boýunça Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen halkara ýaşlar bäsleşiginde bürünç medalyň eýesi boldy. Bäsleşige 8 ýurduň, şol sanda Belarusyň, Yragyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Ukrainanyň we beýlekileriň wekilleri gatnaşdylar. Bu üstünligi aşgabatly 17 ýaşly sport ussatlygyna dalaşgär 52 kg çenli agram derejesinde gazandy.

Aktöbeniň bäsleşik meýdançasynda H.Hojatow iki duşuşyk geçirdi. Şolaryň birinde Gazagystanyň wekilinden üstün çykdy we ahyrky netijede hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Munuň özi Hojatyň halkara bäsleşiginde öz halypalarynyň -Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijileri A.Sähedowyň we halkara derejeli emin I.Meretnyýazowyň ýolbaşçylygynda gazanan ilkinji ýeňşidir. Onuň ýakyn geljek üçin meýilnamalarynda boks boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda şu ýyl Daşoguzda uly ýaşlylaryň arasynda geçiriljek bäsleşige ilkinji gezek gatnaşmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi 2012-nji ýylda badalga alýan Aziýanyň ýaşlar çempionatynyň öň ýanynda oňat güýç synanyşygy bolar.