Ýakynda Wilnýus şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda iki kümüş we bir sany bürünç medallaryna mynasyp bolan türkmen dzýudoçy gyzlary, 2012-nji ýylda geçiriljek Olimpiada gatnaşmak hukugyny almak üçin ýaryşa gatnaşarlar. Aşgabat şäheriniň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň wekilleri Margarita Filippowa, Gülbadam Babamyradowa we Gülnar Haýtbaýewa halkara kwalifikasion ýaryşyna gatnaşarlar.
Bu ýaryşlaryň biri Hytaýyň Çintau şäherinde 15-18 dekabr aralygynda geçiriler.
Gülbadam Babamyradowa Türkmenabadyň sport mekdebiniň dzýudoçylar toparynda sportuň bu görnüşi boýunça ilkinji ädimlerini etdi. Häzir ol halkara derejesindäki ussat bolmak bilen bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň üçünji ýyl talyby. Gülbadamyň ildeşi Gülnar Haýtbaýewa Litwada geçirilen dünýä çempionatynda baýrak alan „üçlügiň“ iň tejribelisi. Bu üstünlige şu ýylyň tomsunda Turkiýe döwletinde Ýewropanyň dzýudo kubogy üçin açyk ýaryşynda Gülnaryň mynasyp bolan bürünç medalyny hem goşup bolar. Margarita Filippowa barada aýdanymyzda ol iri halkara ýaryşlara üstünlikli gatnaşmak bilen çäklenmän, dzýodoistleriň kiçi ýaşly toparlaryny hem türgenleşdirýär.
Hytaýyň Çintau şäherinde geçiriljek halkara kwalifikasion ýaryşy baradaky gürrüňe dolananymyzda, Margarita Filippowa, Gülbadam Babamyradowa we Gülnar Haýtbaýewadan başga Zöhre Madraimowa, Ruşana Nurjabowa, Wioletta Şumilowa we 2010-njy ýylda ýaşlaryň arasynda geçirilen Birinji bütündünýä tomus Olimpiadasynda kümüş medalyna mynasyp bolan Jennet Geldibaýewa hem milli ýygyndy toparynyň düzümine girýarler.