Ï Eziz Watanymyzyň sport geljegi hakynda alada bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eziz Watanymyzyň sport geljegi hakynda alada bilen

view-icon 869
Şu gün Türkmenistanyň bitaraplygynyň 16 ýyllygynyň öň ýanynda Mary şäherinde 365 orunlyk täze sport mekdebiniň açylyş dabarasy boldy. Şäheriň “Güneş” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän mekdebi “Ojar Aziýa” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler.

Täze sport mekdebiniň açylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtda köpçülikleýin sporty ösdürmäge, bedeni berk we ruhy taýdan güýçli ýaş nesli kemala getirmäge, halkara derejeli türgenleri ýetişdirmäge ýokary derejede üns berýändiginiň aýdyň mysalydyr. Täze mekdepde türgenler we işjeň dynç alyşy gowy görýänler üçin dürli türgenleşik enjamlary oturdylypdyr, woleýbol, basketbol, stol üstündäki tennis oýunlary üçin ýörite abzallaşdyrylan jaýlar, ýüzülýän howuz we beýlekiler bar. Ähli jaýlar oňaýly howa derejesini üpjün edýän merkezi sowadyş we ýyladyş ulgamlary bilen üpjün edilendir.

Mekdebiň çäginde tennis, woleýbol, basketbol, kiçi futbol oýunlary üçin ýörite meýdançalary, ylgaw ýodajyklary bolan açyk sport şäherjigi ýerleşýär. Ähli beýleki desgalarda hem bolşy ýaly, mekdep binasynyň gurluşygynda häzirki zaman timarlaýyş materiallary we tehnologiýalary ulanylypdyr.

Aýdym-saz toparlarynyň we türgenleriň çykyşlary bilen utgaşyp giden açylyş dabarasyna welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, sport edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Bu waka mynasybetli, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.