Ï Türkmenistanyň Kubogy ugrunda “Aşgabat” we HTTU bäsleşerler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda “Aşgabat” we HTTU bäsleşerler

view-icon 827
Şu gün Abadanda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda jemleýji ýaryş geçiriler. Ähmiýeti boýunça ikinji milli toparlaýyn baýrak ugrunda “Aşgabat” we HTTU bäsleşerler.

Jemleýji oýna tarap ýolda “Aşgabat” ilkibaşda paýtagtymyzyň “Altyn asyr” toparyny (1:1-öz meýdanynda we 2:1-myhmançylykda) ýeňdi, soňra bolsa ýarym finalda bäsdeşiniň meýdanynda geçiren pökgüsiniň netijesinde “Lebap” toparyny utmagy başardy. Türkmenabatda geçirilen birinji oýunda ýer eýeleri 2:1 hasabynda gazanylan üstünligi baýram etdiler. Jogap oýnunda bolsa “Aşgabat” topary 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň oýunçylary ¼ finalda Türkmenbaşynyň “Şagadamy” bilen duşuşdylar. Bu toparlaryň Aşgabatda geçirilen birinji oýny HTTU-nyň ýeňşi-2:1 hasaby bilen tamamlandy. Türkmenbaşyda geçirilen jogap oýnunda bolsa “Şagadam” topary edil şonuň ýaly hasap bilen ýeňmegi başardy. Oýundan soň geçirilen 11 metrlik urgulary bilen gazanylan ýeňşi HTTU-4:2 hasaby bilen toýlady.

“Merw” bilen ýarym final duşuşyklar hem Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijisi Ý.Hojagulyýewiň şägirtleri üçin ýeňil bolmady. Aşgabatda geçirilen birinji oýunda takyk urgy netijesinde maryly futbolçular 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Maryda geçirilen jogap oýnunda bolsa HTTU 2:1 hasaby bilen üstün çykmagy başardy we bäsdeşiniň meýdanynda derwezä salnan pökgüniň hasabyna finala çykdy.

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda geçiriljek final oýny milli ýaryşyň bürünç medalynyň eýesi “Aşgabat” üçin bu ýaryşlaryň 20 ýyllyk taryhynda ilkinji oýun, wise-çempion HTTU üçin bolsa üçünji oýun bolar. 2006-njy ýylda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň futbolçulary bu baýraga eýýäm mynasyp bolupdylar. Şonda aýgytlaýjy oýunda olar ýurdumyzyň alty gezek çempiony “Köpetdagy” 11 metrlik urgularynda 7:6 hasabynda (esasy we goşmaça wagtda-0:0) ýeňmegi başardylar.

2011-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Kubogynyň jemleýji oýnuna K.Seýidowyň ýolbaşçylygyndaky tejribeli eminler topary hyzmat eder. Ýaryşa Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýaryşlary geçirmek boýunça komitetiniň başlygy, ýurdumyzyň at gazanan türgenleşdirijisi J.Mahmudow gözegçilik eder.