Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada iş sapary bilen gelen BAE-niň daşary işler ministri şeýh Abdulla Bin-Zaýed Al-Nahaýýany kabul etdi.
Türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, ýokary wezipeli myhman Türkmenistanyň Baştutanyny ýakynda bellenilip geçilen Garaşsyzlygyň şanly 20 ýyllygy bilen gutlady we Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti şeýh Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýanyň mähirli salamyny gowşurdy. Ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna bagt, abadançylyk we ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini arzuw etdi. Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, BAE döwlet ösüşiniň ajaýyp, özboluşly nusgasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary wezipeli myhmana hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Birleşen Arap Emirlikleriniň jar edilmeginiň 40 ýyllyk milli baýramy bilen gutlady. Döwlet Baştutany arap dünýäsiniň ýurtlary, şol sanda Birleşen Arap Emirlikleri bilen gatnaşyklary giňeltmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar, biziň ýurdumyz garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, ählumumy bähbitleriň hatyrasyna giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny amala aşyrýar diýip belledi.
Hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen Türkmenistanyň Baştutany we myhman ähli ugurlar, ilkinji nobatda ýangyç-energetika, maýa goýumlary, şähergurluşyk, söwda, medeniýet we beýleki ugurlar boýunça okgunly ösýän döwletara gatnaşyklarynyň gazanylan derejesine ýokary baha berdiler. Özara pikire görä, däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmegine ikitaraplaýyn duşuşyklar, ozaly bilen ýokary derejedäki duşuşyklar aýratyn öwüşgin çaýýar. Olar depginli ösýän iki döwletiň eýe bolan ägirt uly mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga gönükdirilen netijeli gatnaşyklary üçin berk esaslary goýýar.
Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, BAE häzir Türkmenistanyň möhüm, strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Milli we halkara ähmiýetli, giň gerimli, bilelikdäki taslamalaryň onlarçasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli ykdysadyýeti berkitmek, durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň ägirt uly özgertmelerine gatnaşmaga arap dünýäsiniň artýan gyzyklanmasyny iki ýurduň maliýe we işewür toparlarynyň wekilleriniň yzygiderli geçirýän gepleşikleri hem tassyklaýar.
Duşuşygyň çäklerinde nygtalyşy ýaly, döwletara ganaşyklarynyň netijeli häsiýeti köp babatda Türkmenistanyň we BAE-niň ikitaraplaýyn we halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça özara düşünişmegini we garaýyşlarynyň ýakyndygyny kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we şeýh Abdulla bin Zaýed Al-Nahaýýan iki ýurduň geljekde hem uzakmöhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyga tarap ugry dowam etmäge, şeýle hem tutuş dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine bilelikde ýardam etmäge iki tarapyň hem isleginiň uludygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda dostlukly ýurduň daşary işler ministri BAE-niň türkmen Lideriniň öňe sürýän, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly döwletiň Baştutanyna özi üçin oňaýly wagtda Türkmenistana gelmek baradaky çakylygyny ýollady. Öz nobatynda BAE-niň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen Liderini Birleşen Arap Emirliklerine sapar bilen gelmäge çagyrdy. Saparlaryň möhletleri diplomatik ugurlar boýunça ylalaşylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we şeýh Abdulla bin Zaýed Al-Nahaýýan hoşlaşanlarynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygy tassyklap, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkejekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hassan Abdulla Al-Adab Al Zarouni gatnaşdy.
Duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösýän döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda düýpli pikir alşyldy. Taraplar türkmen-arap gatnaşyklarynyň okgunly häsiýetini, iki döwletiň hem parahatsöýüjilikli daşary syýasata ygrarlydygyny belläp, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-nyň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Türkmenistan we BAE iki ýurduň eýe bolan uly mümkinçiliklerini nazara almak bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekçidir diýlip bellenildi. Hususan-da, iki döwletiň wekilleri daşary syýasat ugry boýunça has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli maslahatlaşmalary geçirmek barada pikir aýtdylar.
Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki Topary döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar täze resminama laýyklykda döredilen düzümiň işleri özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigine, netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, däbe öwrülen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn berkitmäge we giňeltmäge gös-göni ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

* * *
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary işler ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al-Nahaýýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen gepleşikler geçirildi.