Şu gün “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda 3-nji Umumymilli spartakiadanyň çäklerinde sport mekdepleriniň okuwçylarynyň arasyndaky ýaryşlaryň şäher tapgyrynyň dabaraly açylyşy boldy. Ol sportuň dürli görnüşleri boýunça “Türkmenistan—sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” diýen şygar astynda geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, ilatyň dürli gatlaklarynyň arasynda her ýylda ýaryşlary geçirmek başlangyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Döwlet Baştutany köpçülikleýin bedenterbiýe—sagaldyş hereketini we ýokary üstünlikler sportuny ösdürmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhum ugurlarynyň biri hökmünde yglan etdi. Bu ugur milletiň saglygyny berkitmäge, beden taýdan berk we ruhu taýdan baý ýaş nesli terbiýelemäge gönükdirilendir.
Dabara gatnaşyjylar baýramçylygyň başlanmagyna garaşyp durlar.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Spartakiada açyk diýlip yglan edilýär. Soňra joşgunly sazyň astynda paýtagtymyzyň sport mekdepleriniň okuwçylary sport akrobatikasynda, çeper gimnastikada we gündogar başa-baş göreşleriniň dürli görnüşlerinde öz ussatlygyny görkezdiler.
Umumymilli spartakiadanyň maksatnamasyndaky ýaryşlar ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketine we ýokary üstünlikler sportuny ösdürmäge täze itergi berer. Spartakiadanyň şäher tapgyrynyň ýaryşlary paýtagtymyzyň sport desgalarynyň 9-synda geçiriler. 16 sany sport mekdebiň okuwçylary sportuň 13 görnüşinde—erkin göreş we grek-rim göreşi, dzýudo, milli göreş, basketbol, woleýbol, tennis, gandbol, kiçi futbol, ýeňil atletika, stol üstünde oýnalýan tennis, küşt we şaşka boýunça baýraklar ugrunda bäsleşerler.
Şu gün dzýudo göreşiniň we kiçi futboluň ussatlary bäsleşige başladylar.
Sport mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilýän Spartakiadanyň şäher tapgyry 11-nji dekabrda tamamlanar.