Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Harada Tikahitony kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýaponiýanyň imperatory Akihitonyň salamyny we iki dostlukly ýurduň halklarynyň gyzyklanmalaryna jogap bolup durýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip aýdan sözlerini ýetirdi. Şeýle hem ilçi Ýaponiýada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýurda bolan saparynyň uly mähir bilen ýatlaýnylýandygyny we şol dostlukly saparyň türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegine kuwwatly itergi berendigini aýtdy. Şeýle hem ilçi pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna şu ýylyň martynda weýrançylykly ýer titremesinden soňky dikeldiş işlerinde Ýaponiýa beren doganlyk kömegi üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdy we Ýaponiýanyň halky kynçylykly pursatlarda doganlyk goluny uzadan Türkmenistany hemişe hoşallyk bilen ýatlaýar diýip belledi.
Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, imperatoryň maşgalasyna özüniň ýagşy arzuwlaryny aýtdy we Türkmenistanyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň biri bolan hem-de rowaçlygyň, ösüşiň, ýoly bilen ynamly gadam urýan Ýaponiýa bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Harada Tikahitony Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik edilip bellenmegi bilen gutlady we ikitaraplaýn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ýola goýulýan köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine gönükdirilen asylly işinde üstünlikler arzuw etdi.
Duşuşygyň barşynda deňhukukly we özara peýdaly esasda ýola goýulýan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň köp ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmala boldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň biri bolan Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Işjeň hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşini üpjün edýän ikitaraplaýyn gyzyklanmalary kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz we myhman ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon hem-de Ýapon-türkmen komitetleriniň işiniň, şeýle hem soňky ýyllarda ýygjam häsiýete eýe bolan dürli derejedäki duşuşyklaryň ähmiýetini aýratyn bellediler.
Bellenilişi ýaly, Ýaponiýanyň bilelikde birnäçe taslamalary durmuşa geçirýän dünýä belli “Itochu Corporation”, “Mitsubishi Corporation”, “Kawasaki Plant Systems Ltd”, “Sojitz Corporation” ýaly kompaniýalary geljegi uly we daşary ýurt maýasy üçin örän amatly şertler döredilen türkmen bazarynda öz orunlaryny giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýärler.
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň hyzmatdaşlyk babatda birek-birege işjeň gyzyklanma bildirmegi soňky ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ýokary ösüşlere eýe bolýan, şeýle hem ägirt uly serişedeler mümkinçiligi bolan iki dostlukly ýurduň milli ykdysadyýetleriniň özara kuwwatlanmagyny şertlendirýär. Söwda-ykdysady we ýangyç-energetika pudaklarynyň özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde öňe çykmagy we Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň bu ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns bermegi ýöne ýerden däldir. Iki dostlukly ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyny şertlendirýän gumanitar gatnaşyklary ösdürmek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar diýlip, duşuşykda bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde iki ýurdy diňe bir ykdysady hem-de durmuş ulgamdaky wezipeleriň bitewüligi däl, eýsem adamzadyň derwaýys meseleleriniň, ählumumy howpsuzlygyň wezipeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine gönükdirilen häzirki zamanyň esasy meseleleriň çözgüdine bolan çemeleşmeleriň umumylygy baglanyşdyrýar.
Şeýle hem duşuşykda geljek ýylda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek birnäçe möhüm baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk hakynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň çäklerinde döwletara gatnaşyklarynyň giň ugurly meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalaryň bolandygy üçin hoşallyk bildirip, ýapon diplomaty türkmen Liderini iki ýurduň milli bähbitleri we olaryň wagtyň synagyndan geçen hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan meýilleri nazarda tutulyp, ýola goýulýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirdi.
Biziň ýurdumyzda ýola goýlan asylly däbe görä, şol gün Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Harada Tikahito türkmen-ýapon dostlugynyň mizemezliginiň nyşany hökmünde paýtagtymyzdaky Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdy.
Soňra ýaponiýaly ilçi ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy senagat kärhanalaryň biri bolan paýtagtymyzdaky Dokma toplumyna baryp gördi. Ol ýerde ekologiýa taýdan arassa çig maldan öndürilýän bäsdeşlige ukyply harytlaryň önümçilik aýratynlyklary bilen tanyşdy. Jenap Harada Tikahito kärhanany uly gyzyklanma bilen synlap, Türkmenistanyň dünýä bazarynda ymykly orun eýelän dokma önümçiliginiň hiline we artykmaçlygyna ýokary baha berdi.