Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguzhan” köşkler toplumynda öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Türkmenistana gelen Estoniýa Respublikasynyň Premýer-ministri Andrus Ansipi kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Toomas Hendrik Ilwesiň salamyny we türkmen halkyna bagt we rowaçlyk baradaky aýdan arzuwlaryny gowşurdy.
Belent mertebeli myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistana gelip görmäge we ýurtda milli Lideriň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň netijelerine göz ýetirmäge dörän mümkinçilige örän şatdygyny aýtdy. Andrus Ansipiniň belleýşi ýaly, soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda amala aşyrylýan beýik işleriň netijelerine dünýä jemgyýetçiligi uly gyzyklanma bildirýär. Estoniýa Respublikasynyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýakynda bellenen 20 ýyllygynyň baýramçylygy bilen gutlady we tutuş türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk, ýurduň ähli başlangyçlarynda üstünlik arzuw etdi.
Milli Liderimiz belent mertebeli myhmana hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Estoniýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary, hususan-da, ýangyç-energetika toplumy, oba hojalyk, ulag, syýahatçylyk ulgamlary boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy we ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Myhman öz gezeginde Estoniýa Respublikasynyň özüniň parahatçylyk söýüjilik syýasaty we okgunly durmuş-ykdysady ösüşi bilen halkara abraýyna eýe bolan hem-de öz borjuna wepaly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň giň ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şeýle hem Andrus Ansip Estoniýanyň iri kärhanalary we dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan kompaniýalary geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda öz orunlaryny berkitmäge meýillidiklerini nygtady.
Söhbetdeşler duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklarynyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Aşgabatda hereket edýän Ýewropa Öýüniň çäklerinde Ýewropa Bileleşigi bilen ýygjam hyzmatdaşlyk etmekde oňyn tejribe toplandygyny belledi we bu ugurda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça maslahatlaryň we beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini aýtdy. Milli Liderimiz biziň ýurdumyzyň gämi gurluşygy boýunça uly tejribesi bolan Estoniýa bilen deňiz ulaglary we Internet ulgamlary babatda gatnaşyklary ýola goýmagyň maksada laýykdygyny, şeýle hem iki ýurduň söwda-ykdysady ugry boýunça hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge giň mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Estoniýa Respublikasynyň premýer-ministri Andrus Ansip iki ýurtlaryň halklarynyň özara gyzyklanmalaryna doly derejede jogap bolup durýan türkmen-eston hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliginiň bardygyny bellediler we onuň iki ýurduň bähbitleri esasynda mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ýaan Heýn gatnaşdy.
Taraplar gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň geljegini ara alyp maslahatlyşdylar. Duşuşykda türkmen-eston hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge, iki ýurtlaryň ministrlikleriň we pudak edaralyranyň arasynda uzak möhletleýin gatnaşyklary ýola goýmaga, şeýle hem Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň iri taslamalaryna we maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga bolan gyzyklanmalar beýan edildi. Energetika, ulag, syýahat we söwda ulgamlary özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar medeni-gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy dostlukly ýurduň hökümet baştutany bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny aýdyp, Premýer-ministre Türkmenistan bilen Estoniýanyň arasynda ýola goýulýan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrmak işinde üstünlik arzuw etdi.
Myhman hoşniýetli sözleri üçin özüniň hoşallygyny mälim edip, ykdysady taýdan okgunly ösýän Türkmenistany Estoniýa Respublikasynyň geljegi uly hyzmatdaşy hasaplaýandygyny aýtdy.
Duşuşygyň barşynda mertebeli myhman ýurduň döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, iri möçberli özgertmeler, şeýle hem Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli halkara taslamalary bilen tanyşdyryldy. Şunlukda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmenistanlylaryň durmuş derjesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş syýasatyna aýratyn ähmiýet berildi. Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň döwlet derejesinde durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady maksatnamalary, tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleri, şol sanda mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, sagaldyş we lukmançylyk merkezleriniň, sport desgalarynyň, amatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, ilatymyza hödürlenýän durmuş ýeňillikleri barada gürrüň berdi. Şeýle hem Estoniýanyň Premýer-ministri milli parlamentimiziň düzümi we onuň köp ugurly işi bilen tanyşdyryldy.
Estoniýa Respublikasynyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikler barada aýtmak bilen, Estoniýanyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen giň möçberli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Duşuşugyň barşynda ylym we maglumat-aragatnaşyk tilsimatlary, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, deňiz-derýa ulaglary pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi.
Şeýle hem söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň derwaýysdygyny nygtadylar. Andrus Ansipiň belleýşi ýaly, Estoniýa milli parlamentleriň deputatlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýär. Söhbetdeşler şonuň ýaly deňhukukly we özara bähbitli esasda ýola goýlan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Soňra Estoniýa Respublikasynyň Premýer-ministri Türkmenistanda saparda bolmagynyň maksatnamasynyň çäklerinde Gypjaga tarap ugur aldy. Mertebeli myhman ol ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hatyralady we aramgähe gül desselerini goýdy. Şondan soň, Andrus Anpis Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine aýlanyp gördi.
Şol gün estoniýaly myhman paýtagtymyzdaky garaşsyzlyk seýilgähinde bolup, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdy.
Şeýle hem jenap Andrus Ansip Türkmenistanyň Milli medeniýet merkezine bardy we ol ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanyşdy we hormatly myhmanlar üçin niýetlenen Kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Agşamlyk mertebeli myhmanyň hormatyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan agşamlyk nahar berildi.
Estoniýa Respublikasynyň premýer-ministri Andrus Ansipiň resmi sapary dowam edýär. Ertir estoniýaly myhman Aşgabadyň Dokma toplumyna, Türkmen halysynyň muzeýine, Türkmenistanyň Baş milli muzeýine, Türkmenistanyň Prezidentiniň Atçylyk sporty toplumyna barar we türkmen paýtagtynyň gözel ýerlerine aýlanyp görer.

* * *
“Oguzhan” köşkler toplumynda duşuşyk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasynda Türkmenistanyň we Estoniýa Respublikasynyň hökümet toparlarynyň arasynda gepleşik geçirildi. Onuň jemleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Estoniýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmalygyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakyndaky Konwensiýa, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Estoniýa Respublikasynyň Söwda-senagat edarasy arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Taraplar gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň geljegini ara alyp maslahatlyşdylar. Duşuşykda türkmen-eston hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge, iki ýurtlaryň ministrlikleriň we pudak edaralyranyň arasynda uzak möhletleýin gatnaşyklary ýola goýmaga, şeýle hem Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň iri taslamalaryna we maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga bolan gyzyklanmalar beýan edildi. Energetika, ulag, syýahat we söwda ulgamlary özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar medeni-gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
* * *
Şeýle hem şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A. Nurberdiýewa Estoniýa Respublikasynyň Premýer-ministri Andrus Ansipi kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy dostlukly ýurduň hökümet baştutany bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny aýdyp, Premýer-ministre Türkmenistan bilen Estoniýanyň arasynda ýola goýulýan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrmak işinde üstünlik arzuw etdi.
Myhman hoşniýetli sözleri üçin özüniň hoşallygyny mälim edip, ykdysady taýdan okgunly ösýän Türkmenistany Estoniýa Respublikasynyň geljegi uly hyzmatdaşy hasaplaýandygyny aýtdy.
Duşuşygyň barşynda mertebeli myhman ýurduň döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, iri möçberli özgertmeler, şeýle hem Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli halkara taslamalary bilen tanyşdyryldy. Şunlukda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmenistanlylaryň durmuş derjesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş syýasatyna aýratyn ähmiýet berildi. Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň döwlet derejesinde durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady maksatnamalary, tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleri, şol sanda mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, sagaldyş we lukmançylyk merkezleriniň, sport desgalarynyň, amatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, ilatymyza hödürlenýän durmuş ýeňillikleri barada gürrüň berdi. Şeýle hem Estoniýanyň Premýer-ministri milli parlamentimiziň düzümi we onuň köp ugurly işi bilen tanyşdyryldy.
Estoniýa Respublikasynyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikler barada aýtmak bilen, Estoniýanyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen giň möçberli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Duşuşugyň barşynda ylym we maglumat-aragatnaşyk tilsimatlary, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, deňiz-derýa ulaglary pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi.
Şeýle hem söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň derwaýysdygyny nygtadylar. Andrus Ansipiň belleýşi ýaly, Estoniýa milli parlamentleriň deputatlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýär. Söhbetdeşler şonuň ýaly deňhukukly we özara bähbitli esasda ýola goýlan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
* * *
Şeýle hem Estoniýa Respublikasynyň Premýer-ministri Andrus Ansip “Mizan” işewürlik merkezinde guralan türkmen-eston işewürlik forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.