“Olimp” sport mekdebinde dzýudo boýunça Türkmenistanyň ýaryşy ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyz Aşgabatdan wekilleriň 500-den gowragyny ýygnady. Bu ýerde üç günüň dowamynda ýetginjekleriň (16 ýaşdan uly bolmadyk), ýaşlaryň (19 ýaşdan uly bolmadyk) we ýigitleriň arasynda güýçlüler kesgitlenildi.
Iň uly ýaş toparynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary – Marydan M.Artykow we Aşgabatdan K.Populow (66 kg çenli), şol ýokary okuw mekdebiň mugallymy – Aşgabatdan A.Nurmuhamedow (73 kg çenli), S.Aýrapetýan (81 kg çenli), K.Nuryýew (90 kg çenli), Daşoguzdan Z.Madaminow (100 kg çenli) we Aşgabatdan Halkara derejeli sport ussady S.Hudaýberdiýew (100 kilogramdan gowrak) çempion boldylar.
Ýaryşyň jemleri boýunça “Grand Slam” we “Grand Prix” halkara bäsleşiklerine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary düzüldi. Şol bäsleşikler şu ýylyň dekabrynda Ýaponiýada we Hytaýda geçiriler. Olar geljek ýylyň tomsunda Londonda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna degişlilikde derejeli hasaplanýar.
Ýaponiýada we Hytaýda geçiriljek bäsleşiklere biziň zenanlar toparymyz hem taýýarlyk görýär. Olar şu günler Gökderede okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda bolýarlar.