Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Türksoý” guramasynyň Baş direktoryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Türksoý” guramasynyň Baş direktoryny kabul etdi

view-icon 790
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki halklaryň medeniýet we sungat guramasynyň (Türksoý) Baş direktory Dýusen Kaseinowy kabul etdi.

Işiniň köpdügine garamazdan wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Baştutanyna hoşallyk bildirmek bilen, sebitleýin guramanyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýakynda bellenilen şanly sene – döwlet Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy we ýetip gelýän Bitaraplyk güni bilen gutlap, ähli türkmenistanlylara iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Öz ygtyýarly ösüşiň ýolunda Türkmenistanyň ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny belläp, myhman şol üstünlikleriň müňýyllyklaryň dowamynda özboluşly, ajaýyp milli medeniýetini saklap gelen türkmen halkynyň baý ruhy däpleri netijesinde mümkin bolandygyny aýtdy. Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine bolsa tutuş dünýä bileleşigi üns berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara guramanyň ýolbaşçysyna ýüzlenip, medeni gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar, biziň ýurdumyz garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär diýip belledi.

Biziň doganlyk halklarymyzyň taryhy we ruhy kökleriniň, medeni däpleriniň, gymmatlyklarynyň umumydygyny belläp, milli Liderimiz Türkmenistanyň öz tarapyndan doganlyk halklary ýakynlaşdyrmaga, ýaşlary umumy baý mirasymyzy öwrenmäge çekmäge, dürli ugurlarda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen ähli başlangyçlara goldaw berjekdigini aýtdy.

Şu ýyllaryň içinde ýola goýlan, sebitiň halklarynyň köp asyrlyk dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň berk binýadynda guralýan hyzmatdaşlygyň netijelidigini kanagatlanmak bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “Türksoýyň” ýolbaşçysy türki dilli halklaryň umumy medeni gymmatlyklaryny öwenmek, aýawly saklamak we baýlaşdyrmak, olary dünýä tanatmak boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Myhman Türkmenistanyň Baştutanyna hyzmatdaşlygy guramaga düýpli çemeleşmesi we aýratyn-da geçen ýyl Stambulda bolan duşuşykda Aşgabatda halkara festiwalyny we maslahatyny geçirmek baradaky başlangyjy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şol çäreler şu ýylyň aprel aýynda ütünlikli durmuşa geçirilip, türkmen paýtagtynda ajaýyp dostluk baýraçylygyna öwrüldi.

Netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça anyk ädimleriň birnäçesini kesgitlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Dýusen Kaseinow bilelikdäki çäreleri yzygiderli geçirmegiň, olara türki dilli döwletleriň medenýet we sungat işgärlerini çekilmegiň möhümdigini bellediler. Bu çäreler aýdym-saz we teatr festiwallary, artistleriň bilelikdäki çykyşlaryny, konsertleri, şekillendirişi we amaly sungatyň sergilerini, bäsleşikleri, şanly senelere bagyşlanan dabaralary kitaplaryň we senennamalaryň bilelikde neşir edilmegi we beýlekileri öz içine alýar.

Türkmenistanyň Prezidenti we “Türksoýyň” baş direktory hoşlaşanlarynda sebitiň halklaryny birleşdirýän, umumy türk medeniýetini dünýäniň medeni giňişligine goşýan guramanyň çäklerinde geljekde hem üstünlikli hyzmatdaşlygyň ediljekdigine ynam bildirdiler.