Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary başlandy
Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara aeroportunda döwlet Baştutanyny Mejlisiň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary ugratdylar.
Hormatly Prezidentimiziň “Boingi” köp sagatlyk uçuşy amala aşyrandan soň bu şanly waka mynasybetli iki dostlukly ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Pekiniň halkara aeroportuna gondy. Uçaryň ýanynda türkmen Liderini Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň adyndan we tabşyrmagy boýunça Hytaýyň daşary işler ministri Ýan Szeçi, HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Siýao Sinhua we HHR-iň döwlet protokoly gullugynyň baştutany hem-de resmi adamlar mähirli we tüýs ýürekden garşyladylar.
Bu ýerde, howa menzilinde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary, şeýle hem Hytaýyň esasy ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary mähirli mübäreklediler.
Türkmenistanyň Prezidenti bu ýere ýygnananlar bilen mähirli görşüp, ugruna hormat garawulunyň esgerleri hatara düzülen haly ýodajyk bilen özüne garaşyp duran ulagyna tarap bardy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtombil kerweni aeroportdan çykyp, Pekiniň günbatar böleginde, kölüň kenaryndaky ajaýyp ýerde ýerleşen “Dýaoýuýtaý” döwlet kabulhanasyna tarap ugrady. Ozalky döwürde Hytaý imperatorlarynyň kabulhanasy bolan bu binanyň 800 ýyllyk taryhy bolup, ol häzirki döwürde tebigy-binagärlik toplumydyr we Hytaý paýtgatynyň iň bir ajaýyp desgalarynyň biridir. Bu ýerde ýokary wezipeli daşary ýurt myhmanlaryny Hytaýyň ýokary partiýa we döwlet ýolbaşçylary kabul edýärler. Şeýle hem bu ýerde halkara derejesindäki möhüm çäreler guralýar, duşuşyklar we gepleşikler geçirilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň bu sapary Hytaýda netijeli gatnaşyklaryň köp ýyllyk tejribesine daýanýan we soňky ýyllarda hil taýdan täze ösüşe, özüniň ösüşinde kuwwatly itergä eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. HHR dünýäniň iri döwletleriniň biridir. Türkmenistan bu ýurt bilen ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalrynyň, öňi bilen bolsa BMG-niň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Öz gezeginde Hytaý ägirt uly ykdysady mümkinçiliklere eýe bolan hem-de durnukly, ygtybarly we borjuna wepaly hyzmatdaş hökmünde halkara giňişliginde uly abraýdan peýdalanýan, şeýle hem sazlaşykly ösýän ýurtlaryň hataryna giren Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär.
Iki ýurtlaryň netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagy hem-de ösdürmäge bolan meýilleri hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçilikleriniň artmagy iň esasy bolsa taraplaryň hoşniýetli erki netijeli gatnaşyklar boýunça nusgalyk dereje diýen hukuga eýe bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň üstünligini şertlendirýär. Mälim bolşy ýaly, özara peýdaly ikitaraplaýyn gatnaşyklar ilkibaşdan birek-birege ynanyşmak we iki ýurduň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar.
Şu gün “Dýaoýuntaý” kabulhanasynda milletiň Lideri öňi bilen Hytaýyň esasy ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdy. Olaryň hatarynda iri we abraýly ylym-bilim mekrezleri bolan Pekiniň ylym we tehnologiýa we Pekiniň nebit uniwersitetleriniň, Şanhaýyň Tongži uniwersitetiniň, Wuhan şäherinde ýerleşýän ylym we tehnologiýa, şeýle hem Huažongyň mugallymçylyk uniwersitetiniň hem-de Guançžou şäheriniň Hanfang lukmançylyk uniwerçitetiniň talyplary bar. Tutuşlygyna alnanda Hytaýyň dürli şäherlerinde türkmen talyplarynyň müňe golaýy bilim alýar.
Ýaşlar ýurdumyzyň ylmynyň we biliminiň ýokary halkara derejelerine çykmagyna gönükdirilen oňyn özgertmeleriň başyny başlaýjy hormatly Prezidentimizi uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylar bilen mähirli görşüp, talyplaryň okuwdaky üstünlikleri, durmuş şertleri, geljek üçin meýilnamalary bilen jikme-jik gyzyklandy.
Häzirki wagtda ýokary depginler bilen ösýän we ylym hem-de ýokary tehnologiýalar babatda dünýäniň öňdebaryjylarynyň hatarynda barýan ýurtda bilim almagyň ajaýyp mümkinçiligi siziň paýyňyza düşdi diýip, milletiň Lideri aýtdy. Hytaýy, onuň gadymy we örän baý taryhyny, medeniýetini, şeýle hem häzirki zaman öňdebaryjy ylmy taglymlaryny we taslamalaryny öwrenmek gerekdir. Siziň alan bilimleriňiz, edinen hünärleriňiz möhüm durmuş hemralaryňyz bolar, seçip alan ugurlaryňyzda, işiňizde, durmuş ýoluňyzda uly üstünlikleri gazanmaga kömek eder diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdirdi.
Milletiň Lideri ýaşlara ak pata berip, öz söhbetdeşlerini okuw ýyllarynda alan bilimlerini geljekki işinde netijeli hem-de peýdaly ulanmak üçin okuwa örän çynlakaý hem-de jogapkärli çemeleşmäge çagyrdy.Siz Watanyňyza gaýdyp gelip dürli pudaklarda işläp başlarsyňyz we Türkmenistanyň progresine hem-de gülläp ösmegine, döwletimiziň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmaga, ylmy, medeniýeti hem-de bilimi ösdürmäge, biziň ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge öz mynasyp goşandyňyzy goşarsyňyz diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanynyň belleýişi ýaly, Türkmenistany we Hytaýy giň möçberli hyzmatdaşlygyň ýörelgeleri, milli medeniýetlere, däp-dessurlara we urp-adatlara özara hormat goýmak baglanyşdyrýar. Bu ýerde, HHR-da türkmen talyplary bilen bir hatarda dürli halklaryň we döwletleriň wekilleri ýaşaýar hem-de okaýar. Gürrüňsiz suratda olaryň hemmesine türkmenleriň taryhy we medeniýeti we elbetde, häzirki Türkmenistan, biziň ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri, biziň Garaşsyz Watanymyzyň gadam uran ajaýyp eýýamy barada bilmek gyzykly bolar.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerde bilim alýan türkmen talyplary bilen bolan gürrüňdeşligiň barşynda olara her bir işde bolşy ýaly, bilim almakda hem yhlas etmelidigini, zähmeti söýmelidigini öwüt-ündew etdi we ýaşlaryň Watana wepaly, ene-atalaryny ýokary derejede hormatlamagyň, ýaşulularyň paýhasly maslahatlaryna hemişe gulak asmagyň olar üçin mukaddes we parz işdigini nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz talyplar bilen bolan söhbetdeşligi dowam edip, bu babatda ýakynda geçen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda hem belländigini aýtdy we talyplara ýüzlenip, halkymyzyň paýhasyndan kemal tapan “Bir okana bar, bir dokana” diýen ýörelgä eýermelidiklerini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýaş wekilleriniň uly mümkinçiliklerine, ukyplaryna we başarnygyna ynam bildirip, olara berk jan saglyk, okuwda uly üstünlikler arzuw etdi.
Siz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýaşytdaşlary bolmak bilen, Watanymyzyň umydysyňyz, onuň geljegisiňiz, biz Watanymyzyň geljegini innowasion ösüşler, täze tilsimatlar, ilkinji nobatda bolsa paýhasly ýaşlar, hünärmenleriň täze nesli, zehinli, giň dünýägaraýşy bolan hem-de döwrebap bilimlerini, täzeçillik pikirlenmeleri ele alan ýaşlar bilen baglanyşdyrýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiz kämil bilime ýetmek üçin yhlasyňy gaýgyrmaly däl, hemmämiziň bilşimiz ýaly, ýokary derejeli ylym almak üçin “iňňe bilen guýy gazan ýaly” yhlas etmelidir diýip belledi.
Siz ýurdumyzyň özbolşuly wekilleri bolmak bilen, ata-babalarymyzyň şöhratly ýörelgelerini we halkymyzyň iň gowy döredijilik üstünliklerini dünýä ýüzünde giňden wagyz etmelisiňiz, şonuň üçin hem milli medeniýetimizi, halkymyzyň taryhyny, milli mirsamyzy çuňňur öwrenmelisiňiz we pederlerimiziň paýhasly däplerini, ahlak ýörelgelerini mynasyp dowam etmelisiňiz diýip, milli Liderimiz nygtady.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýaşlary beýleki halklaryň medeniýetini öwrenmäge, olaryň edebiýaty we sungaty bilen giňden tanyşmaga çagyrdy. Çünki, medeniýet halklaryň ruhy taýdan ýakynlaşmagyny, olaryň umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda baglanyşmagyny şertlendirýär, bu ugur ynanyşmagyň, birek-biregiň düşünişmegiň, iň esasy bolsa hyzmatdaşlygyň köp sanly beýleki ugurlarynyň berkemeginiň hem-de ösdürilmeginiň esasyny düzýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň mümkiniçliklerine, ukyplaryna we zehinine ynam bildirip, olara berk jan saglyk, okuwlarynda üstünlik arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy ýaş türkmenistanlylaryň giň seslenmesine eýe boldy. Olar milli Liderimimziň aýdanlaryny atanyň öwdi hökmünde kabul etdiler. Türkmen talyplary häzirki döwürde türkmen topragynda durmuşa geçirilýän we dünýä jemgyýetçiliginde ägirt uly seslenmesine eýe bolýan özgertmelere tüýs ýürekden buýsanýandyklaryny bellediler. Hytaý halk Respublikasynyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar özlerine bildirilýän alada hem-de üns üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Ýurtda amala aşyrylýan bilim ulgamyndaky ägirt uly özgertmeler bilim almak üçin giň mümkinçilikleri döretdi diýip bellemek bilen, özleri üçin döredilýän şertleriň kämil bilimlere eýe bolmaklaryny, hünär derejelerini ýokarlandyrmagy, ylmy dünýägaraýşyň kemala gelmegini şertlendirdi diýip bellediler.
Biz Garaşsyz Türkmenistana daşary ýurtda wekilçilik edýändigimize buýsanýarys we siziň alyp barýan parahatçylyk, dostluk we döredijilik syýahatyňyzy wagyz edýäris, şu günki duşuşyk biziň durmuşymyzyň möhüm sahypasy bolmak bilen, ol ýaşlaryň ömürlik ýadyňda galar diýip, bu ýerde bilim alýan ýaşlar çykyşlarynda nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiz talyplar bilen bolan duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşýan ýurdumyzyň hökümetiniň agzalaryna we beýleki degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, her bir ugurdan bilim alýan ýaşlaryň okuw we ýaşaýyş şertleri, olaryň ukyplary bilen gyzyklanyp durmagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bilim ministrine Hytaýda we beýleki ýurtlarda bilim alýan ýaşlaryň okuwyny tamamlap, Watanymyza baransoň, olaryň degişli ugurlar boýunça iş bilen üpjünçilik meselesine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Mundan hem başga milli Liderimiz dürli ulgamlaryň ýolbaşçylaryna öz ugurlary boýunça gerekli hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde bilim alýan türkmen talyplaryna özüniň täze döreden eserlerini sowgat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara okuwlarynda üstünlik arzuw etdi we talyplaryň haýyşlary boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Döwlet Baştutanymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň türkmen ýaşlary bilen bolan duşuşykdan başlamagynda çuňňur many bar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň döwrebap terbiýe we ýokary derejeli bilim almaklary ugrunda edýän atalyk aladasynyň, şeýle hem milli Liderimiziň Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara bildirýän ynamynyň aýdyň subutnamasydyr.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli Liderimiziň eserleriniň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşan egindeşleri hytaý tarapyndan dabara gatnaşanlaryň haýyşy boýunça ol eserleriň hytaý dilinde neşir edilenlerini döwlet Baştutanymyza sowgat berdiler.
Ertir döwlet saparynyň çäklerinde Halk ýygnagy öýünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Hu Szintao gepleşikleri bolar, ol däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge täze itergi berer hem-de uzakmöhletli geljek üçin özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlär. Türkmen Lideriniň döwlet saparynyň maksatnamasy örän giňdir we ýokary derejedäki gepleşiklerden başga hem ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirer.
Hytaýyň esasy habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-e saparyna uly üns berýärler. Ozal habar berlişi ýaly, saparyň öňüsyrasynda döwlet Baştutany Aşgabada ýörite gelen hytaý žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. Ol jogaplar iri “Sinhua” habarlar agentliginiň kanallary boýunça ýaýradyldy, Hytaýyň esasy metbugat neşirleriniň – “Ženmin Žibao” we “Guanmin Žibao” gazetleriniň sahypalarynda çap edildi, şeýle hem “Hytaýyň halkara radiosynyň” ýaýlymynda eşitdirildi. Şu günler Hytaýyň iri habar beriş serişdeleri sapary jikme-jik beýan etmegi dowam etdirýärler.
Tutuşlygyna alnanda ýokary derejede geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň we Hytaýyň birek-birege uzakmöhletli strategiki hyzmatdaşlar hökmünde garaýandygy, baý ykdysady mümkinçiliklere we Beýik Ýüpek ýoly eýýamyndan başlanýan asyrlaryň dowamyndaky medeni aragatnaşyklara daýanýan özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegi maksat edinýändiginiň aýdyň tassyklanmasy bolup hyzmat edýär. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýär, sebitleýin we giň möçberde parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmagyň aýrylmaz şerti bolup çykyş edýär.