Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň 11 aýynda alyp baran işleriniň jemlerine, şeýle hem olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.
Döwlet Baştutany mejlisi açyp, bu ýere ýygnananlary ýetip gelýän şanly baýramçylyk—milli senenamamyzda mynasyp orny eýeleýän Bitaraplyk güni bilen gutlady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan öz üstüne alan hemişelik bitaraplygyň ýörelgelerine eýermek bilen, parahatçylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ýörelgelerine ygrarly bolup galýar. Munuň özi aýratyn goranyş häsiýetine eýe bolan harby doktrinada hem öz beýanyny tapdy. Ýakyn goňşular, şeýle hem hyzmatdaş döwletleriň ählisi bilen berkeýän gatnaşyklarymyz munuň aýdyň subutnamasydyr. Olar biziň ýurdumyzyň ählumumy howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny doly goldaýarlar.
Şol bir wagtyň özünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleri hakynda aýtmak bilen, Türkmenistan özygtyýarly döwlet hökmünde türkmen halkynyň asudalygynyň we döredijilikli durmuşynyň kepili bolup durýan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň söweşjeň ukyplylygyny saklamak barada alada etmelidir diýip belledi. Harby özgertmeler hem hut şu wezipä gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hasabatlaryny üns bilen diňledi. Olar ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hünärli harby işgärleri taýýarlamak, harby gullukçylar üçin zerur iş we durmuş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada hasabat berdiler.
Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen ilki Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew çykyş etdi. Ol milli Liderimiziň başyny başlan harby özgertmelerini ilerletmegiň barşy, şeýle hem ýurdumyzda türkmen halkynyň öňünde duran uly wezipeleri üstünlikli çözmegiň girewi bolan jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy saklamak boýunça görülýän çäreler hakynda habar berdi.
Ýurdumyzyň içinde oňaýly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy saklamakda Milli howpsuzlyk ministrliginiň möhüm orun eýeleýändigini belläp, milli Liderimiz Türkmenistanyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň möhüm şerti bolup durýan türkmen jemgyýetiniň asuda, döredijilikli durmuşynyň esaslaryny, onuň agzybirligini we jebisligini gyşarnyksyz berkitmegiň möhümdigini aýtdy.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow çykyş edip, özüniň ýolbaşjçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň 11 aýynda alyp baran işleriniň jemleri hem-de eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça wezipeleriň çäklerinde alnyp barylýan jogapkärli işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol hormatly Prezidentimiziň serhetçileriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak baradaky aladasy bilen, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz serhet gullugynyň öňünde durýan wezipeleriň gürrüňsiz wajypdygyny belläp, eziz Watanymyzyň goragçylary Garaşsyzlyk eýýamynyň gazananlarynyň goragynda berk durmak bilen öz harby borçlaryna çäksiz wepaly bolmalydyr diýip aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy A.Garaýewiň hasabaty diňlenildi. Ol özüniň ýolbaşçylyk edýän gullugynyň alyp barýan işleri hem-de neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy gönükdirilen anyk ädimler hakynda habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilýän işleri güýçlendirmegi, olary yzygiderli we netijeli alyp barmagy talap edip,
Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň, ony täze enjamlar we ýörite tehniki serişdeler bilen üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Degişli gulluklara wagyz-nesihat işlerini we öňüni alyş çärelerini giňden alyp barmak tabşyryldy. Döwlet Baştutanymyz özüne ynanylan gullukda tabynlygyndakylaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy A.Garaýewe berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri tiz wagtda düzetmegi tabşyrdy.
Soňra içeri işler ministri I.Mulikow çykyş etdi. Ol düzgün-tertibi berkitmek, düzgün bozmalaryň öňüni almak, şeýle hem ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, täze Galkynyş eýýamynyň belent maksatlary we wezipeleri bilen baglylykda IIM-niň edaralarynyň öňünde goýlan jogapkärli wezipeleri nazara almak bilen polisiýanyň işini gyşarnyksyz kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow B.Rejepowy işde göýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýol hereketi baradaky Türkmenistanyň kanunçylygyny halkara ölçeglerine laýyk getirmek maksady bilen, “Ýol hereketiniň kadalaryny tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi.
Mejlisde hasabat bilen çykyş etmek üçin goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa başy başlanan harby özgertmeleriň üstünlikli ilerleýşi hakynda habar berdi. Bu özgertmeler milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge we kämilleşdirmäge, hünärli harby işgärleri taýýarlamaga, şeýle hem harby gullukçylar üçin oňaýly iş we durmuş şertlerini döretmäge gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, degişli ugurda işleriň depginini artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi hem-de häzirki zaman harby şäherçeleriň we harby gullukçylar üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna gözegçiligi güýçlendirmegi talap etdi. Şunda goşunyň serkerdelerini, belli möhletli harby gullugyň esgerlerini hünär taýdan taýýarlamagyň ýokary derejesini üpjün etmek üçin zerur bolan çäreleri görmeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Soňra ýerine ýetirilen işler hakynda hasabat bilen Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradow çykyş etdi. Ol milli Liderimize döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunçylygy üpjün etmek boýunça prokuratura edaralarynyň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.
Adalatlylygyň we düzgün-tertibiň goragynda duran prokuratura edaralarynyň işgärleriniň ägirt uly jogapkärçiligi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eziz Watanymyza we halkymyza päk ýürekden gulluk etmäge taýýar ýaş, gujurly işgärleri taýýarlamak boýunça işleri güýçlendirmegi talap etdi.
Milli Liderimiziň başyny başlan hukuk özgertmelerini ilerletmegiň barşy, şeýle hem şu ýylyň başyndan bäri garamagyndaky düzümleriň geçiren işleriniň jemleri barada Ýokary kazyýetiň başlygy A.Hallyýew hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilýän işleriň möhümdigini belläp, kazyýet ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we kazyýetleriň çykarýan hökümleriniň kanunylygyna berk gözegçilik etmegiň möhümdigini aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň adalat ministri M.Garryýew çykyş edip, özüniň ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň alyp barýan işleri we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Geçirilýän hukuk özgertmeleriniň möhümdigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň kanunlaryna girizilen üýtgetmeleri we goşmaçalary ilata ýetirmegiň zerurdygyny belledi. Kanunçylyk binýadyny halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna gabat getirmek onuň möhüm ugry bolup durýar. Ilata hukuk meseleleri babatda kömek ilkinji nobatda raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişliginiň çäklerinde berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol milli Liderimiziň harby gullukçylar barada edýän aladasyna hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki gümrük postlarynyň birnäçesiniň täze binalarynyň ulanmaga tabşyrmaga taýýardygyny aýtdy.
Halkara söwdasyny we dünýäniň ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny belläp, döwlet Baştutany ýurdumyzyň çäklerinden geçýän, şol sanda üstaşyr geçirilýän ýüklere berk gözegçilik etmek boýunça zerur bolan çäreleri görmegi talap etdi. Türkmenistanyň çäklerinden geçýän ýükleriň ýylsaýyn artýan möçberleri munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şunda gümrük gullugynyň işgärleri wezipe borçlaryny ýerine ýetirende Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçýän adamlar babatda hoşmeýilli we myhmansöýer bolmalydyr, munuň özi ýurdumyzyň abraýynyň artmagyna hyzmat edýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolan halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda özüne ynanylan düzümde işleriň has netijeli bolmagyny üpjün etmek boýunça anyk ädimler hakynda habar berdi.
Dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde gullugyň işgärleriniň uly goşandyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz gullugyň ýolbaşçysyna ýaş hünärmenleri seçip almak meselesine jogapkärli çemeleşmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wezipeleri kesgitläp, Türkmenistanyň düýpli özgertmeler ýoly bilen öňe üstünlikli ilerlemegi üçin has amatly şertleri üpjün etmekde olaryň eýeleýän ornuny belledi.Şol özgertmeler biziň ýurdumyzy ösüşiň täze belent derejesine çykarar.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary döwlet Baştutanyna milli goşunymyzy berkitmäge berýän ägirt uly ünsi we harby gullukçylar barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz öňlerinde goýlan wezipeleri gyşarnyksyz we öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki meseleleriň hem birnäçesine garaldy, olar boýunça degişli kararlar kabul edildi.
Göçme mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk we türkmen halkynyň bagtly, abadan durmuşy üçin ata Watanymyzda asudalygy we parahatçylygy üpjün etmek boýunça alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.