Ï HTTU – Türkmenistanyň Kubogynyň iki gezek eýesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

HTTU – Türkmenistanyň Kubogynyň iki gezek eýesi

view-icon 738
Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň futbolçylary ýurduň Kubogyny eýelediler. Bu üstünligi Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijisi Ýazguly Hojageldiýewiň terbiýeläp ýetişdirenleri şu gün milli birinjiligiň bürünç medalynyň eýesi “Aşgabat” toparyndan 4:2 hasabatynda üstün çykyp gazandylar.

Türkmenistanyň Kubogynyň 20 ýyllyk taryhynyň dowamynda futboluň meşhurlygyny mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, final oýny eýýäm bäşinji gezek paýtagtyň çäklerinden daşarda we ilkinji gezek Abadanda geçirilýär, şol ýerde aýgytly oýny guramaga ýokary jogapkärçilik bilen çemeleşdiler.

Hormatly baýragyň ykbaly eýýäm dördünji gezek 11 metrlik jerime urgular tapgyrynda çözüldi, çünki oýnuň esasy we goşmaça wagty ýeňijini ýüze çykarmady—hasap 0:0 bolmagynda galdy. Ýogsam, jerime urgular tapgyryna çenli toparlaryň ikisine hem ony özleriniň peýdasyna tamamlamaga mümkinçilik bardy. Şeýlelikde, oýnuň 23-nji minutynda “Aşgabadyň” ýarym goragçysy D.Durdyýew ýakyn aralykdan pökgüni derwezä salyp bilmedi. 36-njy minutda bolsa HHTU-nyň hüjümçisi A.Amanow garşydaşyň goragçylaryndan arany açan hem bolsa olaryň derwezeçisi B.Berdiýew onuň uran pökgüsini derwezä goýbermedi.

Türkmenistanyň ozalky çempiony HTTU-nyň artykmaçlygy jerime urgular tapgyrynyň ilkinji urgusynda ýüze çykdy, şonda talyplaryň goragçysy A.Ataýew pökgüni graşydaşyň derwezesine geçirdi, “Aşgabadyň” ýarym goragçysy S.Orazow bolsa garşydaşyň derwezeçisinden asgyn geldi. Soňra toparlar yzly-yzyna urgular etdiler. HTTU toparyndan H.Kömekow bilen H.Amanmämmedow, “Aşgabatdan” bolsa—E.Tagaýew we D.Urazow dagylar tapawutlandylar. “Şäherliler üçin dördünji urgy şowsuz boldy. Şonda HTTU-nyň ýarym goragçysy G.Hangeldiýew pökgüni takyk urdy, “Aşgabadyň” hüjümçisi B.Şamyradow bolsa garşydaş toparyň derwezeçisi R.Alyhanowyň goragyndan geçip bilmedi.

Netijede Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň topary öz taryhynda ikinji gezek ýurduň Kubogyny eýeledi. Ozal bu topar şeýle üstünligi 2006-njy ýylda gazanypdy, şonda hem jerime urgular tapgyrynda ýeňiş gazanypdy, şonda finalda 7:6 hasabynda Türkmenistanyň alty gezek çempiony Köpetdagy ýeňlişe sezewar edipdi. Oýnuň esasy we goşmaça wagty bolsa 0:0 hasabynda tamamlanypdy.