Şu gün ýurdumyzyň dürli sebitlerinde nobatdaky täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Olaryň gurluşygynyň giň gerimi milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýatlary we tutuş ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan çalt depginlerde ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalary bilen şertlendirilendir.
"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde birbada birnäçe desganyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýedigine, döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda toplumlaýyn özgertmeleriň netijeli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.
Açylyş dabaralaryna welaýat, etrap we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçiligiň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.
Bu dabaralara gatnaşyjylar milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, medeni we durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi beýik özgertmeler zamanasynda türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak üçin ähli şertleri döredýän döwletimiziň özgertmeler syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň täze aýdyň mysaly bolup durýar diýip aýratyn nygtadylar.
Täze desgalaryň açylmagy mynasybetli, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakalary berildi.
Köneürgenç şäheriniň sport desgalarynyň üsti nobatdaky iri täze desga bilen ýetirildi. Şu gün bu ýerde baýramçylyk ýagdaýynda 365 orunlyk täze sport mekdebi ulanmaga berildi.
Täze desganyň açylyşynda ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürdi. Türgenleriň görkezme we höwesjeň artistleriň joşgunly çykyşlary baýramçylyga aýratyn öwüşgün çaýan watançylyk aýdymlary bilen utgaşyp gitdi.
Täze sport desgasy Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň 13-nji gurluşyk-gurmana müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Täze desganyň umumy meýdany dört gektara golaýdyr, onuň ýarysyndan gowragyny iki gatly bina eýeleýär. Şäheriň täze eýýamda gurlan beýleki iri desgalary bilen birlikde, bu sport mekdebi Ýagtylyk köçesiniň ugrunda ýerleşýär. Häzir bu ýerde dürli maksatly desgalaryň täze binagärlik toplumy döredilýär. Binanyň özboluşly bezegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Mekdebiň häzirki zaman sport enjamlary bilen üpjün edilen zallarynda we otaglarynda bir wagtyň özünde sportuň woleýbol, basketbol, tennis, gandbol, boks, gündogaryň başa-baş söweşi, dzýudo we beýleki görnüşleri bilen meşgullanyp bolýar hem-de hünärmenleriň ýolbaşçylygynda dürli türgenleşik enjamlarynda saglygyňy berkitmek , sagaldyş maşklary bilen meşgullanmak mümkindir. Şäherliler sport desgasynyň uly we kiçi suwda ýüzülýän howuzlaryna aýratyn şatlandylar. Bu howuzlar ýüzmegi öwredýän gurnagyň işini guramaga mümkinçilik berýär. Mekdebiň abadanlaşdyrylan çäginde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, şol sanda ylgaw ýodajykly futbol meýdançasy bar. Mekdepde dürli derejedäki ýaryşlary geçirmek üçin ähli zerur şertler döredildi, şol sanda lukmançylyk otagy, eminler üçin otag, esasy zallarda tomaşaçylar üçin münberler guruldy.
Bu desga tutuş toplumy öz içine alýar, şol ýerde dürli ýaryşlary ýokary derejede geçirip bolýar hem-de dürli sport we sagaldyş gurnaklarynda saglygyňy berkidip bolýar. Desganyň esasy bölegini futbol meýdançasy we ylgaw ýodajyklary bolan stadion eýeleýär. Onuň münberleriniň aşagyndaky otaglarda myhmanhana, lukmançylyk otagy, eminler üçin otag, ýuwunylýan otag, köp sanly edara otaglary ýerleşýär. Tennis, woleýbol, kiçi futbol, basketbol oýnamak üçin açyk meýdançalar bu ýere gelýänleriň hyzmatyndadyr. Topluma ýanaşyk ýerler abadanlaşdyryldy, agaç nahallary oturdyldy we häzirki zaman yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edildi. Bu ýerde golaýda ulanmaga berilen 365 orunlyk sport mekdebi bilen birlikde, täze sport desgasy etrapda sport we bedenterbiýe – sagaldyş işini hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer.
Täze desgalar Daşoguz welaýatynyň çägindäki döwrebap sport desgalarynyň sanawynyň üstüni ýetirdi. Diňe şu ýylyň dowamynda şeýle mekdepler we 10 müň orunlyk stadioanlary bolan sport toplumlary Daşoguz şäherinde we etraplaryň ählisinde öz gapylaryny giňden açdylar. Şunuň bilen birlikde sport desgalarynyň ulgamyny ösdürmek işi ýokary depginler bilen dowam etdirilýär. Hususan-da, şu günler olaryň gurluşygy Gurbansoltan eje adyndaky, S.Türkmenbaşy adyndaky etraplarda, Görogly etrabynda, şeýle hem welaýatyň iň ýaş Ruhubelent etrabynda alnyp barylýar. Häzir welaýatyň ähli etraplarynda diýen ýaly täze häzirki zaman stadionlary we sport mekdepleri bar. Şol bir wagtyň özünde olaryň käbirinde şu maksatly täze desgalaryň gurluşygy başlandy. Munuň özi ýakyn ýyllarda beýleki welaýatlar bilen birlikde Daşoguz welaýatynyň hem dürli derejedäki sport ýaryşlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirip biljekdigini aňladýar.
Şu gün täze ýylyň öň ýanynda Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň dolandyryş merkezinde S.A.Nyýazow adyndaky şäherçede 365 orunlyk häzirki zaman sport mekdebiniň dabaraly açylyşy boldy.
Döwlet baýdaklary, howa şarlary we lentalar bilen bezelen täze sport merkeziniň çäginde ir säherden baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Beýik özgertmeler eýýamynyň gazanan üstünliklerini wasp edýän sazlar we aýdymlar ýaňlandy, ýaş türgenler özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler.
Sport mekdebi täze eýýama mahsus bolan owadan binagärlik äheňinde, häzirki zaman timarlaýyş materiallaryny we tehnologiýalaryny ulanmak arkaly gurlupdyr. Ýerli hususy kärhananyň gurluşykçylary yhlasly zähmet çekdiler, olaryň iň gowularyna dabaranyň barşynda gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bu ýerde çagalara we ýaşlara sport ussatlygynyň we sportuň dürli görnüşleri boýunça köpçülikleýin bäsleşikleri geçirmek arkaly başlangyç endikleri öwretmek üçin ähli şertler döredilipdir. Merkezde sportuň oýnalýan görnüşleri boýunça uly zal, boks, göreş, agyr atletika, küşt we beýleki ugurlar boýunça türgenleşik okuwlaryny geçirmek üçin kiçi zallar, şeýle hem uly türgenleşik zaly bar. Olar zerur enjamlar, ýörite esbaplar we türgenleşik serişdeleri bilen üpjün edilipdir. Mekdepde türgenleşdirijiler üçin otaglar, lukmançylyk we durmuş otaglary ýerleşdirilipdir. Mekdep suw, ýylylyk we energiýa üpjünçiligi babatda özbaşdak awtonom ulgam bilen üpjün edilipdir. Bir söz bilen aýdylanda, ýaş türgenleriň sport ussatlygyny kämilleşdirmek üçin ähli şertler döredilipdir.
Mekdebiň çäklerinde açyk sport şäherçesi ýerleşýär. Sport şäherçesiniň ähli çäkleri abadanlaşdyrylypdyr, yşyklandyrylypdyr we bag agaçlary oturdylypdyr.
Şu ýyl, ýurdumyzyň ilaty tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň uly ruhubelentlik ýagdaýynda bellenilen ýylynda ýaş lebaplylaryň durmuşynda şeýle desgalaryň açylyş dabaralary az bolmady. Garaşsyzlyk etrabynda açylan sport mekdebi Watanymyzyň şöhratly ýubileýiniň ýylynda Amyderýa jülgesinde dabaraly ýagdaýda açylan sport mekdepleriniň hasap boýunça sekizinjisidir, öňde lebaplylara şeýle açylyş dabaralarynyň ýene köp sanlysy garaşýar. Häzir Lebap welaýatynda täze häzirki zaman sport mekdepleriniň ýene 9-synyň gurluşygy alnyp barylýar, ajaýyp sport toplumlarynyň ýene ikisi gurulýar, şolaryň hersiniň ýanynda 1,5 müň orunlyk stadion hem bar. Ýakyn geljekde welaýatyň dolandyryş merkezinde iň häzirki zaman ýapyk görnüşli suwda ýüzülýän howdanyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

DAŞOGUZ WELAÝATY

* * *
Şu gün S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda bir ýarym müň orunlyk stadionly uly sport toplumyny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Bu täze desga “Daşoguzgurluşyk” önümçilik birleşiginiň altynjy gurluşyk-gurmana müdirliginiň işçileri tarapyndan guruldy.
Bu desga tutuş toplumy öz içine alýar, şol ýerde dürli ýaryşlary ýokary derejede geçirip bolýar hem-de dürli sport we sagaldyş gurnaklarynda saglygyňy berkidip bolýar. Desganyň esasy bölegini futbol meýdançasy we ylgaw ýodajyklary bolan stadion eýeleýär. Onuň münberleriniň aşagyndaky otaglarda myhmanhana, lukmançylyk otagy, eminler üçin otag, ýuwunylýan otag, köp sanly edara otaglary ýerleşýär. Tennis, woleýbol, kiçi futbol, basketbol oýnamak üçin açyk meýdançalar bu ýere gelýänleriň hyzmatyndadyr. Topluma ýanaşyk ýerler abadanlaşdyryldy, agaç nahallary oturdyldy we häzirki zaman yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edildi. Bu ýerde golaýda ulanmaga berilen 365 orunlyk sport mekdebi bilen birlikde, täze sport desgasy etrapda sport we bedenterbiýe – sagaldyş işini hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer.
Täze desgalar Daşoguz welaýatynyň çägindäki döwrebap sport desgalarynyň sanawynyň üstüni ýetirdi. Diňe şu ýylyň dowamynda şeýle mekdepler we 10 müň orunlyk stadioanlary bolan sport toplumlary Daşoguz şäherinde we etraplaryň ählisinde öz gapylaryny giňden açdylar. Şunuň bilen birlikde sport desgalarynyň ulgamyny ösdürmek işi ýokary depginler bilen dowam etdirilýär. Hususan-da, şu günler olaryň gurluşygy Gurbansoltan eje adyndaky, S.Türkmenbaşy adyndaky etraplarda, Görogly etrabynda, şeýle hem welaýatyň iň ýaş Ruhubelent etrabynda alnyp barylýar. Häzir welaýatyň ähli etraplarynda diýen ýaly täze häzirki zaman stadionlary we sport mekdepleri bar. Şol bir wagtyň özünde olaryň käbirinde şu maksatly täze desgalaryň gurluşygy başlandy. Munuň özi ýakyn ýyllarda beýleki welaýatlar bilen birlikde Daşoguz welaýatynyň hem dürli derejedäki sport ýaryşlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirip biljekdigini aňladýar.
LEBAP WELAÝATY