Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

view-icon 678
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň täze taryhy döwürdäki uly tutumly işlerine degişli birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şeýle hem döwlet durmuşynyň gündelik möhüm wezipeleri, hususan-da, oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Mejlisiň gün tertibini yglan edip, döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary we ähli türkmen halkyny şanly sene bolan Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de bu ählihalk baýramçylygynyň ähmiýetini, türkmen daýhanlarynyň yhlasly zähmeti netijesinde gazanýan üstünlikleriniň mynasyp ornuny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz sahawatly türkmen topragyndan bol hasyl öndürýän babadaýhanlarymyzy gutlady. Şunuň ýaly ajaýyp baýramyň ýurdumyzda dabaraly bellenilmegi türkmen daýhanlarynyň halal we yhlasly zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpaň nyşany diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeler, bu pudagy yzygiderli ösdürmek maksady bilen kabul edilýän çözgütler eziz Diýarymyzda azyk bolçulygy döretmäge, türkmen topragynda öndürilýän ýokary hilli önümleri daşary ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berýär.

Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň giňden we dabaraly bellenilýän şu ýylynda hem ýurdumyzyň oba hojalyk işgärleri uly zähmet üstünliklerini gazandylar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz edermen babadaýhanlarymyz “Der dökseň, dür döküler” diýen pähimden ugur alyp, halal we tutanýerli zähmet çekip, bereketli türkmen topragyndan bol hasyly öndürmegi başardylar diýip aýtdy.

Bol galla hasylynyň öndürilmegi netijesinde, şu ýyl ýurdumyz öz taryhynda ilkinji gezek dünýä bazarlaryna galla eksport edýän döwletleriň hataryna goşuldy. Şeýle hem edermen daýhanlarymyz pagtanyň we beýleki gök-bakja önümleriniň hem bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Milli Liderimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň başynda eden çykyşynda aýdyşy ýaly, döwletimiz oba ilatynyň hal-ýagdaýyny düýpli gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak barada hem yzygiderli alada edýär, bu ugurda giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz oba hojalygyny ösdürmek ýurdumyzyň ykdysady binýadyny berkitmek bilen aýrylmaz baglydyr, şoňa görä-de biz geljekde hem ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, oba hojalygyny ösdürmäge aýratyn üns bereris, oba zähmetkeşlerine ýerden bol hasyl almak, netijeli zähmet çekmek üçin döwlet tarapyndan zerur bolan ähli şertleri dörederis diýip nygtady.

Edermen babadaýhanlarymyzyň geljek ýylda-da pagtanyň, bugdaýyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirip, ajaýyp zähmet üstnüliklerini gazanjakdyklaryna men pugta ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni jemledi.

Soňra Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen welaýatlaryň häkimlerine söz berdi.

lki bilen Ahal welaýatynyň häkimi D.Myratberdiýewe söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem welaýatda on aýyň dowamynda bitirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada aýdyp, şu ýyl 225 müň gektara güýzlük bugdaý ekilendigini we häzirki döwürde ak ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyk alnyp barylýandygyny habar berdi. Şeýle hem hasabatda durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň gurluşygy we olaryň öz wagtynda hem-de ýokary hilli tamamlanmagyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýdyldy. Mallary dok we ýyly gyşlatmak babatda maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini aýdyp, häkim welaýatda ählihalk baýramçylygy bolan Hasyl toýuny guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senelere beslenen şu ýylda babadaýhanlaryň ajaýyp zähmet üstünliklerini gazanandyklaryny belledi we ýetilen belent sepgidi has-da berkitmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini, ekinlere agrotehniki kadalara laýyk ideg işleriniň öz wagtynda geçirilmeginiň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň medeni-durmuş ulgamynda amala aşyrylýan işleriň ýokary derejede bolmalydygyny belläp, ähli ulgamlarda tertip-düzgüniň berk berjaý edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy häkimden talap etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim hasabat berilýän döwürde welaýat boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hususan-da, sebitde senagat önümleriniň öndürilişinde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 125,6 göterim ösüşiň üpjün edilendigini, oba hojalyk pudagynda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary saýlap almak babatda zerur işleriň durmuşa geçirilendigi, sürüm işlerine girişmek üçin degişli taýýarlygyň görlendigini aýtdy. Welaýat boýunça 80 müň gektara bugdaý ekilip, häzirki döwürde oňa ideg etmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar, mallary gyşdan abat çykarmak üçin ýeterlik ot-iým ätiýaçlygy döredildi diýip, häkim hasabatynda belledi. Şeýle hem ol welaýatda gurluşygy alnyp barylýan binalary öz möhletinde we ýokary hilli gurup gutarmak boýunça zerur çäreleriň görülýändigini, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurluşyk işleriniň giňden ýaýbaňlandyrylandygyny, bu ýerde welaýatlaryň häkimliklerine, ministrliklere we pudaklaýyn edaralara täze sagaldyş-dynç alyş merkezlerini, myhmanhanalary gurmak üçin ýer parçalarynyň bölünip berlendigini we şol desgalaryň düýbüni tutmak işlerine girişilendigini habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatda ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň ýokary netije bermegini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini nygtamak bilen, ahyrky üstünlige gönüden-göni täsiri bolan degişli düzümleriň işiniň sazlaşykly guralmalydygyny berk tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň maldarçylyk pudagynda alnyp barylýan işlere degip geçmek bilen, mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy häzirki döwürde esasy mesele bolup durýar diýip belledi. Mundan hem başga döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäginde, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleri mydama gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew welaýatyň çäginde ýaýbaňlandyrylan işler, hususan-da, ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, häkim şu ýylyň on aýynda welaýatyň senagat kärhanalarynda geçen ýylyň degişli döwründäkiden 121,3 göterim ösüş gazanylandygyny, welaýat boýunça ýerli býujetiň girdejileriniň meýilnamasynyň 101,1 göterim, çykadajylar meýilnamasynyň 97,7 göterim ýerine ýetirilendigini hem-de býujetde göz öňünde tutulan çäreleriň doly maliýeleşdirilendigini habar berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýyl welaýat boýunça 180 müň gektar meýdana bugdaý ekildi. Şeýle hem häkim welaýatda maýa goýum serişdeleriniň doly özleşdirilendigini we bu babatda ýyllyk meýilnamanyň 109 göterim berjaý edilendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde her bir sebitde alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça ähli çäreleriň görülmelidigini belledi. Şeýle hem her bir raýatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, welaýaty mundan beýläk-de ösdürmekde amala aşyrylýan möhüm ähmiýetli işleriň ýokary netije bermegi üçin ýolbaşçy düzüminiň birleşen tagallasynyň zerurdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň depgininiň üzül-kesil güýçlendirilmelidigine ünsi çekip, obasenagat ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak barada zerur tagallalaryň durmuşa geçirilmegini häkimden talap etdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow sebitde şu ýylyň on aýynda durmuşa geçirilen işleriň netijeleri, hususan-da, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Şu ýyl welaýatda 175 müň gektara bugdaý ekildi, häzirki döwürde doly gögeriş gazanylan ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Şeýle hem häkim welaýatda maldarçylyk pudagynyň netijelliligini ýokarlandyrmak, mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny aýdyp, şu ýylyň dowamynda milli maksatnama laýyklykda birnäçe sport mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, saglyk öýleriniň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanmaga berlendigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz obalaryň we etrap merkezleriniň durkuny täzelemek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça alnyp barylýan işlere ýokary jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýratyn nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde ýeňillikli karzlaryň hasabyna ýaşaýyş jaýyny gurmak boýunça degişli çäreleriň görülmelidigine ünsi çekip, şol jaýlarda ähli durmuş amatlyklarynyň döredilmelidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýat mekrezlerinde bolşy ýaly, ähli etraplarda gyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça bellenilen maksatnamany üstünlikli ýerine ýetirmegi tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow welaýatda gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belläp, hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, häkim şu ýyl 200 müň gektara bugdaý ekilendigini we şol ýerden gallaçylaryň 380 müň tonna hasyl ýygnamagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Mallary gyş möwsüminden abat çykarmak üçin ot-iým taýýarlamak baradaky tabşyryk 108 göterim ýerine ýetirildi, bar bolan 900-e golaý kaşarlarda abatlaýyş işleri doly geçirildi. Şeýle hem häkim welaýat boýunça häzirki güne çenli 364 müň tonnadan gowrak pagta hasylynyň taýýarlanandygyny we ýygymyň dowam edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz “Mary welaýatyny senagat taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary hakyndaky” karardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň netijelliligini ýokarlandyrmak barada anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýylyň ahyryna çenli gurlup gutarmagy meýilleşdirilen desgalaryň öz möhletinde we ýokary hilli ulanmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek we ulag ýollarynyň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli ilaty üçin şanly sene bolan Hasyl toýuny guramaçylykly geçirmek babatda görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.

Mejlisde hasabat bilen çykyş eden welaýatlaryň häkimleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Hytaý Halk Respublikasyna bolan döwlet saparynyň üstünlikli tamamlanmagy hem-de milli Liderimize “Pekin uniwersitetiniň hormatly professory” diýen adyň dakylmagy, şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenýän Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutladylar we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlikler gazanmagyny arzuw etdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz giňişleýin mejlise gatnaşýan etraplaryň häkimlerine ýüzlenip, olaryň paýtagtymyzda gurulýan desgalaryň aýratynlyklary, hususan-da, muzeýler, sport toplumlary, seýilgähleri bilen içgin tanşyp durmaklarynyň zerurdygyny belledi. Çünki ýurdumyzda kabul edilen milli maksatnamanyň ýerlerde tapgurma-tapgyr hem-de üstünlikli durmuşa geçirmeginde bu çäreleriň möhüm ähmiýeti bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Mälim bolşy ýaly, biziň hemmämiziň baş maksadymyz oba ilaty üçin hemmetaraplaýyn amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekden ybaratdyr, munuň üçin paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giň möçberli özgertmeler maksatnamasy ýaýbaňlandyryldy diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Oba adamlarynyň mellek ýerlerinde ekin eker ýaly, mal saklar ýaly hem-de olaryň amatly ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek boýunça ähli mümkinçilikleriň döredilmelidigini aýratyn nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz munuň üçin ýurdumyzyň ähli ýerlerinde zerur bolan şertleriň bardygyny belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, etrap merkezlerinde we obalarda alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleriniň depginini ýokarlandyrmak, tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, dünýäde diňe halal zähmete gol beren adamlar, yhlasly zähmet çekýänler abraý eýesi bolýandyr, bu babatda siziň hemmäňiz özüňiziň halal zähmetiňiz, yhlasyňyz, Watanymyza, halkymyza bolan wepaňyz bilen görelde bolmalysyňyz, ata-babalarymyzyň pent edişi ýaly, hallalyk sarsmaz döwletliligiň, rysgal-berekediň düýp özenidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegi baradaky meseläniň üstünde durup geçip, Balkan welaýatynda “Bagt köşgüni” gurmak hakyndaky degişli Karara gol çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Nurmämmedow çykyş edip, ýurdumyzda pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň abraý bilen berjaý edilendigi we bugdaý ekişiniň üstünlikli tamamlanandygy mynasybetli hoş habary mälim etdi.

Mejlisde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen çagalar özleriniň joşgunly goşgy setirleri bilen hormatly Prezidentimizi mähriban ýurdumyzda pagtga taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň abraý bilen berjaý edilmegi we bugdaý ekişiniň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli hem-de Diýarymyzda şatlyk-şowhun bilen giňden bellenýän Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen bagtyýar çagalara gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de bu wakalaryň tutuş ýurdumyz we halkymyz üçin uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň edermen babadaýhanlarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly baýramymyzyň bellenýän ýylynda ajaýyp zähmet üstünliklerini gazanandyklaryny aýdyp, olar pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn bornamany abraý bilen berjaý etdiler we güýzlük bugdaý ekişini bellenen möhetlerde üstünlikli tamamladylar diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzyň edermen babadaýhanlaryny, ähli oba hojalyk işgärlerini gazanan ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlady we olara bagt, rowaçlyk, sahawatly topragymyzdan bol hasyl öndürip, daýhanlaryň hemişe abraý gazanyp, mundan beýläk-de belent sepgitlere ýetmeklerini arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylary we tutuş halkymyzy berekediň, bolçulygyň nyşany bolan Hasyl toýy bilen ýene bir ýola gutlady we olara berk jan saglyk, abadançylyk, egsilmez rysgal-döwlet, bereketli türkmen topragyndan bol hasyl öndürýän babadaýhanlarymyza bolsa, daýhançylyk däplerini ösdürip, uly üstünlikler gazanmagy, çekýän hala we yhlasly zähmetiniň hözirini görüp, hemişe asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny arzuw etdi we mejlise gatnaşyjylar bilen hoşlaşdy.