Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Agusta Westland” kompaniýasynyň wekilini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Agusta Westland” kompaniýasynyň wekilini kabul etdi

view-icon 681
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belli “Agusta Westland” dikuçargurluşyk kompaniýasynyň halkara işewür gatnaşyklary bölüminiň ýolbaşçysy Jeffri Huny kabul etdi.

Wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen Liderine hoşallyk bildiren işewür halkara işewür toparlarynda görnükli we ygtybarly hyzmatdaşyň abraýyna eýe bolan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge kompaniýanyň uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, jenap Jeffri Hun häzir dünýäniň gözel şäherleriniň birine öwrülýän ak mermerli türkmen paýtagtynyň ajaýyp keşbine tüýs ýürekden haýran galandygyny beýan etdi.

Häzir Türkmenistan milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda, şeýle hem beýleki ulgamlarda iň gowy halkara tejribesini toplan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunda ulag toplumyny, aýratyn-da howa ulgamyny ösdürmäge, ýurduň howa flotunyň üstüni häzirki zaman tehnikalary bilen doldurmaga aýratyn üns berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet ösüşinde ileri tutulýan ugurlary nazara almak bilen möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Dikuçarlary gurmakda dünýäniň öňdebaryjylarynyň biri bolan “Agusta Westland” kompaniýasynyň uly mümkinçilikleri barada gürrüň bermek bilen, jenap Jeffri Hun bilelikdäki taslamalaryň ilerleýşi hakynda habar berdi, şeýle hem işewür hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek babatda täze tekliplerini beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylan teklipleri gyzyklanma bilen kabul edip, olaryň jikme-jik öwrenilmäge mynasypdygyny aýtdy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar we taslamalar netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri açýar, Türkmenistan geljekde hem döwrebap awiatehnikasyny satyn almak bilen öz howa ulgamynyň üstüni ýetirmegi göz öňünde tutýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Jenap Jeffri Hun hoşlaşanda kompaniýanyň ähli gazanylan ylalaşyklary üstünlikli amala aşyrmak we özara bähbitli hem-de netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.