Ï Uşunyň ussatlary berlin çempionatyna taýýarlanýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Uşunyň ussatlary berlin çempionatyna taýýarlanýarlar

view-icon 850
Paýtagtymyzyň „Serdar“ sport toplumynda ýaş türgenleriň arasynda uşu-taolu (söweşler) boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ahal, Daşoguz, Mary welaýatlaryndan we paýtagtymyz Aşgabat şäherinden 80-ne golaý türgenler Çempion adyny almaklyk üçin ýaryşa geldiler.

Topar boýunça birinji ýeri paýtagtyň sport mekdebiniň wekilleri eýelediler. Türkmenistanyň uşu boýunça federasiýasynyň başlygy Ýazmyrat Annamyradowyň terbiýelän türgenleri 11 sany ýeňiş gazandylar. Ikinji ornuň ykbalyny bir sany „Altyn“ medaly çözdi: Ahal welaýatynyň ýygyndy toparynyň uly tälimçisi Şirmyrat Berdiýewiň ýetişdiren türgenleri 10 gezek hormat münberiniň ýokary basgançagyna çykdylar.

Soňky ýyllarda welaýatlaryň uşu boýunça mekdepleri öz ussatlyklaryny ýokarlandyrýarlar, şol sanda Döwletgeldi Saparmyradowyň ýolbaşçylygyndaky Daşoguz welaýatynyň ýygyndy toparynyň wekilleriniň hem ussatlyk derejeleriniň ýokarlanýanlygy has aýdyň görünýär. Bu ýaryşda demirgazyk welaýatynyň türgenleri 7 gezek çempion bolup, umumy topar boýunça 3 orna mynasyp boldular.

Türkmen ussatlary uşu boýunça geçirilýän halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýarlar. Sportuň uşu görnüşi boýunça Berlinde geçiriljek açyk Çempionatyna Türkmenistanyň ýygyndy topary gatnaşar. Bu ýygyndy toparda ýurdumyzda geçirilen ýaryşyň netijeleri boýunça saýlanan ýaşlar we uly ýaşly türgenler jemlenen. Ýygyndy topar 12 sany türgenlerden düzülen.